Asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan ata-babalarymyzyň tagallasy bilen bu güne ýeten däp-dessurlarymyz türkmen halkynyň döreden sungatlyk derejesine ýetiren taryhy gymmatlyklary. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli buýsanjymyz bolup ýokary göterildi. Muňa mysal edip, dürli döwletiň arasynda açyk gapylar syýasatynyň geçirilmegi sebitleriň taryhy mirasyny we medeni özboluşlylygyny wagyz etmäge gönükdirilendir. Bedew bady bilen öňe barýan mähriban Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda özüniň taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan baý milli medeniýetimiz we sungatymyz hem belent sepgitlere beslenýär. “Her bir halk dünýäde öz medeniýeti we sungaty bilen tanalýar” diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz bu ugurdan döwlet derejesinde ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli däp-dessurlarymyzy dikeltmeklige, medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmeklige we ony dünýä ýaýmaklyga ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Biziň ajaýyp däp-dessurlarymyzyň öz akabasyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzyň şu günlere gelip ýetmeginde gelin-gyzlarymyzyň hem hyzmaty uludyr”diýip belleýär.
Dogrudan-da häzirki döwürde Berkarar döwlertimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dürli görnüşli el işleri, milli lybaslarymyzy taýýarlamak, nagyşlamak we tikmek işleri bilen meşgullanýan gelin-gyzlaryň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny ýüze çykarmak, olaryň ene-mamalarymyzdan miras galan dürli nusgalary häzirki zaman öwüşginler bilen sazlaşdyrmakda birnäçe işler alnyp barylýar.
Ine Nurana eýýamymyzda täzeçe öwüşgine eýe bolan milli mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň has-da baýlaşdyrylýandygynyň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde milli mirasymyz giňden öwrenilýär.
Türkmen gyz-gelinleriniň ajaýyp arzuwlary, çäksiz söýgüsi mähir-muhabbet bilen sünnälenip çekýän keşdelerinde, dokaýan nepis halylarynda we dürli el işlerinde halkymyzyň milliligi jemlenendir. Ene-mamalarymyzdan miras galyp, biziň häzirki günlerimize gelip ýeten nagyşlaryň täze bir ajaýyp keşbe eýe bolmagy bu sungata goýulýan hormatyň, oňa bolan söýgüniň çäksizliginiň nyşanydyr.
Dürli görnüşli keşdelerden ýaňa barmak basmaga ýer galmadyk gyz-gelinlerimiziň kürtedir çabytlaryny, ak gaýmadyr gyzylgül tahýalaryny, oglanlaryň ezýakadyr çäkýaka köýneklerini, gözüň ýagyny iýip barýan nepisden-nepis halylaryň sünnälenip dokalyşyny, dürli reňklerden peýdalanyp basylan keçeleri, garaz, adyny tutan el işlerini synlanyňda mähriban gyz-gelinleriň bu işlere bolan söýgüsini, mährini höwesini aýdyň duýmak bolar.
Türkmen medeniýetiniň gülläp ösmegi üçin ähli şertler döredilýän diýarymyzda geçirilýän döwlet derejesindäki toý-baýramlar, halkara çäreleri bu ulgamyň täze belentliklere göterilýändigine şaýatlyk edýär. Medeniýet we sungat ussatlarynyň şirin owazly aýdymlarynda, belent heňli sazlarynda, ýazyjylarymyzyň hem-de şahyrlarymyzyň eserlerinde, suratkeşlerimiziň we heýkeltaraşlarymyzyň işlerinde halkymyzyň tutanýerli zähmet joşguny wasp edilýär. Agzybir we barha ösýän jemgyýetimizde emele gelen ajaýyp sazlaşygy dogruçyl beýan, baý eserler bagtyýar zamanamyzyň medeni-ruhy hazynasyna öwrülýär.

Täzelikler, yashalym tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir