Eziz NESIN.

▶ GALPHORLUGY-DA EDER ÝALY BOLMADY

Ol häzire çenli ýaşap geçen galphorlaryñ iñ ussadydy. Bu onuñ öz-özüne beren bahasy däldi. Ol adamy haýran edýän derejede hoşgylawdy. Henize çenli bir ýerde özüni öwenini gören ýokdy. Ýogsam bolmasa ogurlyk, jübikeserlik, kezzapçylyk, galphorlyk we şuña meñzeş etmişleri edýän jenaýatkärler gözboýagçy bolýarlar ahyryn. Köplenç fantaziýalary güýçli bolansoñ, eden işlerini çişirip, olam az bolýan ýaly hiç haçan etmedik işlerinem üstüne toslap gürrüñ berýändirler. Şeýle bir toslaýarlar welin, ogurlykda, kezzapçylykda, galphorlykda hemmesi biri-birinden ökdedir. Gürrüñ bere-bere, belli bir wagtdan soñ toslap tapan ýalan-ýaşryklaryna özleri-de tüýs ýürekden ynanyp başlaýarlar. Galphorlaryñ şasy bular ýaly jenaýatkärlerden däldi. Ol göýä haky şa ýalydy; özüni asylzadalar ýaly alyp barýardy we agrasdy. Toslamak beýle-de dursun, adatdan daşary galphorlyklar barada-da dil ýarmaýardy, bulary başgalar aýdardy, onuñ başdan geçirmeleri dillere dessandy. Hernäme-de bolsa, esli çarşenbäni başdan geçiren adamdy. Düýnüñ, şu günüñ galphory däl. Ýygy-ýygydan türmä düşüp ýörenlerdenem däldi, muña garamazdan onuñ at-owazasy ähli türmelere ýaýrandy. Şeýle meşhur bolmagynyñ sebäbi bolsa, onuñ eliniñ açyklygydy. Onuñ tussag edilendigi baradaky habar gazetlerde çykyp-çykmanka tussaghanadakylar toý-baýram ederdiler. Galphorlaryñ şasy türmä gelýär diýip alasamsyklar topary, ýarlykly garyplar, açgözler, öýsüz-öwsarsyz sergezdanlar, gedaýlar däl-de, peşewi bilen degirmen ýöredýän ketdeler, türme hojaýynlary, hatda başlyklar şatlanýardy. Çünki Galphorlaryñ şasynyñ giren türmeleriniñ howasy üýtgeýärdi. Ol puluñ çeşmesidi we hiç wagt bu bol suwly çeşme guramaýardy.
Onuñ tussag edilendigi barada habar düşen basyna tussaghanada taýýarlyklar başlaýardy. "Begler kletkasy" diýip atlandyrylýan, baýlaryñ we aýratynam özüni oñarýanlaryñ oturýan kletkasynyñ iñ gowy künjünde, penjiräniñ aşagynda gyşyna maýyl, tomsuna salkyn bolýan krowat oña taýýarja durardy. Heniz türmäniñ bosagasyndan girmänkä onuñ hyzmatyna üç hyzmatçy goýulardy: olaryñ biri nahar-şora jogapkärdi, biri çaý-kofe taýýarlamaly, beýleki üçünjisi bolsa ownuk-uşak işleri etmelidi...

(www.kitapcy.ml edebi-çeper saýtynda)...

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir