. 1. Biz bolsa nähili sada. Okuwa girmek üçin para berilýänini men birinji ýyl medinstitutdan ýykylyp ikinji ýyl uniwersitete dokumehtlerimi tabşyrýan pursatymda bildim. Uniwersitetiň gapysynda dokumentlerimikabul edip oturan gyz menden;-Kakaň bilen geldiňmi diyip sorady Men ýok diýdim. Onda ol guz;- Onda azara galyp ýörme biziň uniwersitete pulsuz girmersiň- diýdi. Men bu eşidenimi öýe nabar etdim. Garry atam maňa kömek etmek üçin gara gün üçin bakyp ýören goýunlaryny satyp pul gemläp agamdan iberdi. Ol Aşgabada gelip meni para berip okuwa saljak bolup iki ýana at çapyp başlady.Haçan ol tanyş tapanda onuň getiren puly az bolup çuykdy we onuň azaplary biderek boldy.Men ýene öz güýjüme ekzamenleri tabşyrmaly boldum. Ikinji ýyl hem men okuwa girip bilmedim Gapyda oturypmaňa yrym eden gyzyň aýydany dogry bolup çykdy.Men okuwdan ýykylyp Aşgabatdan kowulan ýaly bolup öýe geldim. Üçünji ýyl ýene synanyşdym.Bu gezek selhoz instituta. Birinji ekzamenden üçlük aldym we men üçlük alan konkursdan geçip bilmeýänini bilip dokumentlerymi yzyna gaýdyp alyp Orsýete tarap ýol aldym.Eger Aşgabada okuw diýip baran ýaşlar diňe okuw üçin para berse bolany diýip yzyny aýytmazlyk bu entek okuw bilen baglanyşykly kynçylyklaryň köpüsini fizlemegi aňladýar. Ýaşamak üçin amatly kwartira tapmak bu şäherde çölüň içinde guýy gözlän ýaly ýagdaý. Men Aşgabada üç gezek okuw üçin bardym we üç gezek hem towuk ketekden uly bolmadyk kwartirada ýaşadym.Bizi kwartirant edip alan öý eýeleri bizi zerur bolan ýaşaýyş şertleri bilen üpjün etmediler.Biz dyrnak ýaly bir otagyň içine üç-dörtden az bolmadyk oglanlary gabap käwagtlar bolsa şu otaglara oglan bilen gyzlary bir ýere gabap pul işläp oturan öý eýelerini gördük.Birinji ýyl okuwa baranymda meniň bilen Lebaply oglan- gyzlar goňşy bolup ýaşadylar. Olar üç oglandan we üç gyzdan ybarat bolup hemmesi bir otagda ýaşadylar.Olaryň ýanyna eýýäm ýuristçiligi okap ýören Dilek atly uly ýaşly oglan käwagtlar gelýärdi. Bu oglan olar bilen obadaşdy we garyndaşdy.Bir günDilek, lakamy Daniil bu üç gyzyň içinde bolan Leýla atly gyza ýapyşdy we onuň bir özüni jaýa salyp doganlarynyň göz öňünde bu gyzy tünedi we ol gyz jaýdan çykanda onuň ýüzi, çekgeleri gyp-gyzyldy. Leýla atly gyz bolsa gorkunjyndan we biziň halkymyzyň ula hormat däbinden çykyp bilmän we ýenede pulzuzyň pulla boýun egýänliginden gelip çykyp köpüň öňünde özüni masgara etdi ýogsa bu gyz seretseň terbiýe görene meňzeýärdi we elbetde onda görmegeýlik hem bardy. Men Dilegiň bu gyzy näme edendigini anyk bilmeýen ýöne bu gyz öz abraýyny bu Dilek atly küntiden gorandyr diýip tama edýärin. Ýenede eýýäm siz duýansyňyz özi ýuristçiligi okýan bu Dilek geljekki adwokat, prokuror, kazy entek okuwy gutarman şeýle jenaýaty edip ýörese haçan ol döwlet tarapyndan adamlaryň şol sanda aýal-gyzlaryň üstünden höküm etmek hukugy berilende bu para berip okuwy gutaran Dilek ýene jenaýat etmez öýüdýänizmi. Men bu hilli okuwa para berip girenleriň köpüsini we okuwy pul bilen gutaryp ýenede işe hem para berip girip jenaýat edip ýörenleriň köpüsini bilýärin. Biz bolsa gözi çala göryän garrylar ýaly ýarygijä çenli we ýer ýagtylmanka ýene turup kitaba dümtünip otyrdyk,konspektler ýazdyk.Eger çyksa biz şol döwürde biziň bilimimiz watanymyza gerek diýip düşündik sebäbi bize şu sözleri aýydýardylar. Ýöne men okanym üçin gynanmaýaryn Meniň düşünjäm boýunça halka aýytmak, duýdurmak we ony her hili bela-beterden goramak birinji nobatda ýazyjy- şahyrlaryň işi, sebäbi olar söz bilen işleýärler, söz bolsa adama täsir etmegiň iň güýüçli guraly. Söz bilen haýwanda hem adamçylyk duýgularyny oýaryp bolýar emma biziň ynanan ýazyjy-şahyrlarymyz hem kisesiniň aladasyny eden adamlar bolupdyr, eger husytlar puly ýada zady adamdan gysganan bolsa onda ady häzirje tutulanlar dogry sözi öz halkyndan gysganypdyrlar. Nähili uýatsyzlyk we elbetde öz halkyň aladasyny etmezlik. Şeýlelik bilen men halkyň betbagtçylygynda ilki bilen öň aýdyşym ýaly ýazyjy-şahyrlary yz ýanyndan bolsa mugallymlary aýyplaýaryn we meniň sözlerimiň dogrydygyny biljek bolsaňyz meniň ýazgylapymy üznüksiz okaň. 12 Öň aýdyşym ýaly men aldanypda bolsa okanym üçin gynanmaýaryn. Eýýäm Lakaşa Süýek bilen duşuşykdan soň men köp okap ugradym we çeper edebiýaty okamak meniň endigime öwrüldi. Men okadygymsaýyn sözüň gudratyna düşünip ugradym we sözi dogry ulanmak arkaly,sözi wagtynda aýytmak arkaly köp zatlary üýütgedip bolýandygyna we köp wajyp meseleleri çözüp bolýandygyny gördüm . Okamak, wagtyň geçmegi bilen özbaşdak ýazyp öwrenmeklige getirdi we men kitap ýazmany höwes edip ugradym ýöne kitap ýazmak aňsat iş däl ekeni. Dogry, kütek manyly,haysydyr bir meseleleri gozgamaýan,öňden bar bolan kitaplardan göçürilen eserleri ýazmak kyn däl.Şeýle hilli ýazuwçylar hem az däl. Ýöne men şeýle bir kitap ýazasym gelýär muny aýdyp düşündirer ýaly däl. –Ine onsoň men Aşgabada okuw üçin gelip okuwa girip bilmänligime gaty gynandym ýone şondada bu ýagdaý üçin mugallymlardan öýke etmedim.Men ol döwürde özümden gördüm. Men özüme ýene köp okamaly diýdim.Eger meniň okuwa taýynlygym has ýokary bolanda men okuwa girerdim diýdim. Aşgabada okuwa girjek bolmak meni ýenede şu ugurlardan basmarlady. Medinstuta gelip men özümiň örän garypdygyma hem düşünip galdym. Bu instituta birinji ekzameni tabşymak üçin gelenimde bu ýere ýygnanan oglan-gyzlar hamala toýa gelen ýaly gymmatbaha geýimler bilen geýinendi gün gormedik tenleri ap-akjady,olaryň hiç gaýgysy ýokdy. Men olardan derrew utandym. Ýygyrlyp çaga pişik ýaly bolup galdym . Bu ýaşlaryň biräm maňa üns bermedi. Diýmek olar meniň bilen däl. Olar meni özlerine deň saýanoklar. Bu ýer meniň ýerim däl. Men bu ýerden gitmeli. Eger bu institutyň talyplary şeýle boljak bolsa onda mugallymlary has beter gopbamsy bolsa gerek. Meniň medinstitutda okamak höwesim ep- esli ejizledi. Meniň Aşgabady taşlap oba gaýdasym geldi, ýöne beýle etmedim. Ekzamenleri bir çetinden tabşyryp başladym. Bir dörtlik, üç sany üçlik alyp konkursa geldim. Ýöne konkursdan geçmek üçin maňa ýarym ball ýetmedi we men okuwdan ýykylyp öýe gaýytdym Öň aýdyşym ýaly okuwa girip bilmänligim maňa örän agyr degdi. Öýe gelýän yolda maňa hiç kimiň duşmazlygyny isledim.Göterip gelýän torbam meniň uzak ýerden gelýändigimi görkezýärdi we meni görenlere satýardy. Men bu ýigrenji torbany başymdan aýlap zyňyp göýberesim gelýärdi. Içiňi ýakaýyn diýýäný aly meniň gelýän ýolumda Gyzylgül durdy.OL meni öň gören bolara çemeli onuň ýüzi hem salykdy. Ol menden zordan sorady okuwa girip bildiňmi diýip .Men hem oňa zordan jogap berdim girip bilmedim diyip. Men hemme kişiden öýkeli ýaly oňa başga hiç zat diýmän ýene ondan daşlaşdym.Indi biziň söýgümiz alasarmyk ýagdaýa düşdi. Men indi bilmedim söýgä ymtylmalymy ýada okuwa. Eger çyksa okuwa. Meniň ýüregimde daş döredi. Maňa diplom gerek däl maňa bilim gerek.Men yene özbaşdak okap ugradym we birinji netijäniň üstünden geldim emma bu gelen netijämi köpçülige aýytmak üçin maňa kän ýyl gerek boldy. Okamak arkaly gelen netijämi aýytmak maňa şu döwürde interetiň üsti bilen amala aşyrmak başartdy. Men muny hökman size aýdaryn ýöne entek Aşgabat bilen baglanyşykly gürrüň gutaranok.Siz meniň okuwa girmek bilen baglanyşykly çeken azaplarymdan mende dörän ruhy dünýämi duýmasaňyz siz hem meniň ýaly ýagdaýa aňsat düşersiňiz. Üstesine bagtyňyz işläp bu okuw laýlarynda mugallym bolsaňyz we siz hakykatdanam bilime hormat goýýany we çyny bilen bilimli bolmak isleýäni ,diplom alyp ýalan işleri etjeklerden aýrylarsyňyz. Bu hem gerek.Men bolsa ýene bir okuwa ýmtylýanyň meniň ýagdaýyma düşmezligini isleýärin.Men Aşgabada üç gezek okuw diyip bardym we girip bilmedim. Wagt geçip men bu düşen ýagdaym barada güýüçli oýlanyp başladym we munuň sebäbini anyklajak boldum.Köp zatlary özümden gördüm.Şulardan birinjisi berilen soraga dogry düşünip derrew jogap bermek.Men bolsa gözüm kör bolýança köp okasamda berilen zoraglara tiz jogap berip bilmedim. Ikinji bir ýagdaý eger mugallymlar para berip okuwa girýäni öňe tutýan bolsa men bolsa para bermän ekzamen tabşyrýan bolsam mugallymadan gowy zada garaşmazlyk. Şunuň ýaly ýerlerde biziň ulumsylygymyz aýagymyzdan çekýär, emma meň öň aýdyşym ýaly parahorlygyň nämedigini bilmeýärdim men okuw okamak isleýäne kömek berilýändir hatda okuw okamak isleýäne hormat hem goýulýandyr öýüdýärdim.Bu duýgylar mende häli hem bar.Wagt geçdigisaýyn Aşgabat maňa salgym bolup başlady, ýöne şu zatlar göz öňümden gitmedi.Uniwersitetiň arka tarapyndan barylýan gapylary, medinstituň ileri tarapydan barylýan gapysy we selhozinstitutyň arka tarapyndan girilýän gapysy. Bu ýerlerde ýöränim, ekzamen tabşyran hanalarym we käbir mugallymlaryň özüni alyp baryşy, käbir okuwçylaryň özüni alyp baryşy. Ýenede bir aýytmaly zat bu men Aşgabatda örän köp pomidor iýdim. Bu önüm şol döwürde iň arzan iýmitdi we biz ýanymyzdaky puly tygşytlajak bolup pomidor, kartoşkany köp iýýärdik. onsoň ýene maýda üzümi köp iýdik. Ýene bir zady aýytmaly biz okuw diýip baryp okuwa girip biljegimize uly ynam bolmasada hemişe gaýga batyp oturmadyk pursatyny peýläp oýnap-güldik, seýil baglarda dem aldyk, howuza suwa düşdik, teatra oýuna bardyk. Umuman käwagtlar hezil edip ýaşadyk.Eger Aşgabat bizi okuwdan ýykyp göýbermedik bolsa onda bu şähere hä diýse boljakdy bu şäher kurort şähere meňzeýärdi.Okuwdan ýykylan diňe men däldim. Başgada oglan gyzlar köpdi, olar ýurduň dürli welaýatlaryndan baran esasan oba ýaşlarydy. Olar üçin bilmeýen emma Aşgabada okuwa girip bilmezlik meniň üçin hakyky tragediýa boldy. Betbagtlyk yzma-yz dowam etdi. Yz ýanyndan men Gyzylgüli ýitirdim.Ol örän irte durmuşa çykdy.Men Orsýete gidip galyp dört ýyldan öýe gezmäne gelenimde tötänleýin oňa dogry gelip galdym we bu wagt onuň yzynda ýaňy dogry ýöremäni öwrenen oguljygy bardy we men Gyzylgüliň özünden dälde onuň perzendinden utandym. Men syr bildirmän gülimjirap olary garşyladym, hal-ahwal soraşdym.Bar bolany şu. Şeýdip meniň birinji söýgim hem maňa zarba urdy. Indi näme etmeli. Ýene Akjagül.Ýöne ol öli.Men ony gowy görenimdede dirileriň arasyna äkelip bilmerin.Diriler meniň etjek bu işimi halamazlar. Onsoňam meniň Öliler dünýäsi bilen iş salyşmana wagtym ýok.Orsýetde meniň öz derdim özüme ýeterlikdi Öz esasy hünärimden daşary men özbaşdak dini ylymlary, dünýa taryhyny,dünýä halklarynyň medeniýetini,pelsepäni özleşdirip başladym. Iň esasysy bolsa men kitap ýazjak bolup synanyşýardym.Içim doly aýytmaly zatlar bardy ýöne olary ýazuwa geçirmek başartmaýardy.Men goşmaça kitabyň nähili ýazylýanyny hem okamaly boldum. Eger men şu eliňize düşen Uzak gürrüňleri özüm ýazmadyk bolsam onda siz hiç haçan meniň şu başdan geçirmämi bilmezdiňiz we bu başdan geçirmelerimiň esasynda dörän oý-pikirlerimi hem okamazdyňyz. Onsoňam biz TALYPLAR.KOM. saýtyna minnetdarlyk bildirmeli, şu saýty biziň üçin açanyna we ýenede biz öz hökümetimize sag bolzun aýytmaly aýanlyk döwrüni yglan edenine. Biz özbaşdak ýazyjylar elimizden gelenimizi ederis öz mähriban watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmana,ýenede subut ederis, biz türkmenleriň hem aňyýetiniň öran ösendigini we dünýä halklaryna köp zady öwredip biljegimizi, gerek bolsa olary yzymyz bilen hem alyp gidip biljegimizi.Uzak gürrüňleri okaň we siz oýlamadyk pikirleriň üstünden bararsyňyz. –Türkmenler, at salyp öňe barýar;. –Olaryň atlary tozan turuzýar;. Biri öňe gidýär biri yza galýar;. Öňe giden gülüp yza galan aglaýar;.Şeýlelik bilen men öz ýurdumda okap bilmedigime häli gynanýaryn we muňuň sebäplerini anyklajak bolup çytalaşýaryn. Kelläme her dürli pikirler gelýär.Bir görseň mugallymlar parahor şu sebäpli diýýäriň big görseňem özümden görýärin. Eger men mugallymlaryň parahorlygyny inkär etjek bolsam onda olaryň hakykatdanam parahorluk edýänliginiň köp subutnamasy bar.Bir garry adam geçen asyryň ellinji ýyllarynda Daşoguzyň meduçilişesine okuwa baranda ondan bu okuw jaýynyň direktorynyň para hokmünde pul sorandygyny aýytdy. Diýmek bu sözden ugur alsaň okuwçydan para almak öňden bar jenýat. Ýöne bilseňiz bilimli okuwçy bar we bilimsiz okuwçy bar.Bilimsiz okuwçylar hem yokary okuw jaýlarynda okasy gelýär.Bu isleg näkanyny däl ýagdaý.Bilimi ýok okuwçynyň ata-enesi öz perzendiniňem okap işgär bolmagyny isleýär we perzendi üçin pul töleýär.Bu bolsa para bermek, ýagny jenaýat, ýöne ol para bermese perzendini nähili okatsyn.Meniň bu aýdanym häli doly we dogry netije däl.Bu ýerde men paraholugy aklaýan ýaly bolup durun.Has çylşyrymly düşündirmä geçeliň.Biz aslynda näme üçin okaýarys. Okamak bize soňra nämeleri berýär. Haçan men onunjyny ahyrlaýarkam agam maňa birnäçe gezek şeyle diýdi;-Häzirki döwürde birä medinstitutda pul bar, birem selhozyn weterinariýa fakultetinde.Eger bu ugurdan hünärmen bolsaň puluň köp bolar diýdi.Ähä, belanyň körügi özüm ekenim. Men gara nebsime kowalaşyp bela galypdyryn.Sen ahyr-owal bilim almana kowalaşman eýsem hemmeleriň kowalaşýany pula kowalaşypsyň we utulypsyň. Ol pula kowalaşýanlar seni ýeňipdirler.Olar öňden bar pullaryny ýeňişe goýup ýagny para berip seni ýeňipdirler sen akmak bolsa pul üçin pul berilýäninäm bilmänsiň. Ýene sen özüňi bilimli diýýärsiň. Bilimli bolanyňda şu zatlary bilerdiň. Yok bu hem entek soraga jogap däl .Men beýle şeýtançylygy edemok. Men diňe şeýtançylyk edýänleriň arasynda bardym ,eýsem men nirä gideýin. Men sizi bütinleý taşlap gidip bilmerin. Siz parahor bolsaňyzam adam ahyry. Siziň käbir haäsiýetleriňiz maňa ýokýar ahyry. Ynha Gyzylgül.Ol meni namartlyk edip taşlap gitdi emma men ony doly ýigrenmeýärin. Maňa kömek ediň. Bu daşyma oralan tordan çykmana kim kömek eder. Meni etmedik işlerimde aýyplaýalar. Ýöne halysalla aýyt;- eger wezipeli adam bolanyňda para almagyň mümkinmidi. -OL döwürde hää, häzir bolsa ýok.- Näme üçin häzir para almazdyň .Bu soraga jogap bermek kyn.Birinjiden parahorlygyň örän zyýanlydygyny indi düşündim. Ikinjiden parahorlukdan özüm ejir çekip gelýärin. Üçinjiden parahorluk jenaýat we kanun muňa jeza berýär.Dördünjiden ýurdymyz garaşsyz, parahorluk biziň halkymyzy masgara edýär we kemsidýär. Ýöne sen para alaňok we bermediň şonda-da seni watanyň öňe tutmady. Saňa wezipeli iş ynanmady.Iň bolmanda saňa para almanlygyň üçin we para bermänligiň üçin parahorluga garşy göreş gulluguny ynansalar has gowy bolardy. Onsoňam sen hakykatdanam bilimli. Seniň ukyplaryň hiç kime gerek bolmady. Eger sen ýlymlar akademiýasyna işe ýerleşeniňde köp ugurly ylymy ýurdymyza ornadardyň eger sen mejlise deputat bolanyňda biziň ýurdymyz kanunlary daşary ýurtlardan göçürmezdi. Eger medeniýet ministri bolanyňda hasam gowy bolardy ýogsa türkmen telewideniýesi iň iç gysgynç. Bu hilli sorag jogaplar köp gezek kelläme geldi.Bu hem hemmesi däl.Men wagt geçsede özümi basmarlaýan bu pikirlerden doly daşlaşyp bilmedim we wagtyň geçmegi bilen mende soňky döwürler bilen utgaşýan pikirler peýda boldy ýagny şol geçip giden döwüriň meselelerine häzirki döwüriň nukdaý nazary bilen garap ugradym. Indi men ol döwüri hukuk, deňhukuklylyk,borç nukdaý nazaryndan analiz edip ugradym. Beýle etmek ýagdaýy has hem agyrlaşdyrdy.Eger men öň özümiň okuwa girip bilmezligimde esasan mugallymlary aýyplan bolsam indi ýeke olary däl eýsem türkmen jemgyýetiniň ähli gatlagyny aýyplap ugradym.Munuň üçin ilki özümi aklaýan delileri getirdim. Birinji, men entek ýaş oglan,mekdebi ýaňy gutardym,yurdyma garşy jenýat edemok, şol döwüriň hökümeti maňa oka diýdi,men onuň aýdanyny edip elimden geldigiçe okadym,okuw üçin özümi gynadym ýurdyma peýdaly bolaýyn diýip okamak üçin hökümet tarapyndan esaslandyrylan ýokary okuw jaýyna bardym Menden talap edilen işleriň hemmesini etdim ekzamen tabşyrmak üçin mugallymyň öňünde dikilgazyk boldum,berilen soraga esasan jogap berdim emma okuwa girip bilmedim Yöne okuw üçin para berenler girdi ýogsa olar meniň ýaly okap öz borjuny yurdynyň öňünde berjaý etmediler. Olar para berip okuwa girip jenaýat etdiler emma şol döwüriň hökümeti bu jenaýatçylar bilen ýassykdaş boldylar , meni bolsa aldap kemsitdiler. Şeýle etmäne olaryň haky barmydy. Elbetde, ýok. Ýogsa men bu barada ýazarmydym, meniň näme boş zatlary ýazyp oturmana islegim barmy. 2.Ýok. Meniň boş zatlary ýazmana asla islegim ýok. Meniň bu edýan işlerimde anyk maksatlarym bar. Bu maksatlar size kem kemden aýan bolar. Meniň maksatlarym siziňki bilen ogşaş.Siz muňada düşünersiňiz.-Käwagtlar men Aşgabady ýatdan çykaryp öz ýaşaýan ýerim bilen ykbalymy baglanyşdyryp görýärin.Gel diýeli Aşgabat meniň üçin ýat ýer, ýat şäher,olar meni tanamadylar,şonuň üçin olar maňa üns bermediler. Ýone meni tanaýan ýerlerim maňa nähili garadylarka. Ýok, men bu ýerde hem uly üstinlik gazanmandyryn.Dogry adamlaryň birde- ýarymy meni goldapdyrlar,meniň içimde özleri üçin gowy zatlaryň bardygyny aňypdyrlar ýöne olar hem meniň üçin diňe öz ýanyndan hyýal ýöredipdirler emma degerli işleri etmändirler.Maňa bolsa degerli kömek gerek bolupdyr.Indi görüp otursam adamlar öz ykbalyny özleri üýüýtgedip bilmeýän eken.Olaryň ykbalyny olary gurşap alan adamlar,tebigat hadysalary hatda käwagtlar biziň ukypsyz diýýän mör- möjeklerimiz üýütgedip ýa öňe ýada yza itekleýäň ekeni.Men bolsa öz ykbalymy özüm üýütgetjek bolup şol azara galyp ýöräpdirin. Meniň şu ýazyp oturan uzak gürrüňlerim hem ykbalymy üýütgetme bilen baglanyşykly bolsa gerek. Eger men adam öz ykbalyny özi üýütgedip bilmeýär diýip öte geçýän bolsam onda serediň parahoruň ykbalyna. Parahoruň ykbalyny kim üýütgedýär,kime para beren bolsa şol üýütgedýär. Biz şu ýerde üýütgeşik düşünjäniň üstünden bardyk. Emma onuň para beren adamy hiç bir keramata eýe däl adam .Onda nähili edip para alan adam para bereniň ykbalyny üýütgedýär Para alanda näme bar. Aýdyp bilermisiňiz. Jogap;-Para alanda hukuk bar,onuň para almana hukugy bar. Hukugy oňa kim berýär.Jogap;-Hökümet. Ýogsa ol para alyp bilermidi. Ýok. Onda siz aýytmagyňyz mümkin;-Ol jenaýatçy, hukugy ol ogurlap aldy, hökümet oňa para al diýmedi.Bu gowy zat ,eger hökümet oňa para al diýmedik bolsa ,ýöne bu ýeterlik däl.Hökümet gowy bilmeli özüniň borjunu. Hökümet millionlarça admyň ykbalyna täsir edýär, hökümetiň haýal-ýagallygy adamlaryň ömrüni kül edýär.Hökümet bu kezzaba para al diýmesede para alma hem diýmedi.Hökümet öz borjuna biperwaý hem boldy, hökümet onuň jenýat edýänini wagtynda bilmedi. Iň soňunda bu jenýatçynyň eden haramlygy nirä baryp direndi. Elbetde hökümetiň özüne. Özüni gorap bilmedik hökümet özgäni gorarmydy. Adamlar öz ykbalyny hökümete baglaýarlar. Olar öz betbagtçylygyny hökümetden görýärler. Indi gördüňizmi meniň bilen ýene kim ejire galdy. Hökümetiň özi. Örän üýütgeşik sözleri aýytdyk;- Ol hukugy ogurlap aldy diýdik. -Ýöne ol hukugu nähili ogurlap aldy.Eger hukuk ogurlanyp bilinýän zat bolsa onda ony gulp astynda saklamaly ekeni, ýogsa ol biziň beýleki hukuklarymyzy ogurlamagy hem mümkin .Bulam-bujarlyk, gep satmaklyk, biderek köp geplemeklik, gepe çydamazlyk.Bir topar bulam-bujarlygy gep bilen düşündirjek bolmaklyk.Biziň durmuşymyz başdan gowy däl ýogsa munuň ýaly köp geplemeklik bolmazdy.Biz hakykatyň üstünden baraýdyk öýüdýän,soňky sözlemi aýdyp.Indi bolsa biz paýlaşygyň üstünden geldik. Biz hakykaty paýlaşarys häzir,her kim öz ülüşini alar,hatda bu işe mese-mälim gatnaşmadyk adamlar hem.Hakykaty paýlaýan men. Gürrüňi has irteden başlaýyn.Nähili mekdebe baranymy bilmeýen,emma birinji klasda okan pursatym ýadyma düşýär.Birinji klasyň ýarym ýyllygynda men täzeje türkmen dili kitabyny alyp bosaga çykdym we şu ýerde oturup okap ugradym. Bu kitabyň ýakymly ysy bardy we men kitabyň içindäki gysgaldylyp alynan eserleri höwes bilen okap başladym.Edebiýat meniň birinji halan ugurym boldy we häzir hem şeýleliginde galýar.Meniň diýjek bolýanym men kitaby örän irte gowy gördüm.Okap öwrenmeli temany ertyir mugallyma aýdyp bermek üçin men bu kitaby goýun bakýan ýerime göterip gidip şol ýerde okadym Mundan daşary men içinde dürli temalary bolan çeper edebiýaty hem köp okadym.Uly klaslarda okanymda men astronomiýany, taryhy, biologiýany,himiýany gowy gördüm.Men matematika ,fizika,çyzuw aýdym,saz ýaly ugurlarda hem pes bilimli däldim. Umuman aýdanyňda men häzir hem ekzamen tabşyrsam üçlik-dörtlik baha tabşyrsam gerek. Bu baha ýaman däl eger öz güýjüňe tabşyrsaň. Parahorlaryň bolsa umuman ýazyp we okap bilmeýänleri köp ahyry. Olaryň käbiri a...a diýip agzyny açyp bilmeýänleri hem bar. Mundan daşary bu parahorlar azgyn hem bolýarlar we okuwy gutaryp işe girmek üçin ýene para berýärler. Bir gezek para berip iş bitiren adam para brmäne endik edýär.Atasy para breip iş bitirenleriň oguly-gyzy hem para berýär. Paraholuga eneler hem gatnaşýar.Käbir maşgalalar durşuna paraholuk edýärler , olar para bermekden daşary dogry gelende ozleri hem para alýarlar. Parahorlaryň araçylary hem bolýar.Mysal üçin,para alýan mugallum özüniň para alýandygyny gizlejek bolup özi dogrydan-dogry para berýänden pul almaýar.Bu işi araçy ýerine ýetirýär.Para serişdesi bolup diňe pul hyzmat etmeýär eýsem para serişdesi bolup wezipe bermek,iş bermek ,yer we jaý bermek, hatda käwagt aýal-gyzlary bermek, garyndaşlyk açmaklyk ýaly ýagdaýlar hem girýar. Parahorluk ýurduň hemme ýerinde bir tekiz bolmaýar. Käbir etraplarda parahorluk möwç uryp käbir etraplarda pes hem bolup bilýär.Käbir ýolbaçylar parahorluk bilen barlyşyksyz göreşýärler, köpüsi bolsa tersine parahorluga özleri gatnaşyp parahorlugyň ýenede ösmegine sebäp bolýarlar.Parahorluga garşy islendik adam göreşip bilýär, munuň üçin wezipe eýelemek hökman däl. Göreşmegiň birinji usuly bu özüň para bermeli däl,ikinji usuly adamlar bilen sözleşeniňde parahorlugyň ýaman zatdygyny aýytmaly,para berip we para alýanlary tankyt astyna almaly.Işi has netijeli etjek bolsaň parahorlaryň üstünden hökümet edaralaryna arz etmeli. Habar beriş serişdelerinde parahorluga garşy çykyş etmeli.Parahorlygyň örän gizlin görnüşleri bolup daşdan görseň bu edilýän hereket paraholuga meňzemeýär Bu işi edýän adamyň özi anyk bilýär parahorluk edip oturanyny. Mysal üçin toýa çagyryp ýörite arak,iýim-içim bermek, dogulan gün bellän bolup işiň düşjek adamy çagyryp getirip hyzmat etmek, işiň düşjek adamyň gapysynda özüň we çagalaryň hyzmat etmegi, iş bitirjek bolup aýalyňy görme-görüşe göýbermek,wezipeli we pully adama ýallaklamak ýaly hereketler hem parahorluga girýär.Yzyny eşidiň,siz öň eşitmedik zatlaryň üstünden bararsyňyz. Ýazyp alyň,gadyrdan talyplar,siz köp zady bilmelisiňiz. Indi biz parahorlgyň üstünden geldikmi diýmek bu barada anyk maglumatlary berjek bolaly.Parahorluk diňe okuw jaýlarynda ýaýraman eýsem köp edaralarda, kärhanalarda,zawod-fabriklerde, firmalarda,daýhan birleşiklerde, söwda ulgamynda wezipe we pul bar ýeriň hemmesinde bolup biler.Parany diňe wezipeli adam alman eýsem hiç ýerde işlemeýän adamlar, daýhanlar ,maldarlar hatda okuwçylar hem alyp hem berip bilerler.Indi wezipeli adamyň para alyp bijekdigine siziň ynamyňyz bardyr emma daýhan nähili edip para alyp ýada berip biler diýip soramagyňyz mümkin. Bu aýdanymy subut etmek üçin men öz ýaşaýan daýhan birleşigimde bolup geçen wä häzir bolup geçip duran parahorluk bilen baglanyşykly kanundan çyklmalary ýazaýyn. Ýyllar dowamynda göreşilmedik parahorluk kem-kemden ýaýrap jemgyýetiň ähli gatlagyny gurşap alýar we her kim özünden ejize ýapyşyp ondan para aljak bolup çytalaşýar. Eger bu ýerde para bermejek bar bolsa ond bu parahorlar dil birikdirip para bermeýäni öz kanuny hukuklaryndan gysjak bolýarlar ,para almaýan adama her dürli şyltaklar atýarlar onyň okuwly, işli we wezipeli bolmagyna pasgel berýaärler. Parahorlar dil birikdirip para almaýan adamy işden kowýarlar hatda käbir aktiw parahorluga göreşejini öldürmekleri hem mümkin. Şonuň üçin köp adamlar parahorluga garşy göreşmekden gorkýarlar. Dogrysyny aýytsaň parahorluga garşy diňe janyndan doýan adam we örän güýüçli adamlar göreşýärler.Parahorluga garşy göreşmek daşky duşmana göreşmekdende kyn. Sebäbi parahorlaryň içinde seniň ýakyn adamlaryň bolýar.Parahorlar ol diýen akmak adamlar bolmaýarlar, käwagtlar parahorlar puşman edip düzelip hem bilýärler.Bu düzelen adamy tanap onuň ýene öz jenýatyna gaýdyp gelmegi üçin parahorlar elinden gelenini edýärler.Paahorluga garşy göreşmek bu asyllylyk, mertlik we uzagy görmeklige girýär.Parahorlygyň soňy ýok.Parahor adamyň öz ömüri ,perzentleriniň ömüri uzak bolmýar.Parahorluk ýurdy syýasy we ykdysady taýdan ejizledýär.Parahorluk neşe ýaly bir zat bolup bir ýapyşandan soň aňsat gitmeýär. Bu sözimiň delili hökmünde käbir anyk bolup geçip duran ýagdaýlary size aýydaýyn.Meniň ýaşaýan ýerimiň halky parahorlugyň ýaman zatdygyny bilmän duranoklar. Bu olar bilen sözleşeniňde belli bolýar. Haçan siz bu para berip iş bitirenlere ;- sen para berip şu işleri etdiň diýseň, olara edil köz ýapyşan ýaly gyp-gyzyl bolýarlar we eden bu haramlygyny inkär edýärler.Köpüsi bolsa seniň bu sözüňe uruşjak hem bolýarlar..Parahor atanyň ogul-gyzlary öz atasynyň parahorlugyndan düşýän serişdeleri iýip ,sowup, peýdalanyp otursalarda özlerini hem atasy bilen bir hatarda goýman atasyny parahorlukda aýyplaýarlar.Şeýle ýagdaý olaryň aýaly bilenem bolup geçýär.Käbir aýallar äriniň getirýän seridesiniň haramdygyna seretmeýär we bir wagtlar bu haramlyk üçin jeza çekmeli bolanda aýal özüni bu jenaýatda aýypdar däldirin öýüdýär.Bu sadalyk däl. Bu şeýtançylyk. Aýallar hem edil ärleri ýaly nebsine haý diýip bilmeýärler we haçan edilen jenaýata jogap bermeli bolanda erkekler jezadan gaçyp galyp bar aýyby aýallaryna ýüklýärler we türmä aýallaryny göýberýärler.Şonuň üçin siz aýallar adamyňyzyň getirýän köp pulundan habardar boluň. Bu pullar ogrylyk bolaýmasyn. Parahorlar örän sypalakçy bolýarlar. Olary para alan puly bilen tutsaňda olar men para aldym diýmeýärler, emma olary tutan hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri şuny bilmeli;olara mejbury dälde öz erkleri bilen men para aldym diýdirmeli , şonda olaryň bu aýydan sözi özlerine agyr batýar we bu parahor eden jeneýaty üçin puşman edip başganyň şunuň ýaly jenaýatlary etmezligi üçin öz goşandyny goşýar. Para alanyň ýüzüne sen para aldyň diýmek onuň ýüzüne köz basanyň bilen deň bolýar, çünki Allatagala bu sözi köze öwürýär, ynanmasaňyz meniň bu aýdanymy bir para alanda synap göräýiň.Para bermek para almakdan pes bolmaýar.Köp adam men para berjek däldim, meni para bermäne mejbur etdiiler diýip sypalak atjak bolýar.Ol ýalan sözleýär.Oňa ynansaňyz siz hem parahora şärik bolýarsyňyz.Bu adamyň içinde şeýtan otyr. Ol sizi hem ýoldan urjak bolýar.Bu adam entek para bermänkä azan adam onuň gara nebsi öňüne düşen adam.Bu adam haram tapmakdan ep-esli maýa ýygnan adam ýada tapan puluny haram iýmekden ýok edýän adam.Eger siz öň parahorluk bilen baglanyşykly dogry sözi eşitmän parahorluk eden bolsaňyz onda siz bu eden jenaýatyňyz üçin derrew puşman etmelisiňiz we parany garypdan alan bolsaňyz, ondan para görnüşinde näme alan bolsanyz şony yzyna gaýtaryp berip oňa şu öwüt-neshatlary aýytmaly .-Men bilmän öte geçipdirin, sen para berme, men bolsa almaýyn.Bu maňa beren puluňy bolsa ýzyna gaýdyp al we öz garyp güniňi gowylandyrmak üçin sarp et ,çünki Allatagala hem hökümet hem öte garyplygy halamaýar.Eger parany baý adamdan alan bolsaň ýada puly jenýat üçin sarplaýan adamdan alan bolsaň onda bu puly ýada zady yzyna gaýtaryp berme sebäbi baýyň pula mätäçligi ýok, jenaýatçy bolsa yzyna gaýtarylan pula ýene jenaýat eder we eden jenaýatyna seni şärik eder. Sen bu puly ýetimler öýüne tabşyr we eden jenaýatyňdan saplanarsyň, üstesine eden jenýatyň üçin tutulsaňda eden haýyr işiň üçin hökümet seni aklar.Indi bolsa meniň dogulan ýerim bilen Aşgabadyň ýokary okuw jaýlaryňyň bilen baglanyşygy barada. Diýeli meniň ýaşaýan ýerimiň adamlary menden öň we meniň bilen den uniwersitete para berip giren bolsalar we men bir özüm şu uniwersite para bermän okuwa girjek bolsam bu iş başa bararmydy .Elbetde ,ýok. Eger meniň dogduk mekanymyň adamlary şu uniwersitete para bermän okuwa öz güýji bilen giren bolsalar meniňem bu uniwersitete öz güýjim bilen girmegimiň ähtimallygy ýokary bolardy.Uniwersitetiň mugallymlary aýdardylar;- Bu ýeriň adamlary kelleli, mundan öň olar para berman okuwa girdiler, bu ýigit hem şol ýerden diýip menden para tamakin bolman okuwa öz güýjim bilen girmegime päsgelçilik bermezdiler.Diýmek meniň aýagyma palta uranlar meniň dogduk mekanymyň adamlary bolan bolmagy mümkin we meniň ýakynlarym. Sebäbi meniň ýakynlarym Aşgabadyň köp okuw jaýlarynda bar. Ýöne bu adam kimkä ilkinji bolup Aşgabadyň ýokary okuw jaýyna para beren. Hany çyk sen parahor taryhyň jümmişinden. Aşgabadyň mugallymlary halarmydy meni, meniň bir özümiň para bermän okuwa girjek bolanymy eger meniň ýakynlarym para beren bolsa. Olar maňa ynanmazdylar.Olar aýdardylar;-Seniň bir özüň nähili akylly bolup bilresiň.Seniň ýakynlaryň parahor. Sen hem şolardan artykmaç dälsiň. Men şu ýerde Aşgabatdan ötünç soraýaryn. Parahor sözi Aşgabadyň halkynyň hemmesine degişli däl. Bu size düşnikli bolsa gerek we men sizden rugsat soraýaryn Aşgabadyň ýokary okuw jaýlaryndaky parahorlyk barada gürrüň etmäne.Geliň hemmämiz bir bolup parahorlukdan saplanjak bolalyň watanymyzyň şan-şöhraty üçin, halkymyzyň bolsa abraýy üçin. Bilseňiz para bermegiň we para almagyň özüne ýaraşyk kadasy, tertibi we hatda kanuny bar.Parahorluk bu gün dörän zat däl.Parahorluk asyrlaryň jümmişinde özi üçin dörän garşylyklary ýeňip biziň günlerimize ýetip gelen.Gadymda parahorluk üçin dardanam asypdyrlar emma parahorlaryň köpüsi ýene para berip sypyp galypdyrlar.Diýmek parahorlar şol bir ýaragy hemişe ulanýarlar.Bu diňe para bermek.Para berýän adam berýän parasyndan netije gözleýär, özäm berýan parasynyň mukdaryndan has köp.Para alýan adam bolsa oňa wada berýär;- sen meniň aýdanymy berseň maksadyňa ýetersiň.Şu ýerde şaýat gerek bolýar.Muňa tanyş hem diýýärler. Üçinji bir adam bolmasa bu ikisiniň arasynda ylalaşyk bolmazlygy mümkin,sebäbi olar özara biri-birine ynanmazlygy mümkin. Üçinji adam iki tarapada lebzinde durmagy üçin şaýat. Şaýat ýada tanyş köplenç öň köp gezek para berip almaklyga gatnaşan adam.Şeýle hilli adam birnäçe edaranyň we köp adamlaryň arasynda parahorlugy ýola goýan adam.Oňa ynam edýärler. 3.Araçy mugtuna araçy bolmaýar. Ol orta goýulan puldan we zatdan öz ülişini almaga taýyň.Parahorlar öz aralarynda hemişe ylalaşýandyr diýip oýlamak ýalňyş pikir.Olar padaçy haýwanlar ýaly orta goýulan para üçin biri-biriniň etini iýmäne taýyn.Aslynda paranorlar hemme taraplaýyn azan adamlar.Olar köp imekde, köp uklamakda ýaltalykda,aldamakda,arakhorluk,neşekeşlik etmekde, sam-sam geplemekde,ejize ganym bolmakda, hökümet edaralarynda işlände ýalan hasabat bermekde,aýalyna we çagalaryna ikilik etmekde hem ýakasyny tanadýan adamlar .Parahorlarda watan , halk,adamçylyk duýgylary bolmaýar.Şeýle adamlar pul,wezipe ýada zat üçin öz watanyny islendik wagtda satyp oňa dönüklik edip bilerler.Parahorlarda ar-namys düşünjesi hem pes bolýar.Para almak üçin şeýle şertler gerek;-1.Parahor adamyň para berip wezipe eýelemegi;-2. ogry adamyň para berip pul we zat saklanýan ambarda işlemegi;-3. parahor adamyň döwlet tarapyndan berilen höküm etmeklige eýe bolmagy;-4.parahoruň üstinden seredýän adamlaryň we edaralaryň özleriniň parahor bolmagy;-5.para alýanyň hökümet edaralaryndangokmazlygy.Para bermek üçin şeýle şertler gerek.;1.Para alýan adamyň we edaranyň bolmagy;-2.Parahorlukdan para berýäniň habardar bolmagy; 3.Para berýäniň öň hem para berip iş bitirmegi;-4. para berýäniň hökümet edaralaryndan tisginmezligi. Iki halatda hem parahorlar hökümet edaralaryndan gokmaýarlar we olaryň düşünjesine görä puluň öňünde durup biljek adam ýok.Köplenç olaryň diýeni bolýar we parahorlar hemişe halal ýaşajak bolýan adamyň üstünden gülýärler. Indi sizde şeýle pikiriň döremegi mümkin. Parahorlukdan zyýan çeken men we şonuň üçin olaryň üstünden düşüp oturan ýaly.Bu nädogry düşünje.Parahorlukdan hemme ezýet çekýär, aýratynam ýaşlar.Okuwa we işe girjek ýaşlar eýýäm öňünden okuwa we işe girjek ýeriniň para alýandygyny eşidýär ,edil meniň ýaly, ýadyňyza salyň men uniwersitetiň para alýandygyny eşidip öýe pul getiriň diýip habar göýberenimi. Para bermelidigini eşiden ýaşlar derrew gokýarlar,men para bermesem okuwa girip bilmerin diýip.Onuň özüne ,bilimine ynamy sönýär.Şeýle ýagdaýa düşüp para berip iş bitiren adam hiç haçan özüni dürsemeýär gorkak we nalajedeýin bolýar.Parahorlara geregi hem şu.Olar şeýdip gorkuzyp soňra şol gorkuzan adamyndan hemişe para alýarlar.Para alýan adamlar örän pis we köpbilmiş bolýarlar .Mysal üçin olar bilimli okuwçyny gorkuzyp pul aldy diýeli .Biziň bu bilimli diýýän okuwçymyz para bermändede okuwa girmäne mümkinçiligi bardy.Şonuň üçin oýlamaly däl hemme para berýänler bilimsiz diýip. Bilimliniň para bermegi katastrofa.Bu ýer şarynyň okundan çykyp gitmegi bilen deň zat. Bu pygamberiň öz döreden dininiň üstünden gülmegi bien deň zat .Bu haýsydyr bir güýiçli döwletiň öz patyşasy tarapyndan dargadylmagy bilen deň zat.Bilimliden para almak bilimiň üstünden gülmek, bu hiç zadyň gadyryny bimezlik.Bu sözler barybir olara täsir etmez.Parahorlaryň gulagyna güni bilen para almagyň ýaman ýaman işdigini aýytsaňam olar seniň sözüňe pitiwa etmez,tersine saňa akmak diýip üstüňden gülerler.Şonuň üçin parahorlar bilen iş salyşýan edaralar olaryň hiç bir wadasyna seretmän derrew türmä basmagy gerek ýene-de olaryň emlägini elinden alyp olary ysmaz edip goýmagy gerek. Ýogsa olar türmä düşen ýerinde hem para berip sypjak bolar. Aýratyn gürrüňParahorluga garşy göreşýänadamlar we edaralar barada.Bu edaralaryň işgärleriniň içinde hem parahor ýok diýip ynam edip bolmaz.Parahor hemme ýerde bar ýogsa bir topar parahorlaryň döwlet işindede we başga işlerdede ýaýnap-ýaşnap,pul jemläp, zat ýygnap ýörendigini biz görýäris.Bu parahorlaryň hemmesi parahorluga garşy göreş edaralaryň eleginden geçen adamlar we bu edaralar tarapyndan bu biziň öz adamymyz diýen lakamy alan adamlar.Örän köp adamlar dogryçyl bolmak,halal ýaşamak,adalatly iş çözmek,günw iş etmezlik düşünjesini bilmäýärler we bu hilli adamlar parahorluk jenaýat hem diýmeýärler we parahorlara kömek berýärler we köp halatlarda parahorluk eden adamlar lenýata garşy göreşýän adamlar bilen garyndaşlykda, tanyşlykda durýarlar we bu adamlar öziniň etmeli işini ýatdan çykaryp paraholar bilen göwündeşlikde durýarlar.Olar dogrydan-dogry para almasalarda parahor garyndaşlaryna kömek berýärler.Ýöne bu paraholar özlerine kömek eden adamlaryň ýagşylygyny bilmeýärler, olar meniň pulum meni halas etdi diýip düşünýärler.Indi bolsa men sizi öz ýaşaýan ýerimiň adamlary bilen tanyşdyraýyn we şonda siz meniň näme diýjek bolýanyma has içgin girişersiňiz we siz adamlar baradaky düşünjäňizi ýenede ösdürersiňiz onsoň ýene siz meniň durmuşda nämelere üns berendigimi hem bilersiňiz.Bizden uly ýaşly adamlar özlerinden uly Ýaşly adamlar barada şeýle ýatlamalary ýatlaýarlar;-Pylan Togalak lakamly atly bir adam bardy.Ol para berip iş bitirmekde örän ökdedi. Ine Aşgabatda okap ýören oglanlaryň biri atasynyň puluna bil baglap okamandyr we elbede okuwa hem ugurly gatnaşmandyr Özi talyp bolsada okuw okamanyň ornuna it kesekläp gezipdir. Ekzamen wagty hem gelip ýetipdir.Ekzamen başlanypdyr .Biziň aýydýan talybymyz dagdan daş gaýydan ýaly polup ekzamenden ýykylypdyr.Oglan ekzamenden ýykylanyny öýüne habar beridir.Atasy oglunyň yzyndan gelipdir.Görse oguly ekzamenden ýykylan.Öň para berip ogluny okuwa salan bu adam ýene para berip ogluny okuwda diklejek bolupdyr.Ologluny ekzamenden ýykan mugallymyň ýanyna baryp oňa para hödürläp, berilen pula ogluny okuwda diklemegini sorapdyr, emma mugallym öziniň para almaýandygyny , oglynyň bolsa okuw okamana mynasyp däldigini onuň okuwdan kowulandygy bolsa adalatlydygyny aýdypdyr.Ogly okuwdan kowulan bu adam oba gaýdyp gelipdir. Onuň Aşgabatdan gaýdyp gelenini eşiden adamlar hal-ahwal soraşmana onuňka gelipdirler. Bu adamlaryň ijçinde Togalak hem bar eken.Oglanyň atasy bolan wakany bu ýerdäkilere aýdyp beridir wepara almadykmugallymy hem olara ýamanlapdyr.Onda Togalak bu mugallymyň kimdigini sorapdyr Bu adambolsa bu mugallymyň öýüne barndygyny ,puly oňa öýünde hödürländigini,pul hödürlenen wagtda mugallymyyň aýalynyň hem bolandygyny aýdypdyr.Onda Togalak pul nödürlenmezden öň mugallymyň aýalynyň ýüz keşbini we pul hödürlenenden soň onuň aýalynyň ýüz keşbini aýdyp bermegini sorapdyr.Oglanyň atasy şeýle diýipdir;-Pul hödürlenmezden ozal aýalyň ýüzi gamaşyp durdy,biziň bilen salamlaşmady hem, ýöne pul hödürlenenden soň aýalyň ýüzi gowylaşdy we bize çaý-çörek hem getirdi- diýipdir.Bu sözden Togalak zarbany kime urmalydygyny bilipdir we bu IŞI öziniň bitirip berjegini aýdypdyr.Ol Aşgabada okuwdan kowulan oglany, mugalluma para bermek üçin puly we aýaly öz tarapyna yrmak üçin blolsa altyn bilezigi alyp Aşgabada gelipdir.Mugallymyň öýde ýk wagtyny peýläp onuň aýaly bilen sözleşipdir.Söz açmazdan ozal ol altyn bilezigi aýalyň öňünde goýupdyr.Aýal altyn bilezigi gowy görendigini emma adamynyň para almaýandygyny aýdypdyr.Onda Tpgalak şunça puly hödürlese islendik kellekeseiň onuň ärini öldürjegini aýdypdyr.Bu sözden aýal gorkupdyr we adeamý öýüne gelenden soň ony berilen parany almagy talap edip ugrapdyr.Mugallym para almazlyk bilen baglanyşykly Aýaly bilen dawa-jengellere çydap bilmändir we oglany okuwynda dikläpdir,ýöne ol puly almandyr,aýaly bolsa altyn bilezigi alypdyr.Togalak mugallyma bermek üçin niýetlenen puly öz kisesine urupdyr we oba gelip puly mugallyma berdim diýip oglanyň atasyny aldapyr.Togalak lakamly adam hakykatdan hem bolan adam,bu adamyň oguly häzirki döwürde daýhan birleşigiň arçyny we edil atasy ýaly ol hem parahor we üstesine bu adam,ogry,ýalançy, künti, arakhor.Käwagtlar adamlar öz dünýägaraýşynyň jümmişinde peýda bolan soraglara özi jogap bermeli bolýar, sebäbi onuň bu soraglaryna jogap berjek ýok. Onsoň adam bu soraga özi jogap bermeli bolýar we ilkinji kellä gelen jogap dogry bolsada ýada nädogry bolsada bu soraga jogap bolýar.Meniň diýjek bolýanym käbir adamlar biziň ýurdymdyzda höküm sürýän parahorlygyň asyl nusgasy diýip hökümetiň özi parahor diýip soraga aňsat jogap berjek bolýar we ýalňyşlyk göýberýar we bu soraga şeýle jogap berseň hakykata has ýakyn bolar.Aslynda biziň halkymyz durşuna parahor bolmagy ahmal we hökümet parahor däl adamy işe aljak bolup gündiz eli çyraly gözlesede onuň azaby biderek bolmagy hakyakata has ýakyn bolmagy ahmal we siz öziňiziň durmuşda eden köp dürli işleriňizi seljerseňiz siz hem parahor bolup çykarsyňyz.Hökümet bolsa hiç haçan para almaýan adamy paraholuga garşy göreş edarasynyň ýolbaşçysy edip goýup bilmez sebäbi öz etmeli işiňi başga birine ynanmagyň özi hem parahorluga ýakyn bir zat.Şonuň üçin adamyň ykbalyny bir hereketde berbat edip bilýän işleri hiç kime ynanman öziň etmeli. Haçan sen parahorluk bilen göreşip başlanyňda öziň kimdigiňe göz ýetiresiň we şonda ol parahor men bolsa parahor däl diyip özüňe uly baha bermersiň. Öň aýdyşym ýaly parahorlygyň haýsy ýerde başlanyp haýsy ýerde gutarýanyny hiç kim bilmeýär.Eger parahor bolmajak bolsaň ähli edýän işiňi öziň göz astyna almaly we bir ýerde sähel hata geçseň öziňe men parahorluk etmedimmikäm diýip öziňi barlap durmaly. Meniň özümden on ýaşa golaý uly tanyşym bardy.Ol maňa öwüt bermäni gowy görerdi we men bu adamyň maňa beren öwüdine öziniň eýermeýändigini gördüm.Meniň bu aýydýan adamym 1ga pagtanyň birinji iýmitine 50 halta iýmit, ýagny karbamid berdi we men bu adamyň eden işini goldamadym. Soňra bu adam bir-iki ýyllykda bolan gurban baýramynda 50 kileden agýan eti ortalyga soýulan malyň etinden satyn alany üçin men bu adamy ýenede halamadym we biziň aramyz bozuldy we men onuň öwütlerinden gaçyp başladym Ol ýene bir söz diýdi, ýöne bu söziň bu ýerde nämä gerekdigine men düşünmedim. Ol şeýle diýdi;-Adamyňky bir göwün...Men bu adamyň pagta şeýle köp mukdarda iýmit bereni üçin men onuň bu eden işini parahorluk diýip düşindim.Onuň eti köp almagy bolsa, adamyňky bir göwün diýen sözine dogry gelmeýär.Meniň özüm bilen ýaşytdaş klasdaşym bar.Ýaşlykda onuň bilen meniň jynymyz alyşardy we biz wagtal-wagtal bile oturyp wagtymyzy geçirerdik. Ol bu söhbetdeşlikde adamlaryň azandygy barada her hilli delilleri getirip janygyp oturardy we men hem ony bu sözlerinde goldardym.Men ony hakykaty aýdyp gynanýandyr öýüderdim. Emma ýalňyşan ekenim. Il içinde onuň eden kispuruşlygy barada söz ýaýrady we onuň özi hem eden ýaramaz işleriniň birnäçesini maňa aýdyp berdi we men onuň etmişini şol wagt adamyň dogry gelen jenaýatdan gaçyp bilmezligi diýip düşindim we ony ýaramaz adam diýip düşünmedim. Emma onuň ýer bilen baglanyşykly eden ýaramaz işlerini eşidip meniň ondan göwnim galdy we men ondan öýkeledim.Ol dýhan birleşigiň başlygyna para berip birnäçe gektar ýeri satyn aldy we onuň bu etmişini halka hyýanat diýip düşindim. Mundan daşary meniň bu klasdaşym para berip perzentlerini işe ýerleşdirmekde hem aýypdar , küntiçilikde hem aýypdar, arakhorlukda hem aýypdar.Döwletiň puluny jübä urmakda hem aýypdar. Haçan men onuň etmişlerini boýnuna goýanymda ol şermendelige geçdi we edip ýören jenaýatlaryny ýüzüne bassamda ol özinli müýünli duýmady, tersine ol öziniň eden jenaýatlaryny men eden ýaly maňa topuldy.

Bilim, beyik yazyjy tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir