15.Men onuň eden etmişlerini hökümet edaralaryna arz etmegimiň mümkindigini aýydanymdada ol tisginmedi we men onuň bilen gatnaşygy goýmaly boldum. Indi bolsa ol menden gaçyp ýör, eger çyksa ol meniň ýenede onuň etmişlerini ýüzüne basmagymdan gorkýar emma näkanuny girdeýjileri almagyny dowam edýär.Menden on ýaş çemesinde uly ýene bir tanyşym bar.Bu adam baradaky gürrüň hemmesinden gyzykly bolsa gerek.Bir wagtlar bu adam zordan çöregini tapyp oturan hojalykdy. Ýöne ynha çagalary ýetdi welin onuň hojalygy gurplanyp ugrady. Eger çyksa ol girdeýjili garyndaşlyk açmany başardy. Häzirki gürrüň onuň öz agzyndan ýazylan.-Men iki oglumy birbada öýermeli boldum,birini şäherden biri öz obamdan. Haçan men şäherli bilen guda bolmaly bolanymda men ony aldadym,ýagny gyz ýçin tölenilýän süýt hakyny peseldip aýytdym. Şäherli gudam şol wagt mana ynandy we beren süýüt hakyma gyzy gelin edip berdi. Wagt geçdi.Geliniň ikinji çagasy boldy.Şäherli gudam gezmäne geldi. Ol meniň öýümde iki-üç gün myhmançylykda boldy we bu wagt aralygynda ol öz obamdan bolan gudam bilen tanyşypdyr.Gep aralygynda olar meniň gürriňimi edipdirler we meniň gyzlar üçin tölän süýüt hakymyň üstünden barypdyrlar.Şonda meniň şäherli gudam özüne pes süýüt hakynyň tölenendigini bilipdir we bu ahwaly aýytmak üçin meniň ýanyma gyssanypdyr.Haçan ol meniň bu eden işimi meniň özüme aýdanda meniň gaharym geldi we men oňa;- Tur, ýok bol şu öýden diyip gygyrdym.Meniň bu gykykygyma şäherli gudam ýerinden turdy we gyzynyň otagyna girdi.Ataly gyz ikisi bir zatlary maslahat etdiler we ýarým sagatdan şäherli gudamyň gyzy geýinikli atasy bilen otagdan çykdy. Eger çyksa ol atasyna gygyranym üçin menden öýkeledi.Bu wagt meniň gaharymyň gelip duran wagtydy we men gelnimi öýi taşlap gitmekden togtatmadym.Ataly gyz bizden öýkeli halda jaýdan çykdylar we gijaniň içinde ýok bodular.Ýarym sagat geçip men özüme geldim we gidip barýan gelnimi yzyna gaýtaryp getirmek isledim. Men olar entek şähere baryp ýeten däldir diýip olaryň yzyndan maşynly kowdum.Men olary gijäniň içinde pyýada hereketlenýändir öýütdim emme olar pyýada biziň obamyzdan çykyp goňşy obada öz garyndaşlarynyňka gijäni şol ýerde geçimek üçin barypdyrlar.Şeýdip men olary tapmadym.Soňra bolsa meniň olara ýüz tutasym gelmedi.Bir hepdeden gelnim zatlaryny alyp gitmek üçin öýe geldi.Emýän çagasyny taşlap gideni üçin onuň emjekleri çişip gidipdir.Ol çagasyny iň soňky gezek emdirdi we bizi taşlap gidip galdy.Ine şu aýaly giden oguly ikinji gezek öýlendi we ikinji aýalynyň yzyna düşüp şähere gitdi.Bu oglan baran ýerinde oňuşup galdy we tizara şäheriň iň girdeýjili gurluşyk zatlaryny satýan dükana işe girdi we az wagt geçip ol şu dykanyň müdiri boldy. Şundan soň bu hojalyk gurplanyp ugrady.Ilki bilen ady tutulan bu söwdägär ýigit şäherden iki gat jaýlardan pul töläp jaý satyn aldy.Men bu ýigidi şeýle ýagdaýda gördüm.Bu ýigit ullakan şaýoly gyzyl çyra ýanyp durka kesip geçdi.Onuň bu eden işini köp adam gördi.Eger çyksa ýol poliseýi hem onuň gyzyl gyrada geçýänini gördi emma hiç zat diýmedi.Munuň özi bu ýigidiň eýýäm adamlaryň agzyny gapmana pul jemläp ýetişendigini ,tetip-düzgini, adamlary äsgermezçilik etmäne ýeterlik uýatsyzlyk edinendigini görkezýär.Bu ýigit atasynyň hakyky oguly.Onuň atasy bolsa meniň ýanymda oturyp,agzyna bir gysym nas atyp Magtymgulynyň nas atmagyň ýaman işdigini aýydýan goşgusyny aýytdy.Munuň özi adamlaryň bilimli bolanyndan netije ýok,olaryň bu bilimlere dogry düşünip ony ýerine ýetirmek ukybynyň bolmalydygynyň zerurdygyny görkezýär.Edil oguly ýaly atasy hem uýatsyz,atasy ýaly oguly hem uýatsyz. Onuň atasy meniň ýanymda şu sözi hem aýytdy;-Meniň ýadyma diňe içi doly käse düşýär.Ol häläm çanak ýada legen diýmedi,şuňada şükür etmeli.Onuň näme diýýänine siz düşindiňizmi.Käse bu onuň nebisi. Içindäki arak bolsa onuň haram düşünsesi.Ine şu haramyň agtygy häzir türkmen döwlet uniwersitetinde talyp bolup okap ýör.Eger çyksa ol il içindäki myş-myşa görä köne pul hasabynda bu uniwersitete 750.million manat para berip okuwa girdi we okaýan wagty hem para bermegini dowam edýär .Bu söz hem onuň maşgalasynyň sözi. Bujagaz etmişleri häzirki döwürde köp adam edýär we biziň halkymyz şeýle etmişlere öwrenişip gidipdir.Gürrüň has hem gyzykly bolmagyny dowam eder.Meniň aýydan bu adamym diňe bir-iki ýere para berip çäklenendir öýüdýäňizmi .Ýok.Ol öňünden çykan islendik adama para bermäne taýyn diňe onuň beren parasy onuň özine birnäçe esse bolup gaýytsa bolany.Bu adam örän şeýtan,ol birbada iki pikiri ýöredýär ,ol öziniň haram işleri etmeli däldigini hem aýydýar we şol bir wagtyň özünde haram işleri hem edýär. Ol öz syryny maňa hormat goýup aýdanok. Men oňa dogry sözi aýytdym,seniň uniwersitetde okaýan agtygyň bilen meseleler ýüze çykmagy mümkin diyip. Ol görseňiz bilimiň üstünden gülýär. Ol okuw okanok.Ol okuw arkaly öz etmişlerini beýgeltjek bolýar.Haçan onuň agtygy uniwersiteti gutaryp gelse onuň aýytjak sözi bar.-Eliňizden näme geldi.Siz maňa haram diýdiňiz. Meniň haramlygymy ýurdyň iň abraýly okuw jaýy goldady.Eger men haram we jenaýat iş eden bolsam mejbury etdim.Ýokary okuw jaýlary menden ýokarda durýar.Eger olar para soramadyk bolsa men para berermidim.Bu adamyň okan ýeri ýok.Ýöne ol şunça şeýtançylygy nireden öwrendi.Ýene onuň gürrüňi;-Entek Soýuz dargamanka arzan tüwi gözläp garagalpaga gitdik, üç bolup.Birimiz sakgally, ýaşuly adam.Baran ýerimiz bizi sylap öňimize nahar goýdy, arak goýdy.Sakgallymyz namaz okýan adam. Ol hem buze goşulyp arak içdi. Bu öýde bir garry garagalpak bar ekeni. Ol biziň arak içýänimizi görüp bizden saýlanyp hol aňyrda oturdy.Gije ýatyp daňdan oýandyk. Sakgallymyz namaz okamana başlady.Onuň bu edýän işini garry garagalpak geň gördi.Ol;-Toba, estagpyrylla, hem arak içip hem namaz okalýanyny sizden gördük-diýdi.Şeýlelikde biz bu adamyň ýenede iki sany ogluny para berip demir ýol edarasyna işe girizendigini, iki sany ýeňil maşyn satyn alyp bu maşynlar üçin sürijilik şahadatnamasyny hem para berip alandyklaryny aýdyp indiki adama geçýäris.Biziň indiki gürrüňini etjek adamymyz şu yerde ady tutulan, namaz okap arak içen sakgally adam bolar.Bu adam Şeýtan lakamyny irte alan adam.Bu adam baradaky çürrüňler has hem gyzykly. Biziň bu adam barada sözimiz öňki we indiki adamlarlar baradaky aýytjak sözimizden ep-esli tapawut berer çünki bu adamayň häsiýetinde başga bir ýaramaz häsiýet öňe saýlanyp çykýar.Bu küntiçilik.Bu adam häzir ýok adam. Emma onuň il içinde aýydan sözlerinden we eden ýaramaz işlerinden köp adam görelde alyp galan. Onuň ýaramaz häsiýetleri ogullaryna geçdi.Bu adam ogullaryna şeýle maslahat bererdi;-Aýallaryňyzy hemişe uruň. Olaryň gözleri taýak iýip aglamakdan hemişe boklaşyp durmalydyr.Onuň bu sözini ogullary ýerde goýmadylar,onuň ogullary aýallaryny öler ýaly işletmekde, olary köne-küşül geýindirmekde,aç-hor saklamakda, aýallary süteme we kemsidýän ýerlere göýbermekde ýakasyny tanadan adamlar.Bu adam ogullarynyň üsti bilen öýüne gelen gelnileri hem özlerine meňzeş azgyn edip bildiler.Bu adam jenaýatyň köp görnişini etsede jezasyz sypan adam.Bu adam barada her dürli myş- myşlar ýaýran.Bir gezek bu adam öz ülpeti bilen arakdan doýup ikisi biri-birini gujaklap ikimiz dogan bolaly,men ölsem sen göm,sen ölseň men gömeýin diýip köçede görese bolup aglandyklaryny gören adamlar bu ikisiniň üstinden hemişe gülüp ýatlaýarlar. Bu adam meni hem bir gezek örän gowy düşürdi.Men ol wagt sekizinji klasda okaýan wagtymdy. Onuň biziň bilen deň oguly bardy.Biz onuň oguly bilen oýnap ýörkäk bu adam bizi tutup aldy.Ol bize;-men şu gije meýdandan ot almakçy. Eger siz maňa şu oty ýükleşip getirişseňiz size eden işiňiz üçin arak bererin-diýdi.Biz onuň gepine ynandyk.Bizde arak içmek höwesi döredi,biz oglan bolsakda ot ýüklemegiň agyrdygyny bilýärdik.Ýone men ýüregimiň teýinde bu adamyň bizi aldajakdygyny hem duýdum.Şondada iň bolmanda ýüzden bir gezek biziň arak içip görmek arzuwmyzyň amala aşmagynyň mümkindigi baradaky hyýal meni aldady, Onsoňam ýene bir zat.Bu adamyň sözi we hereketi bizi jansyz edip goýdy.Ol bize yrjaýyp şeýle bir seretdi welin biziň ygtyýarymyzy elmizden aldy.Oty ýükläp onuň öýüne gelenimizde gije sagat iki bolupdy.Biz öler ýaly ýadawdytk, endamymyz zordan aýdanymyzy edýärdi.Ol biziň öňimize sowap galan tagamsyz palawy goýup ýene bize seredip yrjaýyp ugrady. Bir ýerden bir çüýşe arak peýda body.Ol aragy biziň öňimize goýup alyň içiň diýdi.Emma biz aragy açyp içmäne milt edip bilmedik.Biz häli arak içip görmändik,emma içesimiz gelip durdy.Bizi arak içmäne ýene bir zat mejbur edýärdi. Bu ýadawlykdy.Ol bize alyň içiň diýsede ol aragy bizden gyzganyp otyrdy,ýogsa ol aragy özi açyp käsämize guýanda biz içerdik.Käbiriňiz oýlamagyňyz mümkin,size arak içmek bolanok.Bu dogry.Emma ol bizi arak berýen diýip tamakin etdi.Şeýdip ol bizi aldady.Onuň aldamak häsiýetini perzenleri hem öwrenipdir.Bu adam bir gezek şeýle edipdir.Bile işleýän ýoldaşy bilen kolhozyň başlygyna ýüz yutmak barada şertleşipdir.Bu ikisi kolhozda höküm süryän adalatsyzlygy aýytmak isläpdirler we başlygyň kabinetine girmek üçin nobata durupdyrlar.Biriji bolup bu şeýtan giripdir ikinji adam bolsda onuň başlyga näme diýjegini gapydan diňläp durupdyr.Başlygyň kabinetine giren bu adam ýoldaşy bilen näme şertlşeni ýadyndan çykypdyr.Ol başlygyň ýanyna girip ogly üçin mellek ýeri sorapdyr.Onsoň ikinj adam hem başlygyň ýanyna girip mellek ýeri sorapdyr.Adalat baradaky şertnämä ikisiniňem ýadyndan çykypdyr.Haçan bu ikisi ikiçäk ýüzbe-ýüz galanda bu şeýtan ýoldaşyny ýalan sözde aýyplapdyr. Ol aýdypdyr;- men adalaty soradym, sen bolsa ýer soradyň diýip ýoldaşyna igenipdir. Emma ýoldaşy onuň özini ýalan sözde aýypladyr.Sen birinji bolup ýer soradyň, men bolsa alyp göterdim diýipdir.Emma bu adam eden hilesini boýnuna almandyr.Edil şu häsiýet onuň ogullarynda bar.Bu adam geçmişi ýatlanda aýallaryň üstünden düşmäni halardy.Ol aýdardy;-Biziň ýaş ýigit döwrümizde aýal gyzlardan erk- ygtyýar sorap durulmazdy haýsy göwnüňe ýoksa şoňa aýdardyň.Hany ýör,sen indi meniň ygtyýaarymdaky zat.Gyzyň ýok diýmäne haky ýokdy.Men elbetde onuň köp sözine ynanmaýardym, emma ynananlar hem tapylar.Durmuşda örän köp rehim-şepagatsyz adamlar bar.Köp adamlar diňe bay adamlar rehim-şepagatsyz bolýar diýip oýlaýarlar.Bu ýalňyş pikir.Garyp, hukuksyz çorylar we gullar hem taryhda öz ganhorlygy bilen at galdyran.Bize iň ýakyn döwür bolan işçi-daýhan hökümeti bolan Sowet Soýuzynyň ilki gurulan döwri meniň bu aýdanyma şaýat bolup biler.Şol döwirde iň gowy adamlar ýerliksiz öldirilen.Russiýanyň patyşasy Nikolaý ikiniň maşgalasy işçi-daýhanlar hökümeti tarapyndan buzuň teýine diriligine göýberilen.Bu pajygaly jenaýatda patyşanyň özi,aýaly we iki gyzy bu näadaty jezada öldirilen.Şeýle etmek nämä gerek bolupdyr.Şeýle jenaýatyň başynda elbetde garyplykdam içi ýanan we birdenkä eline höküm etmek ygtyýaryny täze alan adam edip biler.Garyplar garybyň halyny bilýär çünki olaryň özi garyp bolan diýmek eşegiň gulagyna takal okasam ol hem adam bolar diyip tama etmek ýaly bir zat.Gadymy ýazyjy-şahyrlar garyby baýdan, patyşadan gorap, olara rehim-şepagatly bolmagy sorap örän köp azara galanlar.Emma garyplar diňe iýim-içim bilen garyp bolman eýsem öziniň ruhy dünýasi bilen hem garypdyr.Garyp ruhy dünýäde rehm-şepagat hem bolmaýar.Çaryp adamlar boldasady ekmäni gowy görýärler.Olaryň iň gowy görýän pişesi bu garnynyň aladasyny etmek,ikinji bir gowy görýän zady aýalyň hasabyna gün görmek,ýagny jynsy gatnaşyga çendenaşa berilmek,üçinji bir gowy görýän pişesi zat,ýagny emläk ýygnamak.Şu nukdaý nazardan seretseň dünýäde sanlyja adamy garyp däl diýse bolar.Şunuň bilen birlikde käbir örän baý adamlar garybyň keşbinde gizlenýärler.Şeýle etmek bilen olar öziniň maksatlaryna päsgel berjek ýagdaýlary aradan aýyrmak isleýärler.Bay bilen garyp düşünjesi örän çylşyrymly düşünje.Bu diňe ýygnalan emlägi hasaplamak bilen çözülmeýär.Bu düşünje örän irki döwürlerde ýüze gykyp öz kökini şol döwürlerden alyp gaýydýar we geljekde bu düşünjäniň bize nämälim ugra tarap üýütgemegi mümkin.Baý garyp düşünjesine häzirki döwürde hem zarba urulýar.Baý we garyp düşünjesiniň döreýşini entek Lakaşa Süýekden eşideris diýip biz ýene bu adam baradaky gürriňimize gaýdyp gelýäris.Bu adamyň uly ogly edil atasy ýaly döşi ordenli künti bolup ýetişdi.Ol matematikadan mugallym.Mugallym bolup okuwçy gyzy bogaz etdi, 60.mln. manat para berip sypdy.Onuň öziniň beren gürriňi bar;-Bazara gitmek üçin öz maşynymda ýola çykdym.Ýolda ýol maşyna garaşyp öz obamdan bolan ärsiz aýal duran eken .Men bu aýalyň äri ölenden soň günötelge üçin özini satýanyny eşidipdim.Birden kellämegelip gitdi,şu aýaly etmek.Men ondan soradym,nirä barýaň diýip.Ol maňa çörek üçin bazara barýan diýip jogap berdi.Men oňa; sen meniň aýdan ýerime gitseň çöregi özüm tapyp bereriň diýdim.Ol bolupdyr diýdi.Bu aýal bize goňşy diýseň hem boljak, öňden salam-helik bar adam.Birazrak ýol ýöräp maşyny gapdal ýola aýladym.Ol menden sorady,biz nirä barýas diýip.Men ony aldadym.Biz bu ýoldan bazara bararys diýdim.Ol maňa ynandy .Bu aýal asly Lebapdan bolany üçin meniň maşyny çola ýere sürýänimi bilmedi.Boşluk ýere geldik. Men oňa maksadymy aýytdym.Men saňa pul bereýin ýöne meniň aýdanymy et diýdim.Ol bilmediksirän boldy.Men näme etmeli diýdi.Men oňa;- Hiç zat etmeýän kişi bolma,meniň hemme zatdan habarym bar diýdim.Onda ol ýene,men näme edipdirin diýdi.Men eşidenlerimi aýdyp ugradym welin ol hem aglap ugrady.Onsoň men onuň aglaýanyna seredip oturmadym.Maşynyň öňki kreslosyny ýatyrdymda ol aýalyň elinden çekip onam şu ýere ýatyrdym .Ol biraz gaýtawul berdi emma meniň ganym depäme urdy we özüme erk edip bilmän ony zorladym.Soňra turanymyzdan soň men onuň eline biraz pul berdim.Yolboýy tä bazara gelýänçä ol aglady, ölen ärini ýatlady,eger ol ölmedik bolsa men çörek üçin jelepçilik etmezdim diýdi.Men onuň sözüne ýalandan hä diýip geldim.Bazara gelenden soň men ony maşyndan düşürdim we ýüküm ýeňledi, ýogsa ony şeýle edenimi bilseler özüň biläň mugallymlar üçin gowy däl.Biz bu mugallymyň atasynyň lakamyny Şeýtan diýipdik.Bir gezek men bu mugallymyň öýüne bir iş bilen bardym.Bu güýz wagtydy.Ol meni ugratjak wagty gapysynyň öňünden geçýän gurap kak bolyp ýatan salmany görkezip, şu ýylyň dowamynda üç gezek şu salma suw geldi,görşüň ýaly biz suwsyzlykdan ejir çekýäris diýdi.Görşüňiz ýaly ol bu ýaşaýyşda çekýän ejiriniň birini aýytdy,ol öz çekýän ejiriniň birini kimdir biriniň çekişmegini isledi ,emma onuň özi ejir çekýän ýene biriniň gününe haýpy geldimi.Ýok. Bu mugallym öz obasynyň iline eden jenaýaty üçin,öz halkynyň abraýyny ýokary götermäniň ornuna ony ýere urany üçiň,kanuny äsgärmän ony bozany üçin türmede oturmaly adam.Bu mugallym daýhan burleşigiň ýolbaşçylaryna para berip birnäçe mellek ýerini näkanuny satyn aldy.Birnäçe kärendeçiniň pagta ýerini näkanuny satyn alyp olary ýersiz, ýagny işsiz we girdeýjisiz goýdy. Ýer obada ýaşaýşyň,giedeýjiniň,abraýyň çeşmesi.Onuň öziniň birine nebsi agyrdymy başga biriniň oňa nebisi agyrar ýaly. Ol edibien kezzapçylygyny edip ýör.Bu mugallym adyny ýazyp bilmeýän uly ogluny 650.mln.para berip Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetinde okatdy we elbetde ýene para berip işe girizdi.Goýulýan komediya serediň.Her gün türkmen telewideniýesinde bu uniwersitetiň mugäallymlary çykyş edýär.Men bu çykyş edýän mugallymlaryň ýüzüne seredip siz bir ýylda näçe manat parahorlukdan girdeýji alýarsyňyz diýýärin.Emma olar maňa sen nämä diýýänem diýmän ýapa degmeýän bir topar boş, birmeňzeş sözleri güwledip otyrlar.Mugallym diýibem şulara aýdaýsaň, bularyň agzynyň ýadamaýşyny.Özleräm ýalandan ýüzini çynlakaý keşbe girizip,gaşlaryny bürişdirip, öz aýydýan sözlerine özi ýnanýan kişi bolup,agyzlaryny köpürjikledip, biri- birine gezek bermän , her kim öziniň aýydýan söziniň ýanydakynyňkydan has wajyp diýdirjek bolup ýene bir gezek ýalandan sözleýärler.Eger siz olary bir gyra çykaryp, dogryňy aýyt ,sen şu sözleri çynyň bilen aýydýarmyň diyip sorasaň,onda olar pul üçin şu sözleri aýydýandygyny tassyklarlar.Eger bu mugallymlar hakykatdan hem para alan bolsalar ýada olar para alýan mugallymlar bilen işleýän bolsalar iň bolmanda halkyň öňüne çykyp akyl satyp azara galmasalar has gowy barybir parahoruň geplän öwüdinde Beýik Allatagala many goýmaýar.Belki şonuň üçindir biziň Daşoguz welaýatynyň aglaba halky öz türkmen telewideniýesini umuman görmeýär.Emma ýörite antenna satyn alyp Özbegistan respublikasynyň teleýaýlymlaryna dikilip otyrlar.Iň seretmeli bolan, halkymyzyň ykbaly çözülýän Watan teleýaýlymyny hem görmeýärler,üstesine biziň welaýatymyzyň halky özbek kinolaryny köp görýänligi üçin türkmen dilini ýatdan çykaryp özbekçe gepläp başladylar. Bu barada türkmen telewideniýesi çynlakaý oýlanmagy gerek. Eger biz türkmenler öz dilimizi we däp –dessurlarymyzy saklap galjak bolsak telewideniýe örän güýçli bolmagy gerek.Telewizoryň öňüne geçen adam öz teleýaýlymlarymyzdan gözini aýyryp bilmese gowy bolardy.Munuň üçin serişde aýamaly däl.Gerek bolsa daşary ýurt teleýaýlymlaryny türkmen diline geçirip öz halkymyza hödürlemeli. Şeýle etmek biziň ýurdymyzyň elinden gelýän zat, diňe şu işi edäýjek adamy tapmaly.Gürriňi edilýän mugallym bolsa ýenede bir ogluny para berip armiýadan alyp galyp,eger çyksa uniwersitete 900.mln. manat bilen okuwa girizdi.Bir adamdan şunça puly kisä uran adam kim.Bu adama köp pul nämä gerek. Eger bu puly özara paýlaşýan bolsalar pul ýene kime berilýär.Para hökmünde pul almaklygy olara kim görkezme berýär.Olara buýruk berýän ýolbaşçy hökman bolaýmaly,ýogsa olar özara ylalaşmazdylar.Aýydaly, uniwersitete bir ýylda müň sany talyp okuwa girmeli.Müň sany talypdan şunça pul alynýan bolsa bu ullakan möçberdäki jenaýat.Müň sany talyp para berip okuwa giren bolsa olaryň biriniň işi oňman dawa tapyp hukuk goraýjy edaralara ýüz tutmadymyka.Kimi gepletseň, kimden sorasaň biziň ýurdymyzda okuwa girmek üçip para bermeli diýýär.Tomaşa ýagdaý.Müň sany talyp para berip jenaýat edýär,muny bolsa hiç kim bilmeýär.Näme bularyň bary ukydaky admlarmy.Kim günakär para berýnlermi ýada para alýanlar.Belki iki tarap hem günäkärdir.Hany talyplar, türkmenistanyň jenaýat kodeksi siziň bu eden jenaýatyňyza nähili jeza berýär jenaýat kodeksini elinize alyňda okap görüň. Eger siz hakykatdanam para berip okuwa giren bolsaňyz müň sany talypdan iň bolmanda biriňiz üçin uýat dälmi ýada dili ýaman adamlar sizi etmedik işiňizde aýyplaýarmy.Onda şu biziň tama edýän talybymyz talyplar.komda çykyş edip adamlar men para bermedim, men öz güýjüme okuwa girdim, indi hem men para bermekçi däl çünki para perip iş bitirmek Hudaýyň öňünde günä, kanunyň öňünde jenaýat,adamçylygyň öňünde kemsinmek we ahlaksyzlyk diyp aýdyp bilermi.Belki hut para berip okuwa giren çykyş eder we kim ony para bermäne mejbur edendigini aýdar.Eger türkmen döwlet uniersiteti döränden bäri para alan bolsa we bu eýýäm 50 ýyl aralygy bolýar.Şunça ýyllap bu uniwersitet okuw üçin para aldymy. Muňa ynanar ýaly däl.Onda näme etse bolar.Onda bizi okadan köne mugallymlaryň aglabasy hem parahor.Şeýlemi.Onda parahor mugallymdan sowat alan biz hem parahorluga aralaşan çünki parahorluk ýokanç kesel.Biziň hem para almak ähtimallygymyz ýokary.Indi näme edersiňiz,para berip okuwa giren gadyrdan talyplarym.Men sizi gowy görýän hem halyňyza gynanýan.Siz göz öňüne getiriň.Siz uklap ýatsaňyz, süýji düýüş gorýan bolsaňyz, men hem size hemdem bolýan ýumşak ýorgany üstiňizden sypyryp aýyrsam we bu wagt siziň uýat yeriňiz ýorgan aşagynda görünip duran bolsa ,menem siziň bu ýagdaýdadygyňyzy bilmän sizi masgara etsem nähili bolar.Eger çyksa siziň ýagdaýyňyz şu hala geldi.Häzir men para alanyň däl para bereniň üstiniň ýorganyny üstinden sypyraryn .Kim onuň uýat ýerini görjek bolsa ýakyn gelsin. Birinji sorag, para bermek üçin niýetlän şunça köp mukdardaky puly nädip jemlediň,bu örän köp pul, bu pullary işläp tapdyňmy ýada bir ýerden ogurladyňmy.,Ikinji sorag,eger milliardlarça puly jemlän bolsaň sen näme çörek iýmediňmi ýogsa men adamlaryň hemişe gara gün üçin pul tapman ýörenlerini gowy bilýäriň. Sen hähili edip bu puly artdyrdyň.Üçinji sorag, eger sen bu pullary işläp, halal tapan bolsaň nähili edip öz daban azabyňy başga bir işläp tapmaýana para hökmünde berip bildiň ýada sen zadyň gadyryny bilmeýan samsykmy.Dördinji sorag, eger sen para berip okuwa giren bolsaň,men bolsa seni paraholukdan gorajak bolsam, sen bolsa parahorlugyňy dowam etjek bolsaň haýsymyz akylly senmi ýada men.Bäşinji sorag, belki sen para beren meniň üstimden gülip oturansyň azabyň biderek diyip, ýöne sende akyl bolsa öziň dogry düşünmeli , meniň bu saňa aýydýan sözlerimiň käbiri gurhandan alynan, käbiri türkmenistanyň kanunlaryndan alynan,köpisi bolsa meniň okan kitaplarymdan alynan.Bu ýerde meiň diňe birje sözlemim bar, bu bolsa şu söz;-Men seniň halyňa gynanýan, men seniň ýaşlygyňa gynanýan we elbetde men sizi gowy görýen.Ýogsam näme biz garrap barýan adamlar başga ýene nämäni gowy görüp bileris.Eger siz ýaşlar şunça puly para hökmünde bermedik bolsaňyz bu pullar siziň öýüňizde galardy we bu pullara maşgalaňyzyň ýaşýyş durmuş şertlerini gowylandyrardyňyz,garry ata-eneňize zerur zatlary alyp berip olaryň alkyşyny alardyňyz,belki jigiňize welosiped alyp berip ony begendirerdiňiz, öz hususy işiňizi açardyňyz.Indi bolsa ýaşlar geliň şertleşeliň.Men size para bermän okuwa girmäniň usulyny öwredeýin,siz bolsa mäkäm ýüregiňize düwüň para bermän öz güýjiňize okuwa girjek bolup,munuň üçin siz şu uzak gürrüňleiri okanyňyzdan ekzamen tabşyrmaly uguryňyza degişli kitaplary wagt ýitirmän okap başlaň, çünki okuwa öz güýjine girjek talyp iň bolmanda 3-lik baha taýyn bolmaly.Bu,birinji ýagdaý.Ikinji ýagdaý,men size anyk maglumatlary bereýin. Maňa Türkmenistanyň bilim ministrliginiň maglumatlary ýetip geldi.Bu ministrligiň maglumatlaryna görä häzirki prezidentiň işe gelmegi bilen türkmenistanyň yokary okuw jaýlarynda mugallymlar para almaýarlar.Emma mugallymlar para alýar diýip,ýalan sözläp kezzapçylyk edip ýörän jenaýatçy topar bar.Ine şu topardan habardar boluň.Olar talyplar arasynda gep ýaýradyp olary aldap,pul berseň okuwa girizeýin,meniň mugallymlar arasynda tanyşym bar diýip olaryň pullaryny alyp kisä urup ýörler.Mugallymlar bu adamlary tanamaýarlar, olaryň köpisi men institutda mugallym diýip aldaýanlary hem bar.Üçinji ýagdaý,ýokary okuw jaýlaryna kim ekzamenden ýokary baha alsa şol okuwa girýär,emma ýokary baha alýanlar az,olaryň sany hatda 10 göterime ýetmeýär.Şeýlede bolsa her ýokary okuw jaýynyň öz meýilnamasy bar we hatda käwagt meýilnamany doljak bolup ikilik alan talyplaryň bahasyny ýokarlandyryp olary instituta kabul etmeli bolýar.Ine şu ýagdaýyň häli soňuna çykyp bolanok.Beýle ýagdaýyň sebäbi bolsa mekdeplerde okuwyň hiliniň pesdiginden gelip çykýar.

Bilim, beyik yazyjy tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir