11.Men ýene ýeke galdym. Men diri adam bolup hemişe ölileri diňläp biljek däldim. Meni diriler hem gyzyklandyrýardy. Aýratynam Gyzylgül. Indi meniň ýüregimde oňa bolan söýgi has hem güýjedi. Tizara biziň onunjyny gutarmaly wagtymyz gelip ýeter, onsoň biz aýra düşeris. Meniň ýüregim muny syzýan ýaly yzygider Gyzylgül diýýärdi. Meniň indi oňa anyk söýýänligimi aýytmaly wagtym geldi ýogsa giç bolar. Men muny ýüregime düwdim,ýöne men oňa bolan söýgümi dogrydan-dogry aýytmalymy ýada hat ýsti bilenmi by entek belli däldi. Eger men oňa söz bilen aýytsam ol hemişekisi ýaly meniň üstümden gülmegi hem ahmal. Şonuň üçin men oňa hat bilen ýüz tutmagy özüme makul bildim we şeýdip oňa öz söýgümi aýytdym hemde biraz wagt geçirip ondan jogap aldym. Ynha oňa ýazan hatymyň manysy;- Gadyrdan synpdaşym, Gyzylgül. Tizara biz mekdebi gutararys.Onsoň mekdep bizi edil kürk towugyň jüýjelerini seçişi ýaly seçer we biz her haýsymyz bir ýana gideris.Ynha biz on ýyl bile okadyk. Men seniň birinji klasa geleniňi gowy ýatlaýan. Sen şonda kirlije kiçijik gyzdyň. Özüňem aglawukdyň hem ikilikçidiň. Kim aýdar şol döwürde seni gören häzirki ýaly owadan gyz bolup ýetişer diýip. Owadan gyz köp emma meniň üçin diňe sen owadan, men seni görsem ýüregim dürk-dürk edip urýan ýaly. Şonuň üçin men saňa şu haty ýazyp seni gowy görýänligimi aýydaýyn diýdim. Meniň bu çyn söýgümi inkär etmersiň diýip tama edýärin.Meniň bu hatyma Gyzylgül şeýle joga berdi. -Gadyrdan klasdaşym. Men seniň ýazan hatyňy aldym, okap şolbada jogap ýazdym.Haty ýazyp otyrkam jigim üstümden geldi. Ol meniň saňa ýazan hatymy gördi we ogurlap okap eneme beripdir. Enemem okap maňa gygyrdy.Kimdigiňi sorady. Menem aýytdym. Ol saňa juwanamerk diýdi.Men seniň arkaňy aldym,seni gowy, akylly diýdim, gowy okaýa diýdim.Ölüler bilen gyzyklanýa diýdim.Bu meniň ikinji hatym, birinji hatymy enem ýyrtdy. Indi bolsa seniň hatyň manysy barada. Sen maňa gowy görýän diýipsiň. Bu ýeterlik däl, sen maňa söýýän diýmeli ekeniň.Onsoňam söýýänligiň subudy hökmünde birje sowgat bereniňde has hem gowy bolardy. Häzirki döwürde şeýle edýärler. Sen hem döwüre görä aýak basmalysyň. Meniň bu sözümi birden ýaman göräýme, bu gyz parahor eken diýip. Men hem seni gowy görýen ýöne meni saňa bernezler. Biziň söýgümiz biderek bolaýmasa. Onsoňam seniň kyn häsiýetiň bar. şeýle häsiýetiň bilen sen bu ýerlerde durmarsyň, menem seni gözläp gidip bilmerin çünki sen uzak wagt bu ýerlerden ýitirim bolarsyň.Gaýdyp geleniňde bolsa sen meni tapmarsyň. Bu sözler bolsa ýürek üçin aýdylan gowy sözler bolup galar. -Men Gyzylgülüň hatyny okap hem begendim hem gynandym Begenenim bu nähili bolsada birinji gezek gyzyň ýüregini awlap bilenimde gynananym bolsa oňden paşmajak söýgümiň öňünden mälim bolanlygynda Gyzylgül dogry aýydýardy. Biziň bu söýgümiz ýöne bir synasnyşykdy. Meniň durmuşymyň başlanyşynyşynda söýgä orun ýokdy. Mekdebi gutaryp men durmuş atly ullakan gämä bir özüm mündim. Maňa ýoldaş we dost boljak hiç kim tapylmady. Men aglap diýen ýaly bu gämä bir özüm mündim we bu ullakan gämini bir özüm dolandyrmaly boldum we wagtyň geçmegi hiç zady üýütgetmedi. Men bu gämini häzirem bir özüm dolandyryp ýörün. Hiç kim maňa düşünmedi. Meniň etgek gowy işlerim hem hiç kime gerekmedi. Şu wagt aralygynda meniň bilen diňe Lakaşa Süýek galdy. Ol meni taşlamady. Ýöne ol öli, meniň bolsa diriler bilen bolasym geldi. Özümi ynjaltmak üçin bolsa goşgy ýazdym.Bu goşgylarda men hyýaly söýgülime söýýänligimi aýytdym. Hyýaly dostuma bolsa içki syrymy aýytdym. Lakaşa Süýegiň sary ýalynyny ýuwudanymdan soň men kem-kemden üýütgedim, Meniň göwnüme men birbada iki dünýade ýaşaýan ýaly boldum, munuň birinjisi ýalan ýaşaýyş ikinjisi hakykata esaslanýan ýaşaýyş.Turuwbaşdan aýytmak gerek ikinji, ýagny hakykata esaslanýan ýaşaýyş bilen hiç kim ýaşamaýar.Bu ýaşaýyş örän irte döwürde adamlardan gizlendi we häzirki döwürde şeýle ýaşaýşyň bolandygyny hiç kim bilmeýär. Taryhyň başynda, ýagny baryň ýokdan dörän pursatynda hakykata howp abandy. Şol döwüriň ýaramaz adamlary hakykaty öz hususy bähbitleri üçin hemmelerden gizlediler.Ony, ýagny hakykaty gizlänler örän mekirdiler.Olar hakykaty gizläp biz hakykaty hiç haçan görmändik diýdiler, onsoňam olar ýalany hakykat ýaly edip görkezmäni öwrendiler.Olar öz eden ýaramaz işlerini gizlemek üçin bolsa bir topar ylymy nukdaý nazary hem dünýä inderdiler.Häzirki döwürde haýsy ylym hakykata haýsy ylym ýalana hyzmat edýär bu barada hiç kim kelle döwmeýär. Men hem birbada edil şu adamlar ýaly hiç zat barada oýlanman, hiç zadyň parhyna barman, gowy-ýaman diýmän ýaşasym geldi. Bu häsiýet maňa wagtal-wagtal aradan kyrk ýyl geçip häzir hem dolanýar.emma uzaga çekmeýär haýsydyr bir güýç meni ýene hakykaty gözlemäne çagyrýar. Şonda meniň iýen-içenim burnymdan gelip, biderek ýitiren wagtlaryma puşman edýän we men ýene öňe herekete girýärin. Meniň bu häsiýetim meni köp yza sürdi we men bireýýäm etmeli işimi häli edip bilmän ýörün. Meniň etmeli işlerimiň köpüsi Lakaşa Süýekden gelip çykdy.Ol maňa öz içki dünýäme seretmegi, ol ýerde näme bardygyny anyklamagy, anyklanan zatlary adamlara aýytmagy,çünki adamlaryň köpüsiniň şeýle ukybynyň ýoklugy sebäpli öz ýaşap ýören dünýäsinden bihabar galýanlygyny aýytdy. Ilkibada bu sözler maňa ýokmady. Men aýytdym;-Gümüne gitsin hemmeler men diňe öz iýen-içenimi bilýän,siz meniň bilen işiňiz bolmasyn diýdim emma Lakşa Süýek meni goýmady. Ol her pursat menden habar alyp edýän işimiň hasabatyny sorady.Ol menden talap etdi,ähli gören we eşiden zatlarymy diriler üçin ýazmamy, ýöne ol wagt meniň ýazuwa elim degenokdy.Men onunjyny gutarmanyň öň ýanyndadym. Men öz sapaklaryma ýetişmelidim, üstesine mende hyýal döredi, ýokary okuw jaýlarynyň birine girmek. Şonuň üçin men hem gutardyş hem giriş ekzamenlerine taýynlyk görmelidim. Bu zatlaryň üstüne tizara boljak Gyzylgül bilen aýralyk hem meni gaty gynandyrýardy. Meniň ýüregim duýup ugrady ony ýitirjegimi, ýöne mende muňa garşy birjikde alaç ýokdy. Oýlaýşymyz ýaly hem boldy. Ekzamenler başlandy. Iň soňky ekzamen güni Gyzylgül meniň ekzameni tabşyryp çykaryma garaşyp mekdebiň bosagasynda oturan eken. Men ony şeýle eder diýip oýlamandym.Tötänleýin men onuň ýüzüne dogry seretdim we onuň hem menden aýrylýanyna gaty gynanýandygyny gördüm.Ýöne bu wagt meniň oňa kömek eder ýaly ýagdaýym yokdy,eger çyksa men ondan beterdim. Meniň oňa bir agyz sözem aýdyp bilmedim we ony şol ýerde taşlap ondan daşlaşdym. Men onda tama oýadyp biljek däldim onsoňam başymdan geçýan agyr ýagdaýlary oňa aýdyp özümi ýerede urup biljek däldim. Umuman men öz şahsy durmuşymy tertibe salmasam başga biriniň durmuşyny gowulandyryp bilmejegimi anyk bildim. Öňde meniň üçin agyr synaglar ýatyrdy. Bu synaglar diňe meniň özüme degişlidi we eger biri maňa kömek bermek islesede meniň bilen nameleriň bolup geçýänine düşünjek däldi. Bu ýagdaý meniň bilen häzir hem dowam edýär.Mekdep gutardy. Men Aşgabada ýol aldym.Başyndan aýdaýyn. Ol döwürde Aşgabat okuw mesgeni däl eken. Bu şäherde ýokary okuw jaýlary bolany bilenem diňe diplom üçin okalýan eken üstesine bu okuw jaýlarynyň mugallymlary parahorluga we başga görnüşli azgynyga hem berilip sowat we bilim olar üçin kisäňi gabartmaklygyň serişdesi eken ýogsa ol ýerde bilimli adamlar bolanda meniň Lakaşa Süyekden alan bilimlerimi görerdi we bu bilimleri öz okuw jaýlary üçin alyp galjak bolup synanyşardylar.Men bu ýagdaýlara soň düşündim.Men daşary ýurda ýol aldym.Öz ýurdumda hiç kime gerekmejek meni daşary ýurt gujak açyp garşylady.Maňa öz goýnundan ýaşamak üçin jaý berdi, okamak üçin zerur bolan şertleri döretdi, iň esasysy meniň bilimimi ykrar edip meni öz ýokary okuw jaýlarynyň birnäçesinde okatdy. Dogry ol ýeriň hem özüne garaşyk kemçilikleri bardy ýöne okuw üçin baran daşary ýurtlylarar bu kynçylyklary aňsat öz peýdasyna çözüp bilýärdiler.Soňra okuwymy gutaryp men öz okan ugrumdan şol ýerde ep-esli wagt işledim. Başga bir halkyň we başga bir ýurduň men baradaky aladasy soňra mende hem öz gezegimde başga bir halkyň we başga bir ýurduň aladasyny etmek duýgusyny döretdi we men häzirki döwürde dünýäde bolup geçýän ähli wakalary yzarlaýan we maňa kömek eden halka we beýleki halklara özüm hem kömek bermegiň aladasy bilen ýaşaýaryn .Bu barada men ýazmagymy dowam ederin.Gürrüňim şu ýere gelende men başymdan geçen köp wakalary taşlap geçmek isledim sebäbi meniň indiki aýytjak sözlerim meniň başymdan geçen wakalardan has wajyp diýip oýladym ýöne birden meniň kelläme şeýle pikir geldi ýagny meniň ýazgylarymy esasan talyplar okaýar, bu saýt olara degişli, olar bolsa geljekki ýolbaşçylar, mugallymlar, doktorlar,olar köp zady bilmeli şol sanda halkyň başyna we ayry-aýry adamlaryň hem başyna düşen agyr günleri bilmeli çünki wagty gelende bu talyplar watan üçin wajyp bolan uly işleri amala aşyrmaly bolarlar. Bu bilimler olara gerek bolar ýogsa biziň bilen döwürdeş yazyjy-şahyrlar dek ýaňy-ýakynda bolup geçen agyr günleri ýazmakdan, şol döwüre syn etmekden, bu agyr günleriň sebäbini anyklamakdan ýüz öwürýäne meňzeýärler. Bu işi men boýnuma alaýyn, başardygymdan takyk we giň görnüşde ýazaýyn, siz bolsa üns bilen okaň hatda ýazyp alyp goýuň, -Geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan başlap Sowet Soýyzy güýüçli depginlerde ähli ugurda ösüp başlady we gysga wagtyň içinde bu ýurtda ýaşaýan halklaryň şol sanda türkmenleriň hem hal -ýagdaýy gowulaşdy,okamak, işlemek we ýaşamak üçin gowy şertler döredi. Ýaşlarda bolsa okamak höwesi güýüçlendi. Men hem şeýle ýagdaýa düşdim we okamak üçin Aşgabada bardym emma öň aýdyşym ýaly biz ýaşlaryň yhlasy ulular üçin gerek däl ekeni,olary pul gyzyklandyrýan ekeni we biz ýaşlar örän sada bolup şol döwüriň ýalançy ýazyjy-şahyrlaryň eserlerini okap yurtda bolup geçýäň gizlin ogrylyklary, her dürli kezzaplyklary we ýalan sözleýänleri aňşyrmandyryk. Biziň gözümizi kör eden öz yazyjylarymyz we ýenede bir gezek aýydýan şahyrlarymyz boldy, men bolsa olaryň ýalan sözüne ynanypdyryn. BIz olaryň ýalan sözüni çyn diýip oýlapdyryk. Şunuň bilen birlikde döwürin ýagdaýyndan dogry baş çykaran ýaşlayň nem bolandygyny aýytmak gerek.Olar döwüre kitap üsti bilen dälde eýsem myş-myşlaryň üsti bilen aralaşypdyrlar ýada olar üçin ýerasty ýollaryň bolandygyny aýytsak has hem dogry bolar Bu ýaşlar biziň ýaly eline kitap alyp gözi ýaşarýança okamadylar, olary ukusyzlyk hem gynamady, olar ertirki ekzameni gaýgy edip basyrganmadylar. Biz dynman kitap okaýarkak olar Aşgabadyň saýaly, ,howuzly seýilgählerinde dem aldylar, olar kinoteatrlara baryp gyzykly kinolary gördüler, olar güni bilen doňdurma iýip yssydan gorandylar, salkynlamak üçjn sowadyjynyň aşagynda ýatdylar olaryň köpüsiniň ýanynda gowy görýän gyzlaryda bardy. Olar mugallymyň öňünde berilen soraga düşünmän ýada aýytjak jogaby ýadyna düşmän indi ekzamenden ýykylýan we okuwa girip bilmerin diýip sandyrap durmadylar, olar ekzamenden ýykylan gyzlar yaly aglamadylar.Olar ertirki ekzamen barada gürrüt etmegiň ornuna Aşgabada gelip täze alan köwüşi, köýnegi barada aýdyp suwjardylar.Olar pul beren mugallymlaryna arkaýynbolup emma pul bermänöz güýjüne okuwa girjek bolýanlaryn ýanynda tumşygyny asmana tutdylar,olara göwnüýetmezçilik etdiler. Käbir ýaşlar özüniň para berip okuwa girýänini gizläp oturmadylar. Olar bu edýänini dini nukdaý nazardan haramlyk, kanuny nukdaý nazardan jenaýat, ahlak nukdaý nazardan azmak, ylymy nukdaý nazardan nadanlyk diýip düşünmediler.Eger bu adamlar eden haramlyklary üçin hudaýumdan jeza tapmadyk bolsa Türkmenistanyň kanuny olary yzarlamady. Olar iýilmeýän zäherli kömelege degilmeýşi ýaly arkaýyn hiç kim degmän köpelip gidip otyrlar. Biz bolsa nähili sada. Okuwa girmek üçin para berilýänini men birinji ýyl medinstitutdan ýykylyp ikinji ýyl uniwersitete dokumehtlerimi tabşyrýan pursatymda bildim. Uniwersitetiň gapysynda dokumentlerimikabul edip oturan gyz menden;-Kakaň bilen geldiňmi diyip sorady Men ýok diýdim. Onda ol guz;- Onda azara galyp ýörme biziň uniwersitete pulsuz girmersiň- diýdi. Men bu eşidenimi öýe nabar etdim. Garry atam maňa kömek etmek üçin gara gün üçin bakyp ýören goýunlaryny satyp pul gemläp agamdan iberdi. Ol Aşgabada gelip meni para berip okuwa saljak bolup iki ýana at çapyp başlady.Haçan ol tanyş tapanda onuň getiren puly az bolup çuykdy we onuň azaplary biderek boldy.Men ýene öz güýjüme ekzamenleri tabşyrmaly boldum. Ikinji ýyl hem men okuwa girip bilmedim Gapyda oturypmaňa yrym eden gyzyň aýydany dogry bolup çykdy.Men okuwdan ýykylyp Aşgabatdan kowulan ýaly bolup öýe geldim. Üçünji ýyl ýene synanyşdym.Bu gezek selhoz instituta. Birinji ekzamenden üçlük aldym we men üçlük alan konkursdan geçip bilmeýänini bilip dokumentlerymi yzyna gaýdyp alyp Orsýete tarap ýol aldym.Eger Aşgabadaokuw diýip baran ýaşlar diňe okuw üçin para berse bolany diýip yzyny aýytmazlyk bu entek okuw bilen baglanyşykly kynçylyklaryň köpüsini fizlemegi aňladýar. Ýaşamak üçin amatly kwartira tapmak bu şäherde çölüň içinde guýy gözlän ýaly ýagdaý. Men Aşgabada üç gezek okuw üçin bardym we üç gezek hem towuk ketekden uly bolmadyk kwartirada ýaşadym.Bizi kwartirant edip alan öý eýeleri bizi zerur bolan ýaşaýyş şertleri bilen üpjün etmediler.Biz dyrnak ýaly bir otagyň içine üç-dörtden az bolmadyk oglanlary gabap käwagtlar bolsa şu otaglara oglan bilen gyzlary bir ýere gabap pul işläp oturan öý eýelerini gördük.Birinji ýyl okuwa baranymda meniň bilen Lebaply oglan- gyzlar goňşy bolup ýaşadylar. Olar üç oglandan we üç gyzdan ybarat bolup hemmesi bir otagda ýaşadylar.Olaryň ýanyna eýýäm ýuristçiligi okap ýören Dilek atly uly ýaşly oglan käwagtlar gelýärdi. Bu oglan olar bilen obadaşdy we garyndaşdy.Bir günDilek, lakamy Daniil bu üç gyzyň içinde bolan Leýla atly gyza ýapyşdy we onuň bir özüni jaýa salyp doganlarynyň göz öňünde bu gyzy tünedi we ol gyz jaýdan çykanda onuň ýüzi, çekgeleri gyp-gyzyldy. Leýla atly gyz bolsa gorkunjyndan we biziň halkymyzyň ula hormat däbinden çykyp bilmän we ýenede pulzuzyň pulla boýun egýänliginden gelip çykyp köpüň öňünde özüni masgara etdi ýogsa bu gyz seretseň terbiýe görene meňzeýärdi we elbetde onda görmegeýlik hem bardy. Men Dilegiň bu gyzy näme edendigini anyk bilmeýen ýöne bu gyz öz abraýyny bu Dilek atly küntiden gorandyr diýip tama edýärin. Ýenede eýýäm siz duýansyňyz özi ýuristçiligi okýan bu Dilek geljekki adwokat, prokuror, kazy entek okuwy gutarman şeýle jenaýaty edip ýörese haçan ol döwlet tarapyndan adamlaryň şol sanda aýal-gyzlaryň üstünden höküm etmek hukugy berilende bu para berip okuwy gutaran Dilek ýene jenaýat etmez öýüdýänizmi. Men bu hilli okuwa para berip girenleriň köpüsini we okuwy pul bilen gutaryp ýenede işe hem para berip girip jenaýat edip ýörenleriň köpüsini bilýärin. Biz bolsa gözi çala göryän garrylar ýaly ýarygijä çenli we ýer ýagtylmanka ýene turup kitaba dümtünip otyrdyk,konspektler ýazdyk.Eger çyksa biz şol döwürde biziň bilimimiz watanymyza gerek diýip düşündik sebäbi bize şu sözleri aýydýardylar. Ýöne men okanym üçin gynanmaýaryn Meniň düşünjäm boýunça halka aýytmak, duýdurmak we ony her hili bela-beterden goramak birinji nobatda ýazyjy- şahyrlaryň işi, sebäbi olar söz bilen işleýärler, söz bolsa adama täsir etmegiň iň güýüçli guraly. Söz bilen haýwanda hem adamçylyk duýgularyny oýaryp bolýar emma biziň ynanan ýazyjy-şahyrlarymyz hem kisesiniň aladasyny eden adamlar bolupdyr, eger husytlar puly ýada zady adamdan gysganan bolsa onda ady häzirje tutulanlar dogry sözi öz halkyndan gysganypdyrlar. Nähili uýatsyzlyk we elbetde öz halkyň aladasyny etmezlik. Şeýlelik bilen men halkyň betbagtçylygynda ilki bilen öň aýdyşym ýaly ýazyjy-şahyrlary yz ýanyndan bolsa mugallymlary aýyplaýaryn we meniň sözlerimiň dogrydygyny biljek bolsaňyz meniň ýazgylapymy üznüksiz okaň.

Edebiýat, beyik yazyjy tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir