8 -Gel ýarym bag içre seýran edip, bir zaman sözleşeli; Ýanan ýüregimiziň derdin aýdyp bir zaman dertleşeli; Ne zaman boldy aşyklara aňsat boldy; Söýgüli ýaryn taşlamak hemmelere däp boldy; Gyzylgül meniň bu goşgymy eşidip, yazan gazalyňa ýaman däl, ýöne birinji aldawçy bolsa seniň özüň, sen sözde dogry edýäň emma işde yok. Men saňa az ynanýan. Ýeke men däl eýsem hemmeler ýalan sözleýär derňeseň hemmäni derňe diýdim men. Hemmeler bilen meniň işim ýok diýdi Gyzylgül we meniň aram onuň bilen ep- esli ýaramazlaşdy. Biz ikimiz ters bakyp ýöredik. Men oňa öz içimden; Öýkeleseň öýkeläber meniň Akjagülim bar sen ony göräýseň meniň bilen erjeşmeli däldigini bilersiň. Onsoňam men Öliler dünýäsiniň patyşasy. Haçan siz öleniňizde ol dünýä bararsyňyz we meniň golastyma düşesiňiz, ine şonda siz puşman edersiňiz. Şu wagt hem, meniň ýadyma Otgorsan düşdi. Ähä haramzada sen elime düşersiň. Men tizara seniň bilen söweşe girerin .Şundan soň men Otgorsany ýeňmek hyýalyna mündim. Ony ýeňmegiň iki ýoly bardy. Biri ony düýüşde gabyz etmek ikinjisi huşda. ýöne görüp otursam daşdan kömeksiz Otgorsany ýeňip boljak däl Men ýene Akjagüli görmeli boldum. Indi näme etsemkäm Öz islegim bilen men onuň düýşüne girip bilmen. Mende beýle ukybyň bardygyny men entek bilmeýärin.Şonuň üçin men Akjagüli huşda görmeli boldum. Munuň üçin men öň synalan emele geçdim. Garaňky düşenden soň gabyrystana tarap ýol aldym. Birbada dym- dyrslyk. Ýöne bu uzaga çekmedi.Görsem bu gün Otgorsanyň öýlenýän güni ekeni. Akjagüle. Indi näme ederin. Bir gün geçirip gelenimde gowy boljak ekeni. Meniň asla Akjagüli goramak niýetim ýok. Meniň maksadym Otgorsany ýoklap özüm Öliler dünýäsine patyşa bolmak. Indi näme etsemkäm. Meniň boýnuma artykmaç iş düşjek bolup dur. Men Akjagüli goraýmaly bolaýmasam .Onsoňam maňa bahana gerek. Akjagüli bahana edip Otgorsana uruş yglan ederin. Men yzyma hem gaýytjak boldum, ýöne öliler meni gördi . Birinji bolup Seýit aga. Ol meni göeüp ýügirip diýen ýaly geldi. Görsem Seýit aga. Öňkiligi däl. Ýagdaýy has gowulaşypdyr, öwrenişipdir. Biz gadyrdanlar bolup salamlaşdyk. Ol menden öz taşlap gaýydan öýüniň hal ahwalyny sorady. Men bolsa ondan Akjagüli soradym. Seýit aga ony görübilmersiň diýdi ol eýýäm nika otagynda. Biz ölileriň iş alyp baryşynyň köp ýeri dirileriňkä meňzeýär. Gowusy git bu ýerden. Gaýdybam gelme, öliler dirileri ýigrenýär. Yzyma sag-aman gaýytmak meniň hyýalymda hem yok däldi ýöne meniň gaçyp gaýydanymy Otgosan eşitse meni gorkaga çykarjagy we depäme münjegi görünip durdy. Şonuň üçin men bilegörä batyrsyradym. Men ondan gorkmaýan diýdim, özümiň bolsa injiklerim sandyrap durdy. Meniň sözümi eşidip duran ýaly Otgorsan peýda boldy we onuň bilen tükeniksiz köp öli ler. Olar meni gurşap aldylar we dogry içime seretdiler OLaryň nazary rentgen şöhlesi ýaly içimde näme bardygyny bildiler .Olardan biri Lakaşa Süýek dolanyp geldi diýdi Onuň adyny eşiden men biraz ynjaldym. Bu söz meni Otgorsandan goranmana kömek eder. Meniň ondan Akjagüli dawa etmek hyýalym ýokdy. Has dogrusy meniň özüm hem ölilerden näme isleýänimi bilmeýärdim. Bu maňa soňra belli boldy. Häzir bolsa bilegörä Akjagüli dawa etdim.Men öz edýän işimi delillendrdim. Men aýytdym, öliler dirileriň oňünde borçly,çünki öliler dirilerden emele gelärler. Öliler dirilere sözsüz boýun bolmalydyrlar ýogsa diriler olara jeza bererler Biz diriler ölileri sylaýarys. Munuň subudyny bilmek isleseňiz dirileriň arasyna baryp meniň aydanymyň hakykatdygyna göz ýetirersiňiz. Biz ölileri ýatlaýarys, olaryň atlaryny perzentlerimize at edip goýýarys, olar barada kitaplar ýazýarys, olaryň diri wagtyndaky işlerini öwrenýäris we başgalar.Otgorsan;- Siziň bu edýän işleriňiz biz ölileri sylamakdan gelip çykmaýar tersine dirileriň samsyklygyndan gelip çykar.Siz diriler öz araňyzdaky akylly adamlara gulak goýmaýarsyňyz we haçan olar olenlerinde olary ýatlap başlaýarsyňyz ýöne siziň edýän işiňizden netije ýok çünki öň aýdylşy ýaly öliler dirileri ýigrenýär. Men Otgorsany gepinde tutmak isledim we onuň garşysy na Akjagüliň maňa bolan söýgüsini aýytdym. Akjagül meni söýýär, bu gün dek röwşen diýdim. Meniň bu sözüm Otgorsana ýaman täsir etdi .Ol syrtyna köz gysdyrylan ýaly byzbyldyklady. Men Akjagül diýip geldim. Otgorsan;- Git bu ýerden ýogsa senem biziň birimiz bolarsyň öliler dirilerden güýçli bolýar. Men öz dildarym dilberim bolan Akjagüli saňa bermerin. Men;=Berersiň. Sende alaç ýok. Goý, Akjagüliň özünden soraly, goý ol ikimizden birimizi özüne är saýlasyn,onyň şeýle etmäne haky bar. Bu ýerde duran öliler hem meniň bu sözümi tassykladylar. Bize adalatly çözülen çözgüt gerek diýdiler. Şundan soň Otgärsan meniň teklibime boýun boldy. BIz Akjagüli çagyrdyk. OL meni görüp edil enesini ýitirip tapan göle ýaly men tarapa gaýytdy. Gelip gujagyma doldy. Maňa;-Meni yzlap geldiňmi diýdi. Men oňa, hawa gölejigim diýdi. Otgorsan beýle bolar öýütmändir. Onuň gahary geldi. Ol bizi gurşap alyp duran ölilerden özüne tarapdar gözledi. Eý ölüler siz ýene bir gezek dirilere tabyn bolýarsyňyz Indi olar biziň aýallarymyzy elimizden alýarlar. Bu gün meni ezen ertir sizäm şeýle eder. Geliň ony bu ýerden kowalyň .Onuň gepini tassyklanlar boldy we ölileriň arasynda maňa garşy pitne başlandy. Meni we Akjagüli tutdylar. Bir salymda elimizi- aýagymyzy güýdüler. Betnyşan Aýal peýda boldy. OL maňa çyrlady edil gulagymyň özüne. Ele düşdiňmi edil ýügürek towşan ýaly Saňa künti diýerler. Men seniň içiňi bilýän. Sen hiç haçan Aýallary gowy görmändiň ýogsa sen olary erkeklerden goraýan kanuny bireýýäm ýazardyň. Sen hatda aýallaryň bu durmuşdaky islegini hem soramadyň şeýle etmek gaty kyn däl ahyry. Lakaşa Süýek senden tama edipdi. Emme sen tamany ödemediň .Indi sen ölersiň we edil biz öliler ýaly gözgyny durmuşy başdan geçirersiň.

Bilim, beyik yazyjy tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir