Gözlerimizi ýuwmaly, başga şekilde görmeli.


Pygamberimiz Hz Omara şeýle diýipdir:
- Men saňa hemmelerden söýgili bolmadygym müddetçe, iman edilenlerden hasaplanmarsyň. Aýatda-da:
- Iman Edenler Hudaýy has uly güýç bilen söýer. –diýilýär.
Bilşimiz ýaly yşk söziniň bir manysy, söýgide hetden aşmak, serhetden has aňyrlaryk geçmek, diýmekdir. Her bir yşk söýginiň duzy köpeldilen derejeleridir. Şu sebäpdenem her bir söýgi yşk bolmaz. Emma yşk hökmany suratda, arassalanan söýgidir. Aryflaryň derejesinde yşga düşen kişiniň dört haly bardyr:
Kabz—tutuklyk,
Bast—açyklyk, köňli hoş bolmak,
Sekr—serhoşluk, ähli zatdan uzakda durup diňe söýgi bilen bolmak we onda özini ýitiren haly.
Sähw—özinden geçen aşygyň täzeden özine gelme haly.
Aşyk kabz halyndaka özini bir hili alyp barar, bast halyndaka birhili. Sekr halyndaka bir hili gürlär, sähw halyna gelende, belki, gürlemegem islemez.
Yşgyň iň serhetden geçen hem süýji çagy sekrdir. Aşyk sekr halyndaka näme edip, näme goýanyny bilmez. Bu ýerde bilimsizlik däl, öziňe erk edip bilmezlik görinýär. Belkem öň kämil, yzyndan gowuşan, soňlugy bilenem pany bolan bir aşygyň gaýgy-aladasyna, ynjalyksyzlygyna üns çekmek gerekdir. Ynha, şonuň üçinem sekr halyndaky aşykdan, gürlänleriniň we hereketleriniň hasabyny soramak dogry bolmaz. Serhoşa: —Beýtme!—diýip, bolarmy? Belkem, — Näme üçin, içip serhoş bolduň?—diýilip, biliner. Sebäbi adam serhoş bolandan soň, näme edip nmäe goýanyny bilýän däldir. Tersine aşyk oňa eýedir. Yşgyň joş urmagy adamy sekre itekleýişi ýaly, tutanýerliligem aşygy sähw halyna getirer. Aşyk sekr halyndaka agzyndan çykan şath(şathiýe, paradoksal sözler, daşyndan küpür ýa-da samsyklyk, meý- şerap ýaly görinen emma manysy tirildigiçe çuňlaşan sözler) sebäpli hasap soralmajagy ýaly, dähw halyna gelende sözlerine ýalan diýip bolmaz. Sebäbi bular, aşygyň däl, yşkyň hut öziniň agzyndan dökülen jümlelerdir, söýgüde hetden aşmagyň netijeleridir. Bu hetden aşmaklykda, aşyk magşugy ýitirer, söýen bilen söýileni birleşdirer. Söýen özini söýilende ýok edende söýüleniň hallaryna bürener. Ynha, Hallajyň “Enel Hak”—diýmegem, Bistaminiň “Subhani ma azama şani”—diýmegi-de, Nesimiden nakyl edilen “Leýse fi jübbeti illallah”—sözi-de, Ýunusuň “Ete-süňke bürendi, Ýunus diýip görindi”—sözleri- de, bu sebäpden pes görülüp, göni manyda düşinilmez, bu sözleri sebäpli aşyklardan hasap soralmaz. Belki olardan: “Näme üçin beýle diýdiňiz?”—dälde, “Näme üçin syry saklamadyňyz?”—diýip soralmalydyr. Sebäbi aşygyň içinde, hakykat ýolyny görkezmegi üçin syr bolmalydyr. Şu nukdaýnazardan seredilende, olaryň bu sözleri bilen “Lä ilähe illallah”—diýmegiň arasynda parh bolmaz. Emme şol sözleri sähw halyndaka aýtsa, küpür edenlerden bolar. Aslynda Hallajyň “Enel Hak”—sözi Pyragýunyňam agzyndan çykypdyr. Emma bu gezek, göni manyda “Men Hudaý!”— diýipdir...
Bu aýdylan zatlardan soň, pikirlenmek we görmek zerurdyr, sebäbi, söýenem, söýilenem diňe Oldyr. Söýündirer diýip umyt etmegimizem şol sebäpden!...


ISKENDER PALA
Terjime: Nureddin KESEARKAÇLY

Edebiýat, GaRa_TmyN tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir