9. Bu sözlerden soň meniň arkamy aljak ölileriň bolmajagy hemmä mälimdir. Gorkydan meniň agzym gurap janym ýadyma düşdi. Akjagüliň ýagdaýy hem meniňkiden gowy däldi. Ol güýülgi ýatan ýerinde menden hemaýat gözläp yzylaýardy. Indi bu ýerde tomaşa görjekler hem ýygnandy, olar üçin parhy ýokdy kim dogry kim nädogry.Öwülýälik durşuna içinde guzynyň eti gaýnaýan gazana meňzäp lasyrdap başlady. Kimdir biri gygyrdy, bize tomaşa gerek. Tomaşa goýuň. Oňa gogap edip Otgorsan gygyrdy;- Elbetde tomaşa bolar. Siz menden muny tama edip bilersiňiz. Häzir men size bu iki jyrtlawuk kürreleriň näderejede biri- birine wepalydygyny görkezerin. Ol şeýle diýdide Akgagüli menden aýrylap ony eltip şu ýerdäki zeňňileriň birine daňdy we nutuk sözledi;-Eý Öliler dünýäsiniň garagöz raýatlary. Meniň sizi söýýänligim barada güman bolup bilmez. Munuň subudy hökmünde men şu wagta çenli ynanyp ýören jenanymy, emma meni aldap ukladyp soňra öz oýnaýşy bilen döwran sürýän bu Akjagül atly gotyr geçini siziň üçin gurban etjek. Bu meniň size bolan hormatymyň subudy bolar hemde meniň ukybymyň size patyşa bolmaga mynasypdygyny görkezer. Soňra Otgorsan şu setirleri onuň yzy bilen aýdym edip aýytmagymyzy haýyş etdi we eger men hem onuň bu sözini onuň yzy bilen gaýtalasam günämi geçjekdigini aýytdy;- Akgagül biz seni söýýäs; Uguryňda ýa nyp köýýäs; Sen hem bize şeýle diýip; Jogap berersiň öýüdýäs;. Millionlarça öliler bu aýdymy Otgorsan bilen bile gaýtaladylar. Men hem olara goşuldym. Akjagüliň bir özi galdy. Ol kimden hemaýat gözlejigini bilmän ýere seredip aglap durdy. Meniň sesim bolsa hemmeleriňkiden batly çykýardy. Otgorsan dowam etdi. -Alaja bagym ýitipdir; Ony Akjagül tapypdyr; Ony eýesine bermän; Öz boýnuna dakypdyr. Bu setirler has hem ýokumly boldy. Biz uly goh edip aý, sag bola bagşy diýip gygyrdyk. Otgorsan biziň gohumyzdan we goldamagymyzdan howur aldy. Ol aýdymyny dowam etmeli wagty onuň ornunyny men alyp göterdim. Bu wagt men näme diýjegimi anyk bilmeýärdim we çem gelen sözleri güwletdim. Saryja itim boşapdyr; Ýoldan geçeni dişläpdir; Akjagül deý akmaklar; San-sajaksyz bolupdyr;. Meniň bu sözlerim öňküdende beter goh turuzdy, ýygnanan mähälläniň içinden dowam et diýip gygyrýanlaryň sesi eşidildi. Otgorsan maňa seredip molodes diýip gygyrdy. Men ýel aldym. Ýene çem gelen zatlary sarnadym. Akjagül äre barypdyr; Ärim diýip söýüpdir; Ertir görüp otursa; Älkaş bolup çykypdyr; Goh ýetjek derejesine ýetdi. Biz aýdymymyzy ýene dowam etmegimiz mümkindi ýöne edil depämizden çykan aýylganç ses bizi togtatdy. Siz meniň aýdymymy eşitmersiňizmi, aňyrsyna çykan masgarabazlar... Kimiň gepleýänini biljek bolup biz töweregimize seretdik. emma biz hiç zat görmedik. Onda bu ses; Meni örän irte ýatdan çykarypsyňyz, men bolsa sizi ýok. Siziň gohuňyz meni ýatyrmady ýogsa meniň ebedi uka gitmeli wagtym boldy. Şundan soň biz bu sesiň eýesini tanadyk. Bu Lakaşa Süýegiň sesidi.-Gapylyň haýwanlar, aňkyrawuk eşekler, tezek çöplän gargalar, ejize ganymlar. Siz näme edenimizi edip ýöräberersiňiz öýütdiňizmi. Agyň garşysyna gara bar, gyzgynyň garşysyna sowuk, rehimsizligiň garşysyna bolsa adalat. Men bolsa adalatyň çeşmesi. Siziň bu eden işiňiz jezasyz galmaly däldir. Şundan soň bir tüweleý turam ýaly boldy we seretsek Otgorsanyň iki aýagyndan görünmeäýän el tutdy. Soňra ol öz okunyň daşynda bjrnäçe gezek pyrlandy we uçup gidip şu ýerdäki metjidiň minarasyna degip çyn pytrak boldy. Soňra bu görünmeýän el meni asmana göterdi we şeýle diýdi;- Iň soňky duýduryş...Özüňi tanamasaň we etmeli işiňi bilmeseň seniňem ykbalyň şeýle bolar.Şundan soň bu görünmeýän el meni hem asmana zyňyp göýberdi we men uçup gelip öz howlymyza düşdim. Elbetde, tenim awy azar ruhym bolza çökgün ýagdaýa düşdi. Şu wakadan soň men özüm üçin hezil döwüriň gutarandygyny bildim. ýaşaýyş meni irte ulalmana we çynlakaý oýlanmana mejbur edýär. Ýene aýlar günler geçip başlady. Edýän işim goýun bakmak, ot ormak soňra okuw. mekdebi tamamlamana az wagt galdy. Sapaaklardan ýetişmäm ýaman däl, käbir ugurlar boýunça gowy. Şundanam gowy okamana wagt ýok. Çeper edebiýata gyzykmam artyp gitdi. Okuwyň köp wagtyny edebiýat alyp dur, matematikany hem halaýaryn emma bu ylymda gyzyk ýok onsoňam köp ýeri düşnüksiz. Özümdan başga okuwçylaryň matematikadan baş çykaryşyna gözüm gidýär, olaryk kellesi nähili işleýärkä diýip geň galýaryn. Soňra wagtyň geçmegi bilen mende matematika ylymyna garşy ters düşünjeler peýda boldy. Bu ýagdaýa özüm hem geň galýaryn, nähili edip bize öwredilen matematikany gowy bilmezden onuň ters tarapyny gowy bilip bölýar. Bu soraga özüm gogap bereýin. Islendik ylyma gowy düşünmek üçin bu ylymyň kim tarapyndan ýazylandygyna , bu alymyň nähili häsiýetleriniň bolandygyna, onuň ýaşan döwrüniň haçandygyny we bu alymyň şu ylymy ýazmakdan näme maksadynyň bolandygyny, ylymy mejbury ýazdymy ýada öz islegi bilen ýazdymy, şulary we ýenede şol döwüriň edebiýatyny, taryhyny, jemgyýet gurluşyny bilmek gerek. Alymlar öz-özünden aňsat gelip çykmaýar olar hem biziň ýaly adamlar ýöne olaryň içki dünýäsi örän näzik. Onsoňam olaryň daşky dünýäni kabul edişi köp ugurly we inçe ugurly bolup biler. Biz alymlara ýokary baha bermek bilen olaryň köpüsiniň açgöz, nebisjeň,rehimsiz,ogry, ýalançy bolandygyny hem aýytmagymyz gerek. Söziümiziň dowamynda biz olaryň üstünden bararys. Siz şunda edebiýatyň güýjüniň has ýokary bolýandygyna we gerek bolsa edebiýatyň matematikany boýun egdirip bilgegine göz ýetirersiňiz. Ýöne biziň maksadymyz bu däl, näme maksadymyzyň bardygyny biljek bolsaň üns bilen okamaňy dowam et we sen köp zatlara akyl ýetirersiň. Entek häli biriniň üstünden düşmezden ozal we ylymlara at dakmazdan öň men size bu düşünjelere nähili gelendigimi aýydaýyn. Meniň bu aýytjak gürrüňlerimde hem örän köp gyzykly wakalaryň üstünden bararsyňyz we keýip edip gülersiňiz. Ine onsoň onunjy synpda okaýan döwrüm başlandy we men okuwdan daşary mekdepde Gyzylgüle hem köp wagtymy sarp etdim. Ol gyz ýörände ýüregimiň üstünden ýöreýärdi, gülende gulagymda, sözlände gan basyşymda. Biz ikimiz biri birimize gülüp baksakda, göwnümize aramyzda söýgi bar ýaly bolsada uruşman bir agyz sözleşen wagtymyz ýok. Iň esasysy ol meniň çynlakaý sözlerimiň üstünden hemişe gülerdi we men onuň bolyşyna gaharym gelerdi onsoň men özüme Gyzylgül seni söýmeýär ýogsa ol özüni beýle alyp barmazdy diýip ondan göwnüm galyp ters bakardym we şeýdip ýöräp bir gün onuň eden etmişini ýatdan çykaryp ýene oňa gülüp bakardym. Ol bolsa meniň bu häsiýetimi bilýän ýaly özüni şöl birhili alyp barardy. Haçan men sapagy aýdyp bermek üçin orta çyksam ol meniň ýüzüme çiňňerilip gülüp otyrardy we mugallym ýada okuwçylar meniň üstümden düşse olar taraplyk bolup galardy. Dogrysyny aýytmaly, Lakaşa Süýek bilen soňky duşuşyk maňa güýçli täsir etdi we men Onuň menden edýän tamasyny ödemek üçin hereket edip başladym. Men Onuň Öliler dünýäsini kämilleşdir mek islänini bilýärdim. Ýöne meniň bilimim bu zatlara doly akyl ýetirerden pesdi we men özümçe, hiç kime aýytmazdan bilim almaklyga ymtylýardym. Muňa meniň Öliler dünäsi bilen baglanyşyklydygymy hiç kime aýdyp bilmejegim hem mejbur edyärdi. Men öz etmeli işime haçan we nämeden başlajagymy bilmeýärdim we bir gün kimden bolsada birinden maslahat soramalydygymy bildim. Maňa öliler barada özgeleriň pikiri gerekdi. Ine onsoň gysgaça aýytsam meniň birinji maslahatçym Gyzylgül boldy. Men ondan öliler barada nämeler bilýäň diýip soradym.Ol hemişekisi ýaly gülüp;-Olar barada bilmek nämä gerek, olar barada biljek bolsaň garrylardan soramaly ýada mugaallymlardan. Men;- Emma men ölileri gowy tanaýan, isleseň seni tanyşdyryp goýaýyn . Gyzylgül, ýok. Men olardan gorkýan. Şundan soň men öliler barada aňsatlyk bilen söz alyp bilmejegimi duýdym. Ýöne ýene bir garrý adamdan hem sorap göreýin diýip biziň bilen bileräk goýun bakýan garry gopana ýüz tutdym. Ol maňa ölileri kän agzama, olaryň ruhlary biziň aramyzda, olar dirileri halamaýar, olaryň ölmeginde biz dirileiň aýby bar, olaryň köpüsi armanly ölen, bu diýildigi olar öldürilen . Garrynyň bujagaz dýşündirmesi bilen köp zada düşünmejegiň belli we men ýene edebiýata dolandym.

Bilim, beyik yazyjy tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir