12 Öň aýdyşym ýaly men aldanypda bolsa okanym üçin gynanmaýaryn. Eýýäm Lakaşa Süýek bilen duşuşykdan soň men köp okap ugradym we çeper edebiýaty okamak meniň endigime öwrüldi. Men okadygymsaýyn sözüň gudratyna düşünip ugradym we sözi dogry ulanmak arkaly,sözi wagtynda aýytmak arkaly köp zatlary üýütgedip bolýandygyna we köp wajyp meseleleri çözüp bolýandygyny gördüm . Okamak, wagtyň geçmegi bilen özbaşdak ýazyp öwrenmeklige getirdi we men kitap ýazmany höwes edip ugradym ýöne kitap ýazmak aňsat iş däl ekeni. Dogry, kütek manyly,haysydyr bir meseleleri gozgamaýan,öňden bar bolan kitaplardan göçürilen eserleri ýazmak kyn däl.Şeýle hilli ýazuwçylar hem az däl. Ýöne men şeýle bir kitap ýazasym gelýär muny aýdyp düşündirer ýaly däl. –Ine onsoň men Aşgabada okuw üçin gelip okuwa girip bilmänligime gaty gynandym ýone şondada bu ýagdaý üçin mugallymlardan öýke etmedim.Men ol döwürde özümden gördüm. Men özüme ýene köp okamaly diýdim.Eger meniň okuwa taýynlygym has ýokary bolanda men okuwa girerdim diýdim. Aşgabada okuwa girjek bolmak meni ýenede şu ugurlardan basmarlady. Medinstuta gelip men özümiň örän garypdygyma hem düşünip galdym. Bu instituta birinji ekzameni tabşymak üçin gelenimde bu ýere ýygnanan oglan-gyzlar hamala toýa gelen ýaly gymmatbaha geýimler bilen geýinendi gün gormedik tenleri ap-akjady,olaryň hiç gaýgysy ýokdy. Men olardan derrew utandym. Ýygyrlyp çaga pişik ýaly bolup galdym . Bu ýaşlaryň biräm maňa üns bermedi. Diýmek olar meniň bilen däl. Olar meni özlerine deň saýanoklar. Bu ýer meniň ýerim däl. Men bu ýerden gitmeli. Eger bu institutyň talyplary şeýle boljak bolsa onda mugallymlary has beter gopbamsy bolsa gerek. Meniň medinstitutda okamak höwesim ep- esli ejizledi. Meniň Aşgabady taşlap oba gaýdasym geldi, ýöne beýle etmedim. Ekzamenleri bir çetinden tabşyryp başladym. Bir dörtlik, üç sany üçlik alyp konkursa geldim. Ýöne konkursdan geçmek üçin maňa ýarym ball ýetmedi we men okuwdan ýykylyp öýe gaýytdym Öň aýdyşym ýaly okuwa girip bilmänligim maňa örän agyr degdi. Öýe gelýän yolda maňa hiç kimiň duşmazlygyny isledim.Göterip gelýän torbam meniň uzak ýerden gelýändigimi görkezýärdi we meni görenlere satýardy. Men bu ýigrenji torbany başymdan aýlap zyňyp göýberesim gelýärdi. Içiňi ýakaýyn diýýäný aly meniň gelýän ýolumda Gyzylgül durdy.OL meni öň gören bolara çemeli onuň ýüzi hem salykdy. Ol menden zordan sorady okuwa girip bildiňmi diýip .Men hem oňa zordan jogap berdim girip bilmedim diyip. Men hemme kişiden öýkeli ýaly oňa başga hiç zat diýmän ýene ondan daşlaşdym.Indi biziň söýgümiz alasarmyk ýagdaýa düşdi. Men indi bilmedim söýgä ymtylmalymy ýada okuwa. Eger çyksa okuwa. Meniň ýüregimde daş döredi. Maňa diplom gerek däl maňa bilim gerek.Men yene özbaşdak okap ugradym we birinji netijäniň üstünden geldim emma bu gelen netijämi köpçülige aýytmak üçin maňa kän ýyl gerek boldy. Okamak arkaly gelen netijämi aýytmak maňa şu döwürde interetiň üsti bilen amala aşyrmak başartdy. Men muny hökman size aýdaryn ýöne entek Aşgabat bilen baglanyşykly gürrüň gutaranok.Siz meniň okuwa girmek bilen baglanyşykly çeken azaplarymdan mende dörän ruhy dünýämi duýmasaňyz siz hem meniň ýaly ýagdaýa aňsat düşersiňiz. Üstesine bagtyňyz işläp bu okuw laýlarynda mugallym bolsaňyz we siz hakykatdanam bilime hormat goýýany we çyny bilen bilimli bolmak isleýäni ,diplom alyp ýalan işleri etjeklerden aýrylarsyňyz. Bu hem gerek.Men bolsa ýene bir okuwa ýmtylýanyň meniň ýagdaýyma düşmezligini isleýärin.Men Aşgabada üç gezek okuw diyip bardym we girip bilmedim. Wagt geçip men bu düşen ýagdaym barada güýüçli oýlanyp başladym we munuň sebäbini anyklajak boldum.Köp zatlary özümden gördüm.Şulardan birinjisi berilen soraga dogry düşünip derrew jogap bermek.Men bolsa gözüm kör bolýança köp okasamda berilen zoraglara tiz jogap berip bilmedim. Ikinji bir ýagdaý eger mugallymlar para berip okuwa girýäni öňe tutýan bolsa men bolsa para bermän ekzamen tabşyrýan bolsam mugallymadan gowy zada garaşmazlyk. Şunuň ýaly ýerlerde biziň ulumsylygymyz aýagymyzdan çekýär, emma meň öň aýdyşym ýaly parahorlygyň nämedigini bilmeýärdim men okuw okamak isleýäne kömek berilýändir hatda okuw okamak isleýäne hormat hem goýulýandyr öýüdýärdim.Bu duýgylar mende häli hem bar.Wagt geçdigisaýyn Aşgabat maňa salgym bolup başlady, ýöne şu zatlar göz öňümden gitmedi.Uniwersitetiň arka tarapyndan barylýan gapylary, medinstituň ileri tarapydan barylýan gapysy we selhozinstitutyň arka tarapyndan girilýän gapysy. Bu ýerlerde ýöränim, ekzamen tabşyran hanalarym we käbir mugallymlaryň özüni alyp baryşy, käbir okuwçylaryň özüni alyp baryşy. Ýenede bir aýytmaly zat bu men Aşgabatda örän köp pomidor iýdim. Bu önüm şol döwürde iň arzan iýmitdi we biz ýanymyzdaky puly tygşytlajak bolup pomidor, kartoşkany köp iýýärdik. onsoň ýene maýda üzümi köp iýdik. Ýene bir zady aýytmaly biz okuw diýip baryp okuwa girip biljegimize uly ynam bolmasada hemişe gaýga batyp oturmadyk pursatyny peýläp oýnap-güldik, seýil baglarda dem aldyk, howuza suwa düşdik, teatra oýuna bardyk. Umuman käwagtlar hezil edip ýaşadyk.Eger Aşgabat bizi okuwdan ýykyp göýbermedik bolsa onda bu şähere hä diýse boljakdy bu şäher kurort şähere meňzeýärdi.Okuwdan ýykylan diňe men däldim. Başgada oglan gyzlar köpdi, olar ýurduň dürli welaýatlaryndan baran esasan oba ýaşlarydy. Olar üçin bilmeýen emma Aşgabada okuwa girip bilmezlik meniň üçin hakyky tragediýa boldy. Betbagtlyk yzma-yz dowam etdi. Yz ýanyndan men Gyzylgüli ýitirdim.Ol örän irte durmuşa çykdy.Men Orsýete gidip galyp dört ýyldan öýe gezmäne gelenimde tötänleýin oňa dogry gelip galdym we bu wagt onuň yzynda ýaňy dogry ýöremäni öwrenen oguljygy bardy we men Gyzylgüliň özünden dälde onuň perzendinden utandym. Men syr bildirmän gülimjirap olary garşyladym, hal-ahwal soraşdym.Bar bolany şu. Şeýdip meniň birinji söýgim hem maňa zarba urdy. Indi näme etmeli. Ýene Akjagül.Ýöne ol öli.Men ony gowy görenimdede dirileriň arasyna äkelip bilmerin.Diriler meniň etjek bu işimi halamazlar. Onsoňam meniň Öliler dünýäsi bilen iş salyşmana wagtym ýok.Orsýetde meniň öz derdim özüme ýeterlikdi Öz esasy hünärimden daşary men özbaşdak dini ylymlary, dünýa taryhyny,dünýä halklarynyň medeniýetini,pelsepäni özleşdirip başladym. Iň esasysy bolsa men kitap ýazjak bolup synanyşýardym.Içim doly aýytmaly zatlar bardy ýöne olary ýazuwa geçirmek başartmaýardy.Men goşmaça kitabyň nähili ýazylýanyny hem okamaly boldum. Eger men şu eliňize düşen Uzak gürrüňleri özüm ýazmadyk bolsam onda siz hiç haçan meniň şu başdan geçirmämi bilmezdiňiz we bu başdan geçirmelerimiň esasynda dörän oý-pikirlerimi hem okamazdyňyz. Onsoňam biz TALYPLAR.KOM. saýtyna minnetdarlyk bildirmeli, şu saýty biziň üçin açanyna we ýenede biz öz hökümetimize sag bolzun aýytmaly aýanlyk döwrüni yglan edenine. Biz özbaşdak ýazyjylar elimizden gelenimizi ederis öz mähriban watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmana,ýenede subut ederis, biz türkmenleriň hem aňyýetiniň öran ösendigini we dünýä halklaryna köp zady öwredip biljegimizi, gerek bolsa olary yzymyz bilen hem alyp gidip biljegimizi.Uzak gürrüňleri okaň we siz oýlamadyk pikirleriň üstünden bararsyňyz. –Türkmenler, at salyp öňe barýar;. –Olaryň atlary tozan turuzýar;. Biri öňe gidýär biri yza galýar;. Öňe giden gülüp yza galan aglaýar;.Şeýlelik bilen men öz ýurdumda okap bilmedigime häli gynanýaryn we muňuň sebäplerini anyklajak bolup çytalaşýaryn. Kelläme her dürli pikirler gelýär.Bir görseň mugallymlar parahor şu sebäpli diýýäriň big görseňem özümden görýärin. Eger men mugallymlaryň parahorlygyny inkär etjek bolsam onda olaryň hakykatdanam parahorluk edýänliginiň köp subutnamasy bar.Bir garry adam geçen asyryň ellinji ýyllarynda Daşoguzyň meduçilişesine okuwa baranda ondan bu okuw jaýynyň direktorynyň para hokmünde pul sorandygyny aýytdy. Diýmek bu sözden ugur alsaň okuwçydan para almak öňden bar jenýat. Ýöne bilseňiz bilimli okuwçy bar we bilimsiz okuwçy bar.Bilimsiz okuwçylar hem yokary okuw jaýlarynda okasy gelýär.Bu isleg näkanyny däl ýagdaý.Bilimi ýok okuwçynyň ata-enesi öz perzendiniňem okap işgär bolmagyny isleýär we perzendi üçin pul töleýär.Bu bolsa para bermek, ýagny jenaýat, ýöne ol para bermese perzendini nähili okatsyn.Meniň bu aýdanym häli doly we dogry netije däl.Bu ýerde men paraholugy aklaýan ýaly bolup durun.Has çylşyrymly düşündirmä geçeliň.Biz aslynda näme üçin okaýarys. Okamak bize soňra nämeleri berýär. Haçan men onunjyny ahyrlaýarkam agam maňa birnäçe gezek şeyle diýdi;-Häzirki döwürde birä medinstitutda pul bar, birem selhozyn weterinariýa fakultetinde.Eger bu ugurdan hünärmen bolsaň puluň köp bolar diýdi.Ähä, belanyň körügi özüm ekenim. Men gara nebsime kowalaşyp bela galypdyryn.Sen ahyr-owal bilim almana kowalaşman eýsem hemmeleriň kowalaşýany pula kowalaşypsyň we utulypsyň. Ol pula kowalaşýanlar seni ýeňipdirler.Olar öňden bar pullaryny ýeňişe goýup ýagny para berip seni ýeňipdirler sen akmak bolsa pul üçin pul berilýäninäm bilmänsiň. Ýene sen özüňi bilimli diýýärsiň. Bilimli bolanyňda şu zatlary bilerdiň. Yok bu hem entek soraga jogap däl .Men beýle şeýtançylygy edemok. Men diňe şeýtançylyk edýänleriň arasynda bardym ,eýsem men nirä gideýin. Men sizi bütinleý taşlap gidip bilmerin. Siz parahor bolsaňyzam adam ahyry. Siziň käbir haäsiýetleriňiz maňa ýokýar ahyry. Ynha Gyzylgül.Ol meni namartlyk edip taşlap gitdi emma men ony doly ýigrenmeýärin. Maňa kömek ediň. Bu daşyma oralan tordan çykmana kim kömek eder. Meni etmedik işlerimde aýyplaýalar. Ýöne halysalla aýyt;- eger wezipeli adam bolanyňda para almagyň mümkinmidi. -OL döwürde hää, häzir bolsa ýok.- Näme üçin häzir para almazdyň .Bu soraga jogap bermek kyn.Birinjiden parahorlygyň örän zyýanlydygyny indi düşündim. Ikinjiden parahorlukdan özüm ejir çekip gelýärin. Üçinjiden parahorluk jenaýat we kanun muňa jeza berýär.Dördünjiden ýurdymyz garaşsyz, parahorluk biziň halkymyzy masgara edýär we kemsidýär. Ýöne sen para alaňok we bermediň şonda-da seni watanyň öňe tutmady. Saňa wezipeli iş ynanmady.Iň bolmanda saňa para almanlygyň üçin we para bermänligiň üçin parahorluga garşy göreş gulluguny ynansalar has gowy bolardy. Onsoňam sen hakykatdanam bilimli. Seniň ukyplaryň hiç kime gerek bolmady. Eger sen ýlymlar akademiýasyna işe ýerleşeniňde köp ugurly ylymy ýurdymyza ornadardyň eger sen mejlise deputat bolanyňda biziň ýurdymyz kanunlary daşary ýurtlardan göçürmezdi. Eger medeniýet ministri bolanyňda hasam gowy bolardy ýogsa türkmen telewideniýesi iň iç gysgynç. Bu hilli sorag jogaplar köp gezek kelläme geldi.Bu hem hemmesi däl.Men wagt geçsede özümi basmarlaýan bu pikirlerden doly daşlaşyp bilmedim we wagtyň geçmegi bilen mende soňky döwürler bilen utgaşýan pikirler peýda boldy ýagny şol geçip giden döwüriň meselelerine häzirki döwüriň nukdaý nazary bilen garap ugradym. Indi men ol döwüri hukuk, deňhukuklylyk,borç nukdaý nazaryndan analiz edip ugradym. Beýle etmek ýagdaýy has hem agyrlaşdyrdy.Eger men öň özümiň okuwa girip bilmezligimde esasan mugallymlary aýyplan bolsam indi ýeke olary däl eýsem türkmen jemgyýetiniň ähli gatlagyny aýyplap ugradym.Munuň üçin ilki özümi aklaýan delileri getirdim. Birinji, men entek ýaş oglan,mekdebi ýaňy gutardym,yurdyma garşy jenýat edemok, şol döwüriň hökümeti maňa oka diýdi,men onuň aýdanyny edip elimden geldigiçe okadym,okuw üçin özümi gynadym ýurdyma peýdaly bolaýyn diýip okamak üçin hökümet tarapyndan esaslandyrylan ýokary okuw jaýyna bardym Menden talap edilen işleriň hemmesini etdim ekzamen tabşyrmak üçin mugallymyň öňünde dikilgazyk boldum,berilen soraga esasan jogap berdim emma okuwa girip bilmedim Yöne okuw üçin para berenler girdi ýogsa olar meniň ýaly okap öz borjuny yurdynyň öňünde berjaý etmediler. Olar para berip okuwa girip jenaýat etdiler emma şol döwüriň hökümeti bu jenaýatçylar bilen ýassykdaş boldylar meni bolsa aldap kemsitdiler Şeýle etmäne olaryň haky barmydy. Elbetde, ýok. Ýogsa men bu barada ýazarmydym, meniň näme boş zatlary ýazyp oturmana islegim barmy.

Bilim, beyik yazyjy tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir