"Meni"

Arzymy aýdaýyn Merjen gyz saña
Gara gözleñ bilen söýdürdiñ meni
Ýürek doly aýtjak sözlerim saña
Aýtmankam bagladyñ özüñe meni.

Şondan bäri gaçdy sabyr-takatym
Göz öñümde janlanyp dur syratyñ
Şol gün ýylgyrjyrap sereden wagtyñ
Erkim alyp däli eýlediñ meni.

Ýürek duýgym saña açmak isledim
Utanyp özüñe aýda bilmedim
Ynha oka, kagyz ýüzün bezedim
Bir bakyşda akyldan goýdyñ meni.

Arzuw etýän eliñ elimde görsem
Saçyñ ysgap goýnuñda uklap galsam
Bally dodagyñdan bir posa alsam
Şeýle arzuwlara atardyñ meni.

Bu gün saña Kakajan arzyn ýazdy
Saña aýda bilmän utanyp gezdi
Meñ aýtjak bolýanym ýekeje sözdi
Şol sözüm kabul et, begendir meni.

©Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir