13 Ýok. Meniň boş zatlary ýazmana asla islegim ýok. Meniň bu edýan işlerimde anyk maksatlarym bar. Bu maksatlar size kem kemden aýan bolar. Meniň maksatlarym siziňki bilen ogşaş.Siz muňada düşünersiňiz.-Käwagtlar men Aşgabady ýatdan çykaryp öz ýaşaýan ýerim bilen ykbalymy baglanyşdyryp görýärin.Gel diýeli Aşgabat meniň üçin ýat ýer, ýat şäher,olar meni tanamadylar,şonuň üçin olar maňa üns bermediler. Ýone meni tanaýan ýerlerim maňa nähili garadylarka. Ýok, men bu ýerde hem uly üstinlik gazanmandyryn.Dogry adamlaryň birde- ýarymy meni goldapdyrlar,meniň içimde özleri üçin gowy zatlaryň bardygyny aňypdyrlar ýöne olar hem meniň üçin diňe öz ýanyndan hyýal ýöredipdirler emma degerli işleri etmändirler.Maňa bolsa degerli kömek gerek bolupdyr.Indi görüp otursam adamlar öz ykbalyny özleri üýüýtgedip bilmeýän eken.Olaryň ykbalyny olary gurşap alan adamlar,tebigat hadysalary hatda käwagtlar biziň ukypsyz diýýän mör- möjeklerimiz üýütgedip ýa öňe ýada yza itekleýäň ekeni.Men bolsa öz ykbalymy özüm üýütgetjek bolup şol azara galyp ýöräpdirin. Meniň şu ýazyp oturan uzak gürrüňlerim hem ykbalymy üýütgetme bilen baglanyşykly bolsa gerek. Eger men adam öz ykbalyny özi üýütgedip bilmeýär diýip öte geçýän bolsam onda serediň parahoruň ykbalyna. Parahoruň ykbalyny kim üýütgedýär,kime para beren bolsa şol üýütgedýär. Biz şu ýerde üýütgeşik düşünjäniň üstünden bardyk. Emma onuň para beren adamy hiç bir keramata eýe däl adam .Onda nähili edip para alan adam para bereniň ykbalyny üýütgedýär Para alanda näme bar. Aýdyp bilermisiňiz. Jogap;-Para alanda hukuk bar,onuň para almana hukugy bar. Hukugy oňa kim berýär.Jogap;-Hökümet. Ýogsa ol para alyp bilermidi. Ýok. Onda siz aýytmagyňyz mümkin;-Ol jenaýatçy, hukugy ol ogurlap aldy, hökümet oňa para al diýmedi.Bu gowy zat ,eger hökümet oňa para al diýmedik bolsa ,ýöne bu ýeterlik däl.Hökümet gowy bilmeli özüniň borjunu. Hökümet millionlarça admyň ykbalyna täsir edýär, hökümetiň haýal-ýagallygy adamlaryň ömrüni kül edýär.Hökümet bu kezzaba para al diýmesede para alma hem diýmedi.Hökümet öz borjuna biperwaý hem boldy, hökümet onuň jenýat edýänini wagtynda bilmedi. Iň soňunda bu jenýatçynyň eden haramlygy nirä baryp direndi. Elbetde hökümetiň özüne. Özüni gorap bilmedik hökümet özgäni gorarmydy. Adamlar öz ykbalyny hökümete baglaýarlar. Olar öz betbagtçylygyny hökümetden görýärler. Indi gördüňizmi meniň bilen ýene kim ejire galdy. Hökümetiň özi. Örän üýütgeşik sözleri aýytdyk;- Ol hukugy ogurlap aldy diýdik. -Ýöne ol hukugu nähili ogurlap aldy.Eger hukuk ogurlanyp bilinýän zat bolsa onda ony gulp astynda saklamaly ekeni, ýogsa ol biziň beýleki hukuklarymyzy ogurlamagy hem mümkin .Bulam-bujarlyk, gep satmaklyk, biderek köp geplemeklik, gepe çydamazlyk.Bir topar bulam-bujarlygy gep bilen düşündirjek bolmaklyk.Biziň durmuşymyz başdan gowy däl ýogsa munuň ýaly köp geplemeklik bolmazdy.Biz hakykatyň üstünden baraýdyk öýüdýän,soňky sözlemi aýdyp.Indi bolsa biz paýlaşygyň üstünden geldik. Biz hakykaty paýlaşarys häzir,her kim öz ülüşini alar,hatda bu işe mese-mälim gatnaşmadyk adamlar hem.Hakykaty paýlaýan men. Gürrüňi has irteden başlaýyn.Nähili mekdebe baranymy bilmeýen,emma birinji klasda okan pursatym ýadyma düşýär.Birinji klasyň ýarym ýyllygynda men täzeje türkmen dili kitabyny alyp bosaga çykdym we şu ýerde oturup okap ugradym. Bu kitabyň ýakymly ysy bardy we men kitabyň içindäki gysgaldylyp alynan eserleri höwes bilen okap başladym.Edebiýat meniň birinji halan ugurym boldy we häzir hem şeýleliginde galýar.Meniň diýjek bolýanym men kitaby örän irte gowy gördüm.Okap öwrenmeli temany ertyir mugallyma aýdyp bermek üçin men bu kitaby goýun bakýan ýerime göterip gidip şol ýerde okadym Mundan daşary men içinde dürli temalary bolan çeper edebiýaty hem köp okadym.Uly klaslarda okanymda men astronomiýany, taryhy, biologiýany,himiýany gowy gördüm.Men matematika ,fizika,çyzuw aýdym,saz ýaly ugurlarda hem pes bilimli däldim. Umuman aýdanyňda men häzir hem ekzamen tabşyrsam üçlik-dörtlik baha tabşyrsam gerek. Bu baha ýaman däl eger öz güýjüňe tabşyrsaň. Parahorlaryň bolsa umuman ýazyp we okap bilmeýänleri köp ahyry. Olaryň käbiri a...a diýip agzyny açyp bilmeýänleri hem bar. Mundan daşary bu parahorlar azgyn hem bolýarlar we okuwy gutaryp işe girmek üçin ýene para berýärler. Bir gezek para berip iş bitiren adam para brmäne endik edýär.Atasy para breip iş bitirenleriň oguly-gyzy hem para berýär. Paraholuga eneler hem gatnaşýar.Käbir maşgalalar durşuna paraholuk edýärler , olar para bermekden daşary dogry gelende ozleri hem para alýarlar. Parahorlaryň araçylary hem bolýar.Mysal üçin,para alýan mugallum özüniň para alýandygyny gizlejek bolup özi dogrydan-dogry para berýänden pul almaýar.Bu işi araçy ýerine ýetirýär.Para serişdesi bolup diňe pul hyzmat etmeýär eýsem para serişdesi bolup wezipe bermek,iş bermek ,yer we jaý bermek, hatda käwagt aýal-gyzlary bermek, garyndaşlyk açmaklyk ýaly ýagdaýlar hem girýar. Parahorluk ýurduň hemme ýerinde bir tekiz bolmaýar. Käbir etraplarda parahorluk möwç uryp käbir etraplarda pes hem bolup bilýär.Käbir ýolbaçylar parahorluk bilen barlyşyksyz göreşýärler, köpüsi bolsa tersine parahorluga özleri gatnaşyp parahorlugyň ýenede ösmegine sebäp bolýarlar.Parahorluga garşy islendik adam göreşip bilýär, munuň üçin wezipe eýelemek hökman däl. Göreşmegiň birinji usuly bu özüň para bermeli däl,ikinji usuly adamlar bilen sözleşeniňde parahorlugyň ýaman zatdygyny aýytmaly,para berip we para alýanlary tankyt astyna almaly.Işi has netijeli etjek bolsaň parahorlaryň üstünden hökümet edaralaryna arz etmeli. Habar beriş serişdelerinde parahorluga garşy çykyş etmeli.Parahorlygyň örän gizlin görnüşleri bolup daşdan görseň bu edilýän hereket paraholuga meňzemeýär Bu işi edýän adamyň özi anyk bilýär parahorluk edip oturanyny. Mysal üçin toýa çagyryp ýörite arak,iýim-içim bermek, dogulan gün bellän bolup işiň düşjek adamy çagyryp getirip hyzmat etmek, işiň düşjek adamyň gapysynda özüň we çagalaryň hyzmat etmegi, iş bitirjek bolup aýalyňy görme-görüşe göýbermek,wezipeli we pully adama ýallaklamak ýaly hereketler hem parahorluga girýär.Yzyny eşidiň,siz öň eşitmedik zatlaryň üstünden bararsyňyz. Ýazyp alyň,gadyrdan talyplar,siz köp zady bilmelisiňiz. Indi biz parahorlgyň üstünden geldikmi diýmek bu barada anyk maglumatlary berjek bolaly.Parahorluk diňe okuw jaýlarynda ýaýraman eýsem köp edaralarda, kärhanalarda,zawod-fabriklerde, firmalarda,daýhan birleşiklerde, söwda ulgamynda wezipe we pul bar ýeriň hemmesinde bolup biler.Parany diňe wezipeli adam alman eýsem hiç ýerde işlemeýän adamlar, daýhanlar ,maldarlar hatda okuwçylar hem alyp hem berip bilerler.Indi wezipeli adamyň para alyp bijekdigine siziň ynamyňyz bardyr emma daýhan nähili edip para alyp ýada berip biler diýip soramagyňyz mümkin. Bu aýdanymy subut etmek üçin men öz ýaşaýan daýhan birleşigimde bolup geçen wä häzir bolup geçip duran parahorluk bilen baglanyşykly kanundan çyklmalary ýazaýyn. Ýyllar dowamynda göreşilmedik parahorluk kem-kemden ýaýrap jemgyýetiň ähli gatlagyny gurşap alýar we her kim özünden ejize ýapyşyp ondan para aljak bolup çytalaşýar. Eger bu ýerde para bermejek bar bolsa ond bu parahorlar dil birikdirip para bermeýäni öz kanuny hukuklaryndan gysjak bolýarlar ,para almaýan adama her dürli şyltaklar atýarlar onyň okuwly, işli we wezipeli bolmagyna pasgel berýaärler. Parahorlar dil birikdirip para almaýan adamy işden kowýarlar hatda käbir aktiw parahorluga göreşejini öldürmekleri hem mümkin. Şonuň üçin köp adamlar parahorluga garşy göreşmekden gorkýarlar. Dogrysyny aýytsaň parahorluga garşy diňe janyndan doýan adam we örän güýüçli adamlar göreşýärler.Parahorluga garşy göreşmek daşky duşmana göreşmekdende kyn. Sebäbi parahorlaryň içinde seniň ýakyn adamlaryň bolýar.Parahorlar ol diýen akmak adamlar bolmaýarlar, käwagtlar parahorlar puşman edip düzelip hem bilýärler.Bu düzelen adamy tanap onuň ýene öz jenýatyna gaýdyp gelmegi üçin parahorlar elinden gelenini edýärler.Paahorluga garşy göreşmek bu asyllylyk, mertlik we uzagy görmeklige girýär.Parahorlygyň soňy ýok.Parahor adamyň öz ömüri ,perzentleriniň ömüri uzak bolmýar.Parahorluk ýurdy syýasy we ykdysady taýdan ejizledýär.Parahorluk neşe ýaly bir zat bolup bir ýapyşandan soň aňsat gitmeýär. Bu sözimiň delili hökmünde käbir anyk bolup geçip duran ýagdaýlary size aýydaýyn.Meniň ýaşaýan ýerimiň halky parahorlugyň ýaman zatdygyny bilmän duranoklar. Bu olar bilen sözleşeniňde belli bolýar. Haçan siz bu para berip iş bitirenlere ;- sen para berip şu işleri etdiň diýseň, olara edil köz ýapyşan ýaly gyp-gyzyl bolýarlar we eden bu haramlygyny inkär edýärler.Köpüsi bolsa seniň bu sözüňe uruşjak hem bolýarlar..Parahor atanyň ogul-gyzlary öz atasynyň parahorlugyndan düşýän serişdeleri iýip ,sowup, peýdalanyp otursalarda özlerini hem atasy bilen bir hatarda goýman atasyny parahorlukda aýyplaýarlar.Şeýle ýagdaý olaryň aýaly bilenem bolup geçýär.Käbir aýallar äriniň getirýän seridesiniň haramdygyna seretmeýär we bir wagtlar bu haramlyk üçin jeza çekmeli bolanda aýal özüni bu jenaýatda aýypdar däldirin öýüdýär.Bu sadalyk däl. Bu şeýtançylyk. Aýallar hem edil ärleri ýaly nebsine haý diýip bilmeýärler we haçan edilen jenaýata jogap bermeli bolanda erkekler jezadan gaçyp galyp bar aýyby aýallaryna ýüklýärler we türmä aýallaryny göýberýärler.Şonuň üçin siz aýallar adamyňyzyň getirýän köp pulundan habardar boluň. Bu pullar ogrylyk bolaýmasyn. Parahorlar örän sypalakçy bolýarlar. Olary para alan puly bilen tutsaňda olar men para aldym diýmeýärler, emma olary tutan hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri şuny bilmeli;olara mejbury dälde öz erkleri bilen men para aldym diýdirmeli , şonda olaryň bu aýydan sözi özlerine agyr batýar we bu parahor eden jeneýaty üçin puşman edip başganyň şunuň ýaly jenaýatlary etmezligi üçin öz goşandyny goşýar. Para alanyň ýüzüne sen para aldyň diýmek onuň ýüzüne köz basanyň bilen deň bolýar, çünki Allatagala bu sözi köze öwürýär, ynanmasaňyz meniň bu aýdanymy bir para alanda synap göräýiň.Para bermek para almakdan pes bolmaýar.Köp adam men para berjek däldim, meni para bermäne mejbur etdiiler diýip sypalak atjak bolýar.Ol ýalan sözleýär.Oňa ynansaňyz siz hem parahora şärik bolýarsyňyz.Bu adamyň içinde şeýtan otyr. Ol sizi hem ýoldan urjak bolýar.Bu adam entek para bermänkä azan adam onuň gara nebsi öňüne düşen adam.Bu adam haram tapmakdan ep-esli maýa ýygnan adam ýada tapan puluny haram iýmekden ýok edýän adam.Eger siz öň parahorluk bilen baglanyşykly dogry sözi eşitmän parahorluk eden bolsaňyz onda siz bu eden jenaýatyňyz üçin derrew puşman etmelisiňiz we parany garypdan alan bolsaňyz, ondan para görnüşinde näme alan bolsanyz şony yzyna gaýtaryp berip oňa şu öwüt-neshatlary aýytmaly .-Men bilmän öte geçipdirin, sen para berme, men bolsa almaýyn.Bu maňa beren puluňy bolsa ýzyna gaýdyp al we öz garyp güniňi gowylandyrmak üçin sarp et ,çünki Allatagala hem hökümet hem öte garyplygy halamaýar.Eger parany baý adamdan alan bolsaň ýada puly jenýat üçin sarplaýan adamdan alan bolsaň onda bu puly ýada zady yzyna gaýtaryp berme sebäbi baýyň pula mätäçligi ýok, jenaýatçy bolsa yzyna gaýtarylan pula ýene jenaýat eder we eden jenaýatyna seni şärik eder. Sen bu puly ýetimler öýüne tabşyr we eden jenaýatyňdan saplanarsyň, üstesine eden jenýatyň üçin tutulsaňda eden haýyr işiň üçin hökümet seni aklar.Indi bolsa meniň dogulan ýerim bilen Aşgabadyň ýokary okuw jaýlaryňyň bilen baglanyşygy barada. Diýeli meniň ýaşaýan ýerimiň adamlary menden öň we meniň bilen den uniwersitete para berip giren bolsalar we men bir özüm şu uniwersite para bermän okuwa girjek bolsam bu iş başa bararmydy .Elbetde ,ýok. Eger meniň dogduk mekanymyň adamlary şu uniwersitete para bermän okuwa öz güýji bilen giren bolsalar meniňem bu uniwersitete öz güýjim bilen girmegimiň ähtimallygy ýokary bolardy.Uniwersitetiň mugallymlary aýdardylar;- Bu ýeriň adamlary kelleli, mundan öň olar para berman okuwa girdiler, bu ýigit hem şol ýerden diýip menden para tamakin bolman okuwa öz güýjim bilen girmegime päsgelçilik bermezdiler.Diýmek meniň aýagyma palta uranlar meniň dogduk mekanymyň adamlary bolan bolmagy mümkin we meniň ýakynlarym. Sebäbi meniň ýakynlarym Aşgabadyň köp okuw jaýlarynda bar. Ýöne bu adam kimkä ilkinji bolup Aşgabadyň ýokary okuw jaýyna para beren. Hany çyk sen parahor taryhyň jümmişinden. Aşgabadyň mugallymlary halarmydy meni, meniň bir özümiň para bermän okuwa girjek bolanymy eger meniň ýakynlarym para beren bolsa. Olar maňa ynanmazdylar.Olar aýdardylar;-Seniň bir özüň nähili akylly bolup bilresiň.Seniň ýakynlaryň parahor. Sen hem şolardan artykmaç dälsiň. Men şu ýerde Aşgabatdan ötünç soraýaryn. Parahor sözi Aşgabadyň halkynyň hemmesine degişli däl. Bu size düşnikli bolsa gerek we men sizden rugsat soraýaryn Aşgabadyň ýokary okuw jaýlaryndaky parahorlyk barada gürrüň etmäne.Geliň hemmämiz bir bolup parahorlukdan saplanjak bolalyň watanymyzyň şan-şöhraty üçin, halkymyzyň bolsa abraýy üçin. Bilseňiz para bermegiň we para almagyň özüne ýaraşyk kadasy, tertibi we hatda kanuny bar.Parahorluk bu gün dörän zat däl.Parahorluk asyrlaryň jümmişinde özi üçin dörän garşylyklary ýeňip biziň günlerimize ýetip gelen.Gadymda parahorluk üçin dardanam asypdyrlar emma parahorlaryň köpüsi ýene para berip sypyp galypdyrlar.Diýmek parahorlar şol bir ýaragy hemişe ulanýarlar.Bu diňe para bermek.Para berýän adam berýän parasyndan netije gözleýär, özäm berýan parasynyň mukdaryndan has köp.Para alýan adam bolsa oňa wada berýär;- sen meniň aýdanymy berseň maksadyňa ýetersiň.Şu ýerde şaýat gerek bolýar.Muňa tanyş hem diýýärler. Üçinji bir adam bolmasa bu ikisiniň arasynda ylalaşyk bolmazlygy mümkin,sebäbi olar özara biri-birine ynanmazlygy mümkin. Üçinji adam iki tarapada lebzinde durmagy üçin şaýat. Şaýat ýada tanyş köplenç öň köp gezek para berip almaklyga gatnaşan adam.Şeýle hilli adam birnäçe edaranyň we köp adamlaryň arasynda parahorlugy ýola goýan adam.Oňa ynam edýärler.Araçy mugtuna araçy bolmaýar. Ol para bermeklik üçin niýetlenen zatdan öz ülişini alýan adam.Para berýän we alýan tutulan ýagdaýyndada araça aňsat hiç zat bolmaýar.Onuň köp ýitirýän zady ýok.

Bilim, beyik yazyjy tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir