Bilim ulgamynda orta we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň dünýä derejesinde ykrar edilmegi her bir türkmeniň guwanmaly, buýsanmaly iň beýik gymmatlygydyr. Diňe şeýle ýagdaýda ýurdumyz güllüp ösýär.
Milli bilim ulgamynyň ösmegine badalga berýän Permandyr Kararlarda her bir adamyň mätäçlik çekmän ýaşamagyna, jemgyýetiň, Watanyň öňündäki parz işleri bitirmäge, ynsanlaryň aňyny, ruhuny arassalamaga, durmuşa ynamly, belent mertebeli, ar-namysly, maksada okgunly bolmaga gönükdirilendir.
Her bir ynsany islendik ýagdaýda gorap saklaýan, ekleýän hem Watan diýen beýiklikdir, ol ýeke-täkdir, türkmen halky Watany goramagy, söýmegi başarýar, oňa hyzmat edýär. Sebäbi Alladan soňky ezizlik Watandyr.
Ylymdan-bilimden kemsiz ýüki ýeten ynsan ganatlydyr. Ganatly ynsanyň bolsa ýetmejek menzili, almajak galasy ýokdur. Bu günki gün bolsa biziň ýaş nesillerimiz uly açyşlar edip, kandidatlyk we doktorlyk işlerini goraýarlar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ylmyň-bilimiň şöhle saçýan döwri. Bu döwür türkmen halkyna uly şöhrat getirýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde dünýä derejesinde ýeňişli orunlara mynasyp bolan 130 sany okuwçynyň internet ulgamynda ýeňişli orunlara mynasyp bolmagy guwandyryjy wakadyr. Türkmen halky bilim ulgamyndaky özgertmelerden ruhlanyp, Ylym işgärleri ýokary netijeler gazanyp, Watana, türkmen halkyna öz zähmetini gaýgyrman, jany-teni bilen girişýär. Türkmeniň şan-şöhraty dünýä ýaýylýar, halk bähbitli adalatly syýasatlar durmuşa çuňňur ornaşýar, üstünlikler, ösüşler artýar. Bu bolsa türkmene güýç-kuwwat berýär, ruhuna ruh goşýar.

Täzelikler, yashalym tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir