Direliş edebiýat edebi-çeper saýty öz işini doly täzeledi.

Sanlyja aý mundan ozal açylanam bolsa, ýurdumyzyñ çar künjünde edebiýat muşdaklarynyñ wirtual ýankitabyna öwrülen saýty, mundanam beýläk öz işini kämilleşdirmek maksady bilen öz salgysyny üýtgedýär. Öñki sahypamyzda, gynansak-da, ýurdumyzyñ welaýatlaryndan girip okaýan okyjylarymyza set pesligi zerarly kynçylyk döreýärdi. Täze salgymyzda bu kynçylyk doly aradan aýryldy. Şeýle hem beýleki saýtlar bilen bäsdeşlik eder ýaly derejede funksiýalary-da artdyryldy, daşardan hüjüm edäýjek internet garakçylarynyñ elýeterinden-de has howpsuz we has ygtybarly ýagdaýa getirildi.
Sahypamyzda okyjylarymyzyñ dykgatyna ýetirilen proza we poeziýa eserlerini iñ gysga wagtyñ dowamynda täze salgymyza göçüreris. Şeýle hem saýtymyzda pdf kitap ýüklejekler üçin hem ýörite bölüm dörediler.

Saýta agza bolmak we okyjylarymyz bilen çeper eserleri paýlaşmak isleýänler blogger toparyna kabul ediler, bloggerler toparyna kabul edilmedikler saýtda blog açmak mümkinçiligi bolmaz. Muña garamazdan islendik saýta girýän okyjynyñ agza bolmazdan teswir ýazmaga, pikirini erkin beýan etmäge bolan hukugy bolar.
Bloggerler toparyna kabul edilendigine garamazdan çeperçiligi pes we awtorlyk hukugyny bozýan eserler sahypamyzda berilmez. Şeýle hem edebi tankydyñ çygryndan, garşylyklaýyn pikir alyşmagyñ çäginden çykýan göwnedegijilikli we şyltak atyjylykly teswirleriñ, hapa-paýyş sözleriñ ýazylmagyna-da ýol berilmez, ýazylaýan ýagdaýynda-da adminstrator tarapyndan şeýle teswir ýazanlara duýduryş berlip, ýazan teswirleri öçüriler. Duýduryşdan netije çykarmadyklar we şeýle bidüzgünçiligi gaýtalanlar üçin kanuny jogapkärçilik biziñ üstümizden aýrylýandyr...
Munuñ üçin hem ýörite gorag we anyklaýyş funskiýalarymyzyñ hem girizilendigini öñünden ýatladýarys...

Edebi çekişme - edebi bekişme!
Saýtymyzda islendik awtoryñ islendik eseri boýunça islendik okyjy öz pikirini aýdyp biler. Hut şol nukdaýnazardan ugur alybam teswirlerde islendik okyjy şahsy pikirini goşar ýaly mümkinçilik döredildi.
Garşylyklaýyn pikirler, tankydy bellikler, dostlukly maslahatlar, dartgynly jedeller... bularyñ hemmesi dörediji gatlagyñ inkär edip bolmajak ruhy itergisidir, kämillige alyp barýan ýoldur. Ýokary hilli kämil eserler diñe tankydyñ bar ýerinde, onda-da ýokary talabedijilikli tankydyñ bar ýerinde bolup biler. Muny dünýä edebiýatynyñ taryhy açyk-aýdyñ görkezýär.

SIZIÑ HER BIRIÑIZIÑ PIKIRI, MASLAHATY, BELLIKLERI AWTORLAR ÜÇIN, GALYBERSE-DE BIZIÑ ÜÇIN HEM-DE SAHYPAMYZYÑ HASAM HEREKETLI WE HASAM ŞÜWELEÑLI BOLMAGY ÜÇIN DERWAÝYSDYR, GEREKLIDIR WE GYMMATLYDYR!

Okyjylarymyzy sahypamyza çagyrýarys:

www.kitapcy.ml
hasturkmen84@gmail.com

Täzelikler, wagt tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir