Eziz Nesin "Dostluk kömegi"

Dünýä satirasynyñ klassygyna öwrülen meşhur türk ýazyjysy Eziz Nesiniñ ezber galamyndan "Dostluk kömegi" atly hekaýasyny ilkinji gezek türkmen dilinde okap bilersiñiz.
Hekaýa sünnet däbiniñ üsti bilen uzak Afrikada dörän täze döwletiñ we oña goñşy bolup duran bir musulman döwletiñ ýolbaşçylarynyñ arasynda bolup geçen tragikomiki bir wakadan söz açýar.
Täze dörän döwlet musulmanlardan kömek soraýar. Nebite baý musulman ýurduñ baştutany bolsa musulmanlykdan başga kyrk tüýsli din ýaýran ýurduñ ýolbaşçylaryna musulmanlygy kabul edip, özlerini sünnet etdirseler, aýdylan kömegi berjekdigini aýdýar. Netije uzak çekeleşikden soñra gelen delegasiýanyñ özlerini köpçülikleýin sünnet etdirmegi bilen tamamlanýar. Asyl hemme zat şondan soñ başlaýar. Soralan kömek berilmeýär. Gaýtam olara halky hem sünnet etdirmeklik boýunlaryna goýulýar.
Olar öz ýurtlaryna dolanansoñ, turýa bir başagaýlyk...
Waka näme bilen gutarýar?.. Ýazyjy näme diýmek isleýär?..
Ýa-da yslamçysyraýan käbirleriniñ pikir edişi ýaly, Eziz Nesin yslam däplerini ýañsylaýarmyka?...
Muny diñe hekaýany doly okap gutaranyñyzda we hekaýanyñ ahyrynda ýazyjynyñ eden belligini okanyñyzda düşünip galarsyñyz...
Okamaga howlugyñ!!!

direlisedebiyat.blogspot.ru edebi-çeper saýty Siziñ hyzmatyñyzda!

Edebiýat, wagt tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir