. 17.Diýmek, ýokarda aýudylanlary hasaba alsak bu ýyl okuwa para bermän girjek talyplaryň sany ep-esli köpeler.Ýöne okuwa girmek bilen baglanyşykly meseleler şunuň bilen gutarmaýar.Olar barada hem aýdyp geçsek meseläni doly çözmek üçin synanyşyk bolar.Lakamy Şeýtan diýen adamyň uly oglunyň jeneýatlaryny aýytdyk.Indi onuň ortanjy,Ýagny Tirkeş atly oglunuň etmişlerimi aýytsam siz içiňizi çekersiňiz çünki Tirkeş ýalan sözde, kezzapçylykda, arakhorlukda,parahorlukda atasyndan hem ötirdi.Munuň adyny aýydýanymyň bir sebäbi bar.Onuň özi men hiç kimden gokmaýan,seniň arzyňy diňlejek adam ýok.Gaýta arz edeniň üçin seniň öziň bela galarsyň,biziň ýurdymyzda dogry sözi aýytmak bolmaýar-diyip meni gorkuzjak boldy.Tirkeş etrap häkimine we daýhan birleşigiň ýolbaşçylaryna para berip üç mellegi näkänuny satyn aldy. Daýhan birleşige degişli tut plantasiýany ýoklap onuň ornuna ýaý we mal ýatak saldy.Sany 300-e golaý tut açajyna gerbisid sepip ony guratdy,soňra bu agaçlary goparyp zyňdy, soňra ýene para berip tut plantasiýany balansdan çykardy.Soňra ýene para berip ýarym gektar kärende ýeri satyn aldy we ýene para berip pagta üçin niýetlenen ýeri baga öwirdi.Haçan onuň oguly ýetip armiýa gitmeli bolanda Tirkeş we onuň aýaly para berip Seýran atly ogluny armiýadan alyp galdylar.Ony kesel diyip ýazdyrdylar emma onuň hiç keseli ýok,biz bu oglany gowy bilýäris. Oglany kesel diýip armiýadan alyp galmak biziň bu ýerimizde däp bolup galan.Gulluga çagyryş punktlary kim para berse 100.mln. manada täzeje armiýada gulluk etdi diyip möhür basylan harby biledi dabaraly gowşuryp otyr.Eger çyksa Tirkeş hem Seýran ogluna şunuň ýaly harby biledi aldy we Seýran armiýa gitmejek bolup ýene para berip daşary ýurda okuw diýip gaçyp gitdi.Ine gördiňizmi paranorlar hähili sypalakçy.Tirkeşiň özäm armiýadan para berip gaçyp galan adam.Biz bolsa Watanymyzy goramaly diýip ynanyp sowuk we aç ýurtlarda hem aç bolup hem sowuga gagşap gulluk etdik. Men watanymy gorap iki ýyl gezenime birjikde gynanmaýn.Men Tirkeş ýaly haramlaryň ýurtda köpligine we olarda watan düşünjesiniň ýoklugyna , watanyň başyna iş düşse olaryň duşman tarapda boljagyna gynanýan.Edil öz ýurdymda okuwa girip bilmeýşim ýaly armiada gulluk edibem şol döwiriň hökümetiden sag bol sözini eşitmedim.Meniň gulluk eden ýerim hemme ugur boýunça iň ýaramaz ýerlriň biridi.Gulluk etmäne baran ýigitleriň köpisi agyr şertlerden aňyny , saglygyny ýitirdi, öýine maýyp- müjrip bolup gaýytdy.35 gradus sowukde biz lom bilen ýer gazdyk.Biz aç bolup çörek sorasak bizi urdular.Biz öz-deňduşlarymyzdanam, özimizden uly gulluk edýänlerdenem,öz komandirlerimizdenem hem söginç eşitdik , hem taýak iýdik. Bize edilýän zorluklary aýytmana we bizi gorajak adam ýokdy. Biziň komandirlerimiziň aglabasy arakhor we küntidi.Açlykdan ýaňa biz kellämizi dikläp dogry seredip bilmedik, biz dyz boýy garyň üstinden iýmäne zat gözledik.Kartoşka gabyk,süýjiniň kagyzyny we başga zyňyndylary hapa haşal zyňylýan ýerden edil eýesiz it ýaly gözledik. Näme üçin watany goramakda hem deňlik ýok.Edil şu wagtam gullukdan pul berip gaçyp galyp ýörler,eger birden gulluga gitmeli bolsalaram gulluk etmek üçin amatly ýeri ýene para berip tapyp şol ýede gulluk edýärler.Biziň Daşoguz welatymyzyň ýigitleri esasan Aşgabatda we onuň töwereginde gulluk etmäni gowy görýärler.Aýdylan ýerde gulluk etmekleri üçin olar 15.mln.manat para berýärler.Olar Maryda we Lebapda,serhetde gulluk etmäne gokýarlar çünki serhetde bizi öldirerler öýüdýärler.Serediň gorkak türkmenlere.Bularyň hemmesi ejem ogly.Dünýäniň ýüzi kem-kemden bulaşýar, bularyň bolsa watanyny gorasy gelenok.Nähili masgaraçylyk.Bular öz haram derisini gaýgy edýärler.Hiý,olar düşünýärlermi,olaryň ýaşaýşynda ne tebigat bilen nede jemgyýet bilen sazlaşyk barmy.Beýle ýaramaz adamlaryň dünýä gelişine haýran we ýeriň olary göteip durşuna haýran. Eger men ýer bolsam bu haramlary şol sekundyň özinde ýagyrnymdan aýlap urup girdaba rowana ederdim.Eý,meniň çydamly halkym ,ýene çyda we sen bu haramlaryň ýer ýüzinden ýok bolup gidişini gör.Bu adamlarda hiç kime, hatda öz ýakynlaryna, haýwana, ynsa-jynsa,watana ,ýurda ,ile-güne, özüne hem rehim-şepagat ýok. Şeýle adamlara ynam edýän hökümet hem gaty ýalňyşýar,bu admlar ýurdy sähelçe zat üçin satarlar .Watany goramajak adamlary aýyl-saýyl etmeli we olary ýurduň ähli baýlygyndan mahrum etmeli. Watany goramajak ýigidi oikuwyndan ,işinden kowmaly olary dönük diyip türma basmaly.Ähli armiýadan gaçyp galanlary bolsa olaryň men kesel diýýänine we perzendiniň sanyna seretmän gulluk etdirmeli we biz türkmenler öz ýurdumuzy goramak üçin hemişe taýyn bolmaly we biz türkmenler haýsydyr bir basypalyjy ýurda boýun egmeli diýen sözi umuman ýatdan çykarmaly.Biz türkmenleriň dünýä üçin haky has uly.Taryha serstseň biz türkmenleiň daban basmadyk ýeri ýok.Dünýäniň ýüzünde bar bolan ýaşaýyş serideleriniň ählisini ilkibaşda biz gurduk we biziň guran we döreden zatlarymyzyň üstinde başga biriniň eýelik etmäne haky ýok, onsoňam olar hiç zadyň parhyna barmaýan adamlar.Meniň näme diýjek bolýanyma siz gowy düşünýän bolsaňyz gerek.Ullakan ýurdyň, ullakan halkyň uly maksatlary bolýar.Bu maksatlar öz-özinden gelmeýär we bu maksatlary çözmän hem goýup bolmaýar.Çözülmän galan maksatlar bütin ýurdy we halky agzyalalyga getirýär.Bilseňiz biziň türkmen halkymyz hemişede dünýä ähmiýetli meseleleri çözüp gelen we çözüp gelmegini dowam edýär.Meseläni çözmek üçin bolsa,sowat gerek,bilim gerek,paýhas gerek.Meniň bu aýydýanym häzirki döwürde mese-mälim göze dürtilip durandyr.Görşiňiz ýaly biziň ýurdymyz tehnika we tehnolgiýa taýdan yza galýar.Biz şu we ýenede käbir zatlary daşary ýurtlardan satyn almaly bolýarys.Bu ýagdaý bizi olara garaşly bolmana mejbur edýär.Munuň özi ylalaşyp bolmaýan ýagdaý. Bu ýagdaýyň uzak wagt dowam etmeginiň öňini almak gerek.Bu meseläni kim çözip biler.Elbetde diňe sowatly ýaşlar.Sowatly ýaşlaryň aglabasy bolsa para berip okamany we para berip biriniň elinde işlemäni özine kiçilik bilýärler.Olar ýada umuman okuwa girmezler girselerde namys edip işlemezler.Biziň ýurdymyzda häzir edil şu ýagdaý bolup dur. Bu hilli ýaşlaryň ornuny para berip okan we para berip iş alan ýaşlar eýelärler.Bu para beren ýaşlara bolsa parhy ýok,olarda watan düşünlesi ýok.Olar bir zady bilýärler.Beren parasyny yzyna gaýdyp almak.Olar watany ösdireýin,ony goraýyn ,halkymyň aladasyny edeýin diyip azara galmaýarlar.Olar parahor atasynyň pulunyň güýjine kem-kemden,käwagtlar bolsa birdenkä ýokary,döwlet ähmiýetli wezipäni eýeläp ýurdyň bütin ösüşini yza tesýärler.Ine şu ýagdaý hem biziň ýurdymyzyň oba hojalugynda bolup dur.Bu barada gürrüň etmezden ozal men ýene şu ýyl okuwa girmeli ýaşlaryň ýagdaýyna gaýdyp geljek we olara degerli kömek bermek isleýärin.Munuň üçin men şu ýyl okuwa girjek ýaşlardan para almak üçin synanyşjak adamlara ýagny paraholara şeýle diýmekçi.-Siz bu ýyl para alyp bilmersiňiz, biz munuň öňini aldyk.Para aljak bolup synanyşanlary tutmak üçin ýörite gulluk döretdik. Eger size para alyp ekzamenden geçirmek başardany bilenem bu gulluk okuwa şu ýyl girenleriň hemmesini ýene bir gezek barlagdan geçirp, eger para berip giren bolsa gözenege düşjegini aýytmakçy.Şonuň üçin ýaşlar öziňize haýpyňyz gelgin, para bermäň.Meniň bu aýydanlarymymy özara ýaýradyň we dilleşiň.-Talyplar para bermýär.Biz parahorlygy ýugrenýäris.Parasyz okuwa öňe diýen ýaly,ýüzlenmeleri öňe süriň.Içňizde para bereni bilýän bolsaňyz bu maglumaty internet arkaly bilim ministrligine ýazyň.Olar siziň maglumatyňyzy yzarlarlar. Şunuň ýalyda bu barada talyp.kom saýtynda hem çykyş etmek gerek.Indi bolsa biraz wagt biz oba hojalygy barada aýydarys.Bu ýerdäki gürrüň hem örän gyzykly boljagyny aýytmakçy.Kähalatda bu gürrüň dogrydan-dogry bilim bilen baglanyşykly bolar,çünki oba hojalygyny hem ösdimek üçin hem bilim gerek.Türkmenistanyň oba hojalygy barada aýdylanda onuň häzirki ministri Orazgeldiýew Esenmyrat barada ýazmasaň bu gürriňiň gyzykly boljagyna ynam ýok.Biz ýazyjylar bolsa okyjylara hyzmat edýäris.Okyjylar bolsa elbetde sowatly adamlar, ýogsa olar okarmydylar.Okan adam bolsa öz okan eserini başga birine hökman aýydar,şonuň üçin eseri birinji dünýä indrýän adam jogapkärli bolmaly.Eger siz Esenmyrady iň bolmanda ýüzleý bilmeseňiz onda nähili edip örän çylşyymly iş bolan obany bilersiňiz.Köpiňiz meniň ýazanlarymy okap aýdarsyňyz,bu ýazylanlar hakykatdanam ministr Orazgeldiýewiň etmeli işi emma näme üçin bu ministr oba hojalygyny şeýle gözgyny ýagdaýa düşürdikä, näme oňa bilimli adamlar ýetmedimikä ýada serişde tapylmadymyka diyip bu ministr barada bilmek islärsiňiz.Şonuň üçin men bu ministr barada öz bilýänlerimi size aýydaýyn we bilelikde biz ýene oba hojalyk baradaky düşünjelerimizi hem ösdireliň.Birinji gezek men bu adamy telewideniýede Nyýazowyň prezidentlik edýän döwrinde gördim.Nyýazow bu ministre obada işleri ýaramaz gurnaýandygy üçin igendi we bir-iki gezek igeneinden soň Orazgeldiýewi ministr wezipesinden boşadyp Daşogyzyň oba hojalyk institutynyň rektori edip goýdy.Häzirki prezidentimiz işe gelip ony Daşoguz welaýatynyň häkimi edip goýdy.Bäş ýyla golaý bu welaýatyň hakimi boldy we soňra ol Ahal welaýatynyň häkimi boldy we tizara prezident ony ýanyna oba hojalyk orunbasary edip alyp oňa uly ynam bildirdi.Görüp otursaň onda obany ösdirmek üçin tejribe bar ,emma ol näme üçindir obany ösdirip bilmedi.Gepiň gysgasy ol daýhanlaryň tamasyny ödemedi.Men bu sözi öz ýaşaýan daýhan birleşigimiň we eyrabymyň umumy ýagdaýyndan çelip çykyp aýydýan.Ýenede men ol barada aýydanymda il içindäki myş-myşlary hem size ýetirmeli bolýan.Siziň käbiriňiz aýytmagyňyz mümkin, myş-myşlarda esas bolmaýar.Bu sözi men dogry diýip hasaplaýan ýöne adamlar barada ýazylanda myş- myşlary giňden ulanýaryn çünki myş-myş ýalana ýakyn, şonuň üçin öziň barasda myş-myş ýaýradysa ondan gorkmak gerek däl sebäbi myş-myşa esaslanyp seni hiç kim sut etmez.Dogry myş-myş bolmazdy eger özüň baradaky maglumaty öziň ýaýratsaň.Gynansakda biziň ýurrdymyzyň habar beriş serişdeleri beýle mümkinçiligi biziň raýatlar üçin döretmändirler,ýöne ynha biziň üçin interenet bar we elbetde talyp.kom. Talyp. Koma şöhrat.Bu saýt dogry sözlemäni başardy.Emma prezidentiň orunbasarynda şeýle mümkinçilik bardyr öýüdýän we ol bir gezegem öziniň bu mümkinçiliginden peýdalanyp daýhanlar bilen öz etsem-petsemini paýlaşmady.Bu ýagdaý hem onuň üçin dogry.Diňe Orazgeldiýew däl eýsem bu häsiýet biziň ýurdumyzyň aglaba wezipeli ýolbaşçylaryna mahsus.Hälä ministr derejeli Orazgeldiýew diýersiň ýönekeý oba arçyny raýatlar bilen ýüzleşende tumşugyny asmana tutup,ýüzini turşardyp sözleşesi gelenok. Ýogsa olaryň borjy raýatlaryň arza-şikaýatlaryny diňlemek kyn ýagdaýa düşen adamlaryň aladasyny etmek,olara hökümet tarapyndan kömek etmek. Eger tutanýerli bolup olary özüň bilen sözleşmähe mejbur eden ýägdaýyňda hem olar her dürli hokgalar çykaryp özlerini hem akylly, hem iş bilermen nem halkyň aladasyny edýän edip görkezýärler. Emma seniň ýüz tutup duran meseläňi welin aňsat çözmeýärler.Adamlara ulumsylyk etmek,olaryň üstinden gülmek, kähalatlarda raýatlary kemsitmek, ýüz tutýanlary kowmak, sögmek biziň hökümet edaralarymyzda giňden ýaýran.Köp edaralarda seniň näme iş bilen geleniňi hem soramaýarlar, özünden ululara salam hem bermeýärler.Olara ýüz tutanyňda bolsa iň bolmanda olardan gorkan bolyp, olary sylan bolup, olara ýallaklan bolup ýüz tutmaly ýogsa seniň söziňi olar umuman diňlemezligi mümkin.Kähalatlarda bu hem azlyk edýär.Şeýle ýagdaýda sen ýüz tutýan adamyň bilen halys ýürekdeş bolmaly,onuň wajyp adamdygyny we muny ykrar edýändigiňi oňa bildirmeli,birden ol saňa bir ir iş bilen ýüz tutaýsa sen hem ony bitirmäne taýyndygyňy görkezmeli.Bu hilli adamlar özünden wezipesi pes adamlary umuman adam diyip hem hasaplamaýarlar. Emma olar özünden wezipesi uly adamlaryň öňünde welin Hudaýy hem ýatdan çykarýarlar. Bu wagt olar üçin işi düşen wezipeli adam,Hudaý.Aýratynam oba hojalygyna degişli arçynlyklarda tertipsizlik giňden ýaýran.Orazgeldiýew şu ýagday bilýarmikä.Ol oba hojalygyny ösdürjegi çyny bolsa elbetde arçynlygyň işini maksada laýyk gurnamalydygy öz-özünden belli.Emma meniň üns berişime görä meniň ýaşaýan ýerimiň arçynlygynyň işinde birjikde öňe gidişlik ýok.Diýmek,Orazgeldiýew oýun edýär.Orazgeldiýew özüne ynalynan wezipäni ýerine ýetirmek hyýaly ýok.Ol diňe wagt utmak bilen owarra.Eger ol hakykatdanam oba hojalygynda öňe gidişlik etjegi çyny bolsa arçynlyklara her dürli kümsük,samsyk,arakhor,ykmanda ,yalta, ukyçyl,köp iýýän,parahor,sowatsyü,ýalan hasabatlary berýän,küntiçilik edýän,ogry adamlara işi taşlap goýmazdy.Bu adamlar her gün özünden wezipesi ýokary adamlardan sögünç baryny eşidip işini telli-pelli edýän adamlar.Bu adamlar sögünje,käýinje şeýle bir öwrenişip gidipdirler welin indi olar eýle-beýle sögünjiňe işi öz ygtyýary bilen edesi gelmeýär.Eger olardan,näme üçin ýaramaz işleýäňiz diýip sorasaň olar özini aklamana derrew söz tapýarlar,olar;-biz işlejek, ýöne bizi mugt işledýärler,biziň hakymyzy bermeýär,bize aýlyk bermeýärler diýip bir görseň arçyny ,bir görseň başlygy,ýene bir görseň häkimligi aýyplaýarlar.Aýratynam,oba hojalygynda wezipe derejesi pes bolan topar ýolbaşçylary özleriniň aýlyksyz işleýändigini,arçynlygyň pes wezipeli hasaplaýjylary, kebşrleýjiler, remontçylar, garawullar hem aýlyksyz işleýändigini,olara degişli bolan bu pullary arçynyň,başlygyň, buhgalteriň öz kisesine urýandygyny aýydýarlar.Mundan daşary kagyzda ady bar ,emma işde ýok adamlaryňam adyna aýlyk ýazyp arçynlygyň ogurlyk edýänligini köp adam aýydýar.Öziňiz bilýäňiz,garrylyk üçin pensiýa çykylýanyny.Ynha şu pensiýa çykmakda arçynlygyň galp dokumentleri düzüp,pensiýa çykjaga kömek eden kişi bolup bir topar para-peşgeş alýanyny hemme bilýär.Bu pensiýa çykjagyň aljak pulundan hemme tamakin.Indi size düşnükli bolup ugrandyr.Arçynlygyň işgärleri ýeriň hilini gowylandyrmagyň hasabyna däl, ekinleri öz wagtynda ekmäniň hasabyna däl, imitiň,suwyň kadaly üpjinçilik ýagdaýyny döretmäniň hasabyna däl, daýhanlaryň agyr zähmetini tehnikanyň hasabyna ýeňil etmäne däl eýsem kümsüklik etmäniň hasabyna haram gazanç etjek bolýany hemmä düşnikli bolandyr.Orazgeldiýewiň bu ýagdaýdan habary barmy.Bytin Türkmenistan boýunça müňlerçe arçynlyk bar.Olarda işleýänleriň sany ýüz müňlerçe.Şunça adamyň kispuruşlyk etmegi oba hojalygyny ösdirer öýüdýänizmi.Mundan daşary daýhanlaryň arasynda ekerançylyk üçin çykdaýjynyň has köpeldimegi barada ters düşünje möwç urýar. Bu düşünjäni daýhan nireden aldy. Elbede arçynlykdan. Daýhan üçin çykdaýjy köpeldilse arçynlygyň ogurlajak pulunuň mukdary hem köpelýär.Ogry, arakhor arçynlyklar daýhan üçin niýetlenen pullary daýhana ýetirmän ýoda ogurlarlar.Orazgeldiýew bu hilli adamlar bilen nähili göreşerkä ýada göreşmezmikä. Eger çyksa göreşmez,çünki Orazgeldiýewiň göreşiji talantynyň bardygyna ynam az.Ol öziniň öňünde duran kyn ýagdaýdan gaharyň hasabyna çykjak bolar ýagny size gerek bolmasa maňada gerek däl diver.Men aýlygymyň hasabyna gün görariň onsoňam ömrimiň ahyryna ýetjek maýany ýygnadym diýerde ýalandan işlan kişi bolup telefondan çar tarapa gygyrar oturar ýadyna bolsa öz etmeli hususy işleri düşer.Emma Orazgeldiýew häläm bolsa tijenip ýanyna halal adamlary jemläp oba hojlygyny ösdirmäne synanyşsa gowy bolardy.Beýle etmek onuň özi üçin zerur.Bir zadyň ýagdaýyny anyk bileýin diýseň ol zadyň ýanyna ýakyn baryp görmek gerek. Arçynlyklaryň nähili işleýändigini bilmek kyn zat däl.Ýone öziňiz bilýäňiz,her näçe arçynlygy depgileseňde ol häzirki boluşyndan artykmaç gowylanyp bilmez, Şonuň üçin Orazgeldiýew özbaşdak oba hojalygyňy ösdirip biljek daýhanlar,maldarlar guramasyny döretmeli ýada iň bolmanda daýhanlary arçynlygyň düziminden çykarmaly.Häzir bolsa arçynlygyn jaýlary mal ýatakdan gowy däl.Nirä barsaň arçynlygyň jaýy köne, ýykyljak bolup duran tamlar, hapa hupadan doly içine girseň,ol ýerde işleýänler agzy bir gysym nasly adamlar.Emma telawideniýede selhozuniwersitetiň mugallymlary oba hojalygynyň bedew batly ösýändigi barada güwledip otylar.Bu mugallumlar bu aýydýan sözlerini nireden alýarlarka.Olaryň birmeňzeş sözleýänliginden ugur alsaň kimdir biri olara sahna çykmazdan ozal olaryň eline birmeňzeş ýazgyny berip;-Al,şu ýazylany oka diýýäne meňzeş,edil birinji synpda okaýan okywça mugallumuň öwredişi ýaly.Ýöne men ýagdaý şu ýazanym ýalydyr öýütmeýän,tersine bu mugallumlarda ösbaşdak hereket etmäne ukyp ýok.Olar ýalta we elbetde olarda degerli sowat hem yok, yogsa olar öz pikirlerini aýytmak üçin näme bolsada bir ýol oýlap tapardylar.Men olaryň üstinden biriniň çöwjäp;-bu hili sözleri aýytma diýip gadagan edýän adamyň bardygyna ynanmaýan.Men muny öz mysalymdan alýan.Meniň pikirimçe Orazgeldiýew işi şeýle gurnamalydy.Eýýäm ministr bolandan ol bir zady bilmelidi,ýagny biziň türkmen daýhanlarymyza sowadyň gerekdigine we ol bu ugurda köp işleri etmelidi.Emma ol bu ugurda hiç zat etmedi diýen ýaly. Biziň daýhanlarymyz häzir köne düşünjeler bilen işleýärler.Şolardan biri ekerançylygy bol suwyň hasabyna almak, ýagny köp suw harçlamak arkaly ýeriň hilini gowylandyrmak we suwy dökün hasabynda ulanmak,ikinji bir ýalňyş pikir bu ekerançylygy gymmatbaha dökünleri köp harçlamak arkaly yokary hasyl aljak bolmak.Häzirki döwürde bolsa daýhan bu ugurdan krizise gelip daýandy we krizisden çykmak üçin bolsa sowat gerek. Indi bolsa daýhanda hem sowat yok hem serişde ýok,ýagny bazar şertlerinde işlemäne ukup ýok.Uly işler üçin uly depginler gerek.Emma Orazgeldiýew eýýäm 15-20 ýylyp dowamynda oba hojalygynyň jogapkär adamy bolup işlesede düýipli işleri edip bilmedi.Bu ýullar içinde arçynlyklar öňkidende beter köp para almaklyga geçdi.Paranyň mukdary we göwrimi giňeldi.Bu ýyllar içinde kärendeçileriň özleri hem özini ekleýän kärende ýerini satmany öwrendi we 1ga pagta ýerini olar 40-50mln.manada satyp özleri ýersiz galýarlar.Olaryň kärende ýeriniň satmagynyň dürli bahanalary bar.Şolardan has giň ýaýrany bu öz kärende ýerini arçynlyk bilen gepleşip mellek ýeri üçin satyn almak.Bu ýagdaýda şeyle gepleşilýär.Eger kärendeçiniň 1ga pagta ýeri bar bolsa ol özine bir mellek ýerini mugt alyp galyp galan bölegini arçynyň ygtyýaryna berýär.Arçyn bolsa kime kanundan daşary ýer gerek bolsa ýeriň satylýan nyrhyny aýydýar.Bu baha häzirki döwürde 25-32 sotyk ýer üçin50-70mln. manat aralygynda bolýar.Has erjeller ýagny öňden näkanuny ýeri bar bolan adamlar hatda 100mln.manat para töläp ýer satyn alýarlar.Para bermediklere bolsa nirä baryp arz etselede olaryň dadyna ýetişjek adam ýok.Ynha saňa deňlik.Ýenede türkmen telewideniýesi deňhukuklylyk barada,ýnsan hukuklary barada agzyna çem gelen sözleri sammyldap otyr.Iň bolmanda şular ýaly , ýer satyp halky azdyrýan häkimleriň bardygyny,arçynlaryň hem bardygyny,olaryň ýeri öz halkyna satyp halkyň ata watanyndan göwnini sowadýandygyny aýydýan telewideniýe nirede.Ýa bu parahorlaryň daýhany öňkidende beter çökerip, olary aňsyz derejä ýetirmeginden türkmen telewideniýesine nep barmy.Ýa bu parahorlara ýurdy ynanyp şu parahorlar biziň daýanjymyz diýýärlermi.Belki bütiň Türkmenistanyň parahorlarynyň arasynda arabaglanyşyk bardyr.Olar biri-birini goldaýandyr.Ine ,gadyrdan talyplar size sorag.Okuwyňyzy gutaryp gelip siz hem para alarmysyňyz. Eger parahorluk bilen ýüzme-ýüz gelseňiz näme edersiňiz.Siziň hem parahorluk bilen düýüpli göreşip biljegiňize men ynanmaýaryn,ýöne sizden tama edýäriň.Eger siz şu okuw ýylynda para bermän okuwa girseňiz sizden tama etse bolar.Hiç haçan hiç ýerde hiç bir zat üçin para bermäň.Şonda siz öziňiziň adamçylyk derejäňiziň örän ýokarydygyna göz ýetiresiňiz.Orazgeldiýew bolsa bütin türkmenistan üçin tomaşa zatlary goýmana gatnaşdy.Ol ýerde işlemegiň ata-baba usulynam özleşdiip bilmedi ýada daşary ýurtlaryňam tejribesinäm girizip bilmedi.Munuň ornuna ol şu hilli hiç ýerde görülmedik ýerde işlemegiň düzgünlerini girizdi.Siz taryhdan we başga bilimlerden ruslaryň krepostnoý prawo sistemasyny bilýänsiňiz.Häzirki biziň oba hojalygymyzyň gurlyşy şol sistema meňzemeýärmi.Ruslaryň krepostnoý prawo sistemasynda ýer eýesi bolup döwlet tarapyndan ýer ynanylan pomeşik ýagny bizde arçyn bolup çykyş edýär.Pomeşik ýägny arçyn ýeri öz halaýan adamyna kärende görnişinde ýada başga bir islän görnüşinde öziniň jyny alyşýan adamyna ýada ýerden gowy hasyl alyp bilýän adama berýr.Ýöne özüňiz bilýäňiz köp adam öziniň dogabitdi gelip çykyşyndan biriniň göwnüne ýaraýyn diýmeýär,ýada aň taýdan pes bolup ýerden hasyl almany bilmeýär.Muňa onuň sowatsyzlygu hem goşulýar.Ýöne soňky döwürde mäm bolan adam hukuklary hemmäniň bir deň ýurduň baýlygyndan peýdalanmana hukuk berýär.Şu ýagdaýda Orazgeldiýew nähili hereket etmeli,Kärende ýer üçin hukugy bar bolan adamlar , ýenede mellek ýeri üçin hukugy bar bolan adamlar näme üçin ýerde işläp bilmän sergezdan bolup ýörler ýada biziň ýurdymyzdaky ynsan hukuklary düşünjesi daşary ýurtly sam-samlaryň ýalan sözünden alynan diyip düşünmelimi.Belki bu söz Orazgeldiýew üçin ýalan sözdir.Ony adam hukulary umuman gyzyklandyrýan däldir.Ondan şu baradaky düşünjerini kim sorap biler.Şeýlelik bilen biz ýurdymyzyň oba hojalygynyň gurluşyny ruslaryň krepostnoý sistemasyna meňzeş diýdik Şonuň üçin biziň hökümetimiz bu ýagdaýy nazara alyp bu hakykata meňzeýärmi, eger meňzeýän bolsa onda bu sistemadan ýüz döndermek gerek çünki biziň üçin ynsan hukuklary hemme zatdan wajyp.Birinjiden kärende sistemasyny ýok etmeli.Bu sistemanyň düzedip bolunmajak birnäçe kemçiligi bar.Şolardan biri ýer almak üçin para bermeli,Para berenler ýerli bolýar,para bermedikler ýersiz.Bu ýagdaý ynsan hukuklaryna dogry gelmeýär.Ikinjiden,köp kärendeçiler ýerde işlemegiň usulyny bilmeýärler we ýeri zaýalaýarlar.Olar diňe ýer eýeläp otyryberýärler,emma ne özüne nede döwlete girdeýji girizmeýärler.Üçinjiden pully adamlar ýeri köp mukdarda kärende ýeri satyn alyp daýhanlar arasynda ýer ýetmezçiligini döredýärler,bu öz gezeginde obada işsizligi getirip çykarýar.Işsizlik bolsa ýene ynsan hukuklary bilen bagly.Dördinjiden ,öň aýdyşym ýaly parahorlarda watançylyk duýgusy bolmaýar,para berip ýer alanlar ýerden önderen hasylyny döwlete tabşyrman eýsem öz hususy öýüne äkidýärler,bu önümleri özbaşdak satyp hökümete hem girdeýji gerekdigini hasaba almaýarlar we köp halatda pagtany mala iýdirýärler ,bugdaýy bolsa öýüne basýarlar.Soňky döwürde ýer bilen baglanyşykly täze jenaýatlar döredi.Şolardan has ýaýrany bu kärende ýerini para berip baga öwürmek we bagy goraýan diyip içine jaý salyp oturmak, ýagny hususy mülke öwürmek,bag üçin niýetlenen ýere hususy ekinleri ekip almak.Ýene bir giňden ýaýran jenaýat bu pagta we bugdaý kärende ýerä 1ga ýere 5mln. manat para hususy ekin ekip almak.Şu ýerde bir tomaşa ýagdaýy size aýydaýyn.Şu ýyl pagta ekiş döwründe Aşgabatdan barlagçy gelýär diýen gep ýaýrady. Ynha pagtany ekip ýörkäk tozan turuzyp 3-4 sany djip maşynlar göründi.Olar sport maşynlary ýaly bolup güww edip gelip biziň ýanymyzda togtadylar.Maşynlar togtany şol gara geýimli adam maşyndan düşüp bükilip uçguryny tutup gapdala ylgady we uzak gitmän ýere oturyp siýmäne başlady.Seretsek bu adam welýat häkimi Baýramgulyýew ekeni.Ol siýip bolup hiç zada seretmän ýene maşynyna mündi.Onuň ýanynda harby geýimli biri maşyndan düşüp depderine bir zatlar ýazan boldy.Biz kärendeçiler üç-dört adam bolup şu ýerde durdyk we bu gelenler biz kärendeçiler bilen salamlaşmadylar hem biziň iş ýagdaýlarymyz bilen gyzyklanmadylar hem eger çyksa olar bu wagt oturyşma gyssanýan bolsalar gerek çünki Aşgabatdan gelen barlagçylaryň köpisi Aşgabatda açlyk ýaly Daşoguza gelip goş gurnaýarlar.Orazgeldiýewiň bu bolup geçýan ýagdaýlardan habary barmy.

Bilim, beyik yazyjy tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir