Milli prozanyñ muşdaklaryna !!!

Gowgaly XIII asyr....
Eýýamlar ýapyp, eýýamlar açan şan-şöhratly türkmen halkynyñ döwletli döwranynyñ sowulyp, salpaýak mongol basybalyjylarynyñ halklara gan ýuwutdyran asyry. Hut şol asyryñ birinji çärýeginden tä XX asyryñ 91-nji ýylyna çenli, tas sekiz asyrlap (790 ýyl) türkmen halky başga ýurtlarda döwlet döredenem bolsa, öz topragynda özbaşdak we bitewi döwletsiz galdy. Bu ahy-nalalara eýlenen, gana çaýkalan agyr döwür dünýä edebiýatynda-da, türkmen edebiýatynda-da az şöhlelenmedi. Olardan Wasiliý Ýanyñ "Çingiz han", "Baty han", "Soñky deñze çenli" romanlaryny, "Jelaleddin" powestini, Grigol Abaşidzäniñ "Uzaga çeken tümlük", Ýawuz Bahaduroglynyñ "Hoş gal, Buhara", "Buhara ýanýar", Isaý Kalaşnikowyñ "Ýowuz asyr", meşhur türkmen ýazyjysy Esen Ataýewiñ "Zulmat tününde", "Jeñ tozy", romanlaryny görkezmek bolar. Ýokarda agzalan eserleriñ E.Ataýewiñkiden başgasy doganlyk edebiýatlaryñ ýazyjylarynyñ eserleridigine görä, henize çenli milli edebiýatymyzda XIII asyryñ taryhy şahsyýetleriniñ çeper-taryhy obrazy döredilmedi. Bu bolsa türkmen okyjylaryny Jelaleddin Meñburny ýaly milli gahrymanymyzy G.Abaşidzäniñ "Uzaga çeken tümlük", Muhammet Alaeddin Horezmşany W.Ýanyñ "Çingiz han" romanlarynda otrisatel tipde şöhlelenşi ýaly göz öñüne getirmäge mejbur edýär. Dogry, synanşyklar az däl. Aşyrmät Garlynyñ "Jelaleddin", Döwletmyrat Nuryýewiñ "Jelaleddin" poemalaryny, Hemra Şirowyñ "Jelaleddin" atly 2 bölümli drama-poemasyny... görkezmek bolar. Başga-da ýok däl. Ýöne bular häzirlikçe taryha ýañ salan bu şöhratly serkerdäniñ doly keşbini berip bilmeýär. Şeýle-de bolsa, munuñ şowly synanşygyny ilkinji bolup tanymal ýazyjy Annatagan Nurgeldiýew etdi. Mirasgär ýazyjy Annatagan Nurgeldiýew gysga we manyly ömründe türkmen edebiýatynyñ hazynasynda hemişelik galjak "Baýram Han", "Aba Serdar" ýaly romanlary, birnäçe hekaýadyr powestleri, taryhy makalalary yzynda miras galdyrdy. Ýazyjynyñ edebi hazynasyndan bir parça bolan we onuñ 2005-nji ýylda ýazan "Yşk şerbedi" atly Jelaleddin Meñburnynyñ dartgynly ömür ýolundan söhbet açýan taryhy hekaýasyny kitapcy.ml edebi-çeper sahypasy ertirki sanynda okyjylarynyñ dykgatyñyza ýetirer.
Çingiz hanyñ tümenbaşysy Subudaý batyr tarapyndan Jelaleddini zäherläp öldürmek üçin ýörite ugradylan ýaş türkmen gelini Melike tabşyrygy ýerine ýetirip bilermi? Zäher goşulan al şerap yşk şerbedine öwrüljekmi ýa-da ölüm meýine.. Dartgynly pursatlardan doly hekaýany okamak üçin:

Sahypamyza çagyrýarys !!!

www.kitapcy.ml

Edebiýat, wagt tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir