10. Birden kellämde ýyldyrym cakyp giden ýaly boldy. Bütin edebiýat, taryh we beýleki ylymlar ölileriň adyny tutýar, ähli ýazylan ylymlaryň aglabasy öliler tarapyndan ýazylan.Maňa diňe olary okamak we öwrenmek galýar. Şeýdip Men okap başladym we birinji netijelere geldim. Seredip otursam öliler biziň aramyzdan umuman gitmän eken. Biz diriler özümize şunça uly baha bersekde ölilere tabyn bolmakdan çykyp bilmändirik. Iň bärkisi meniň özüm hem Lakaşa Süýegiň ylymlaryndan kellämi doldurdym. Dirileriň bolsa öz zamandaşlarynyň aňyny eýelemekde edýän işlerinden netije örän ujypsyz, sebäbi ol ýerleri bireýýäm öliler eýelän. Men örän geň galdym Biziň zamandaşlarymyz biziň garnymyzy doýurýar bize geýim tikýär ,bize jaý salýar bizi okadýar bizi keselden bejerýär hatda bizi jenaýatçylardan gorayar emma biz diriler ölilere has köp hormat goýýarys. Eger biz öwüt-nesihat etsek pylan öli şeýle diýipdir diýýas, eger biz açyşlar barada aýytsak pylan öli şu açyşy edidir diýýäs hatda biz öz garşydaşymyzy şu sözlerde ýeňjek bolsak ölisini sylan beg bolar diyen nakyly derrew sugşuryp hiç bir kelle agyrtmazdan taýyn sözlemi ulanýarys. Ine şu birinji düşünjämi hem öz döwürdşlerim bilen paýlaşmak üçin hem edebiýat sapagynda şeýle diýdim. Mugallym biz näme üçin mundan köp ýyllar öň ölüp giden ýazyjy- şahyrlaryň eserlerini öwrenýäris, öz döwürdeşlerimizi bolsa diňlemeýäris.Näme biziň öz döwýrdeşlerimiz olardan az bilýärmi. Iň bärkisi öwüt bermek. Men köp adama duşýaryn olaryň öwüt- nesihaty hem ölüp gidenleriňkiden pes däl. Mugallym;- Bu adamlar ölüp gidenleriňkini gaýtalaýarlar... Onda men;- Eger şeýle bolsa onda ölüp gidenler bu pikirleri kimden alypdyrlar. Mugallym;-Olaryň özleri ýazypdyrlar... Bu sözde edebiýat mugallymy meni şeýdip ýeňdi. Birnäçe wagtdan matematika mugallymyna gezek geldi. Mugallym, ynha biz matematikadan kwadrat deňlemäni, droblary, algoritmi, geometriýadan figuralary, funksiýalary bilýäris. Bize alym diýse bolarmy. Mugallym;-Ýok, sebäbi siz birinji bolup ýazmadyňyz. Ýene biraz wagtdan men jemgyeti öwrenişden şeýle sorag berdim.- Mugallym, öliler barada aýdyp beräýseňiz. Mugallum;-Bu jemgyýeti öwrenişe girmeýär. Men; -Onda haýsy sapaga girýär. Mugallym; -Biologiýa sapagyna girýän bolaýmasa. Umuman aýdanyňda öliler barada mugallymlar degerli zat aýytmadylar. Eger çyksa mugallymlaryň bu ugurdan bilimi ýok bolsa gerek. Ine onsoň men öz gözleýän zadymy başga bir ýerden tapdym. Has dogrusy onuň özi öz aýagy bilen ýanyma geldi. Ýadyňyza dşýändir Seýit aga. Onuň maşgalasy ony ýatlap sadaka berdi we men hem ol ýere barmaly boldum. Orta nahar çekmeli bolanda biz oglanlar lömekleşmeli bolduk we elbetde nahary çekip bolup biz hem uly adamlar bilen nahara otyrdyk. Törde, iň abraýly ýerde omyn okap sadakany sowup berýän molla otyrdy. Onuň aýydan sözi edil meniň gözleýän zadymdy. Ol şeýle diýdi; Öten agşam Seýit düýşüme giripdir. Özäm bilýäňizmi meni öz ýanyna çagyrýar. Bu ýeri hezil diýýär,eglenmede sen hem gel diýýär.Onuň ýanynda oturan ýaşuly;0nuň ýaly bolsa tizläp git.Molla;- sen näme menden dynyp bilmän ýörmüň. Men ölsem meniň ornum özüňe galar öýüdýäňmi. Ýaşuly;- Özüň aýytdyň, ol ýeri hezil diýip, onsoň menem aýdaýymda tizräk git diýip. Molla;- Ýok how , kim aýydýar ol ýeri hezil diýip. Aýytmanmydyr, öňem bir şahyr, goýsalar bu ýagty jahan ýagşydyr diýip. Men içimdien;- Ýene başlandy. Gördüňmi, bu molla hem ölip giden şahyryň sözüni delil getirýär. Iň bolmanda bu sözleri hiç kimi ýatlamazdan aýdyp bolýar ahyry. Ýok adamzat hiç haçan ölilerden gutulyp bilmez. Köp adamlar hut özleriniň aýydan sözlerini ham başga birine ýöňkeýärler.Ýene biri;- Molla aga, ölüler düýşüňe girse ondada ýakynyň, seni öz ýanyna çagyrýar diýýärler, muňa näme diýjek. Molla, toba toba, hakykatdan hem siz menden bizar bolupsyňyz ýogsa beýle diýmezdiňiz-diýip ol öýkelän boldy. Emma hiç kim onuň öýkesine seretmedi we ýerli-ýerden çem gelen sowallary sugşuryp ugradylar. Molla aga, ynha biz Seýit agany ýatlap oňa degsin edip otyryk. Şu edýän işimiziň oňa näme dahyly bar,ýagny biz öz garnymyza otaran iýim-içimimizi oňa degsin edýäs. Biz hiç zat iýmezden degsin etsek nähili bolar. Molla;- Indi näme biziň şujagaz iýip oturan zadymyzy hem köp görýäňmi. Yene biri;- Ol dünýäde jennet we dowzah bar diýýärler, bu anykmy ýada siz mollalaryň taslamasymy. Ýenede sorag berjekler tapyldy ýöne molia olary togtatdy.Birinjiden, bu ýeri okuw jaýy ýada metjit däl, soragy şol ýere baryp beriň, ikinjiden bu ýerde sorag berýänler ep-esli ýaşan adamlar we şu wagta çenli bilmedik zadyňyzy indi bilip näme etjek, her ylymyň ýada käriň öwrenilýn wagty bolýar, munuň özi siziň bilimleri şu wagta çenli inkär edendigiňizi görkezýär. Akylly adamlar jeza hökmünde siziň bu soraglaryňyza jogap bermezler. Ýöne meniň size ýamanlygym ýok ,şonuň üçin käbir zatlary aýydaýyn. Biziň häzirki edýän işlerimiziň köpüsi ata- babalarymyzdan galan däp-dessurlar.Däp-dessurlar ylymy işe girmeýär. Däp-dessurlar hem garrýarlar we wagty gelende täze däp dessurlara orun berýär. Eger siz öz däp- dessurlaryňyzdan nägile bolsaňyz ony gowy diýýän tarapyňyza üýütgediň. Bu hiç kime gadagan edilmeýär. Öliler baradaky soraga bolsa bir söz bilen jogap berip bolmýar, olar barada köp kelle döwmeli,bu soraglara jogap bermek üçin diňe biziň däl eýsem beýleki halklaryň dini düşünjelerini, däp- dessdurlaryny hem öwrenmeli Käbir halklar bize garanda oliler dünýäsi bilen içgin gatnaşykda bolýarlar olar öz ölilerini söýýärler diýseňde boljak. Biz bolsa olardan daşda durjak bolýarys. Hatda biz şeýle edenimizdede biziň ölilerimiz biziň durmuşymyza içgin girip gelýärler. Munuň özi biziň öliler baradaky düşünjelerimiziň pesdigini görkezýär. Bu sözlerden gysgaça netije çykaraly, birinji,Öliler bizi gowy görýärler şonuň üçin biziň durmuşymyza aralaşýarlar, ikinji Öliler biziň üstümizden höküm sürmek isleýärler we üçünji,eger biz öliler baradaky düşünjäni ýok etsek onuň ornuna näme goýarys we iň soňkusy kim öliler baradaky ylymy ýok eder. Mollanyň gepi şu yere gelende men içimden;- Men Öliler baradaky ylymy ýok ederin-diýdim. Sadaka gutardy. Maňa mollanyň sözleri ýokdy. Men özüme;- Bu molladan köp zatlary öwrenerin diýdim we onuň bilen sözleşmäniň amatly pursatyny peýläp ugradym we tizara maňa bu ýagdaý hem dogry geldi. Indi diňe mollany öz raýyma ýykyp ondan özüme gerekli bilimleri alsam bolany. Men özümi molladan köp bilýändirin öýütsem ol eýýäm meniň niýetimi bilen eken. Ol maňa; -Eý, ýigit seniň menden näme isleýäniňi men bireýýäm duýdym. Mende seniň üçin gizlin syr ýok. Eger çyksa sen öliler barada bilmek isleýärsiň. Soraber. Men sözi nämeden başlajagymy bilmedim. Bu halatda hem maňa mollanyň özi kömek etdi. - Biz diriler öz betbaglygymyzy ölilerden gorjek bolýarys. Bu hemişe dogry däl. Öliler hem bir wagtlar diri bolan. Olaryň özlerini häzirki alyp baryşy olaryň diri wagtynda alyp baryşyna köp bagly. Ýaramaz adam öz häsiýetini gowy tarapa üýtgetmän ölse ol ölenden soň nem şeýle häsiýetde galýar. Biz möllalar bu ýagdaýa köp duş gelýäris. Diriler ölmegi betbagtlyk diýip hasaplajak bolýarlar. Bu pikir hem nädogry. Biz ölmegek bolup hem käbir synanyşyklary edýäris. Ýöne şu wagta çenli adamzat ölmezlige hem alaç tapmady. Gördüňmi. Eger sen ömrüňi ölülere garşy göreşden başlasaň bu göreşiň soňy bolmaz. Sen hem özüňden öňkileriň biderek azaplaryny gaýtalarsyň.Sen olar bilen göreşmeli dälde tersine ylalaşykda bolmaly. Mollanyň bu sözleri meniň egnimdäki ýüki aýyran ýaly boldy. Men arkaýyn dem aldym, ýene şady-horramlyga ýol berdim we bu arkaýynlygym üçin ýene Lakaşa Süýegiň gazabyna duçar boldum. Bu gezek ol meniň düýşüme düýşüme girdi we;-Haçana çenli şemal ýaly dürli tarapdan öwsüp ýörjek. Sen bilimleri her dogry gelen adamlardan dälde seniň teniňe guýulan bilimlerden almalysyň.Sen bilimleri eýýäm alyp bolduň. Seniň etmeli işiň bu bilimleri dirilere aýytmak, olary şu bilimleriň esasynda bagtly etmek.Bar bolany şu.

Edebiýat, beyik yazyjy tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir