1. Hatda dostundan hem hakykaty eşitmek islemeýän adam ygtybarly däldir. (Siseron)
2. Ozaly bilen, taýýarlyk üstünligiň açarydyr. (Aleksandr Grehem)
3. Rehimdarlyk ahlagyň özenidir. (Artur Şopengauer)
4. Siz dogry ýoly tapmak üçin birgiden nädogry ýollardan geçmelisiňiz. (Bob Parsons)
5. Hakykatyň sesi gybata garşy çykýar. (Lao- Szy)
6. Şuny ýatda saklaň: durmuşy bagtly etmek üçin köp zat gerek däl. (Awreliý)
7. Eger durmuş saňa limon oklan bolsa, onda limonad ýasa. (Nakyl)
8. Şowly adam bolmaga dälde gymmatly adam bolmaga çalyşyň.
9. Sen ilki özüňi tanamalysyň. Özüni tanaýan adam öz çäklerinden hem çykyp, öz hereketlerine we pikirlerine gözegçi ýaly seredip bilýär. (Adam Smith)
10. Özüňize ynanyp başlaň we siz derrew nädip ýaşamalydygyna düşünersiňiz. (Iogan Gýote)
11. Özümiziň kimdigimizi bilýäris, ýöne kim bolup biljekligimizi welin bilmeýäris. (Wiliýam Şekspir)
12. Haçanda sen dünýä ineniňde, sen ýeke agladyň, töweregiňdäkileriň barysy bolsa şatlandy. Sen durmuşda şeýle ýaşa, haçan-da sen dünýäňi täzeläniňde töweregiňdäkileriň ählisi aglasyn. (Hindi pähimleri)
13. Durmuş –bu öz hakyky ýüzüňi gözlemek üçin, dürli aýnalardan öz ýüzüňe seretmekdir. (Woýtek Barto)
14. Öz geljegimiziň nähili boljagyny bilmeýänligiňiz üçin başgalary geçmişi bilen aýyplamaň. (G.d pähimleri)
15. Gözellek owadan ýüzde dälde, owadan pikirde, owada kalpda we owadan göwünde jemlenýär. ( A. P. Çehow)
16. 3 zat bagtly edýär: söýgi, gyzykly iş we syýahat etmek mümkinçiligi. ( Iwan Bunin)
17. Durmuş, bu soňsyz kämillikdir. Özüňi kämil hasaplamak bolsa, özüňi ýok etmekdir.
18. Wagty boş ýere sarp etseň, ol halamaýar. ( Genri Ford)
19. Kütek üçin hemme zat ýiti. (Ýanina Ipohorskaýa)
20. Eger-de meseläni kimiň döredenligi hakda pikirlenseň, ony hiç haçan çözüp bilmersiň. (Albert Eýnşteýn)
21. Sen nirede bolmak isleseň, pikirleriň hem şol ýerdedir.
22. Eger-de men iň bolmanda bir adamy ýaşamagy umytlandyryp bilsem, onda meniň boş ýaşamadygym. ( Martin King)
23. Öz ýalňyşlyklaryň hakda hiç haçan gynanma, ýalňyşman, hiç haçan nädip dogry etmelidigini bilmersiň.
24. Durmuşyň öwrederine garaşyp durman, özüňiz hem öwreniň.
25. Göwher läbigiň içinde-de göwherdir, tozan al- asmana galsa-da tozandyr.
26. Durmuşda bagt tapmany öwren- bu bagty özüňe çekmegiň iň gowy usulydyr. ( Hun Çzyçen)
27. Itiň boýnuna göwher daksaňda, ol üýrer.

Edebiýat, nekrasow tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir