7 Dogry bazarda jypdyrmak kanuny menden öň hem bardy ýone men ony kanun derejesine çykardym. Bu kanun oz gezeginde öňden bar bolan Ýalan zözlemeli däl diýilen kanuna ters gelýär. Men bu kanunlar barada oýlanýarkam Akjagül meni gözläp ýurtdan çykdy. Onuň meni gözläp tapyp bilmedigine men çukalakda yatan ýerimde mes boldum. Sen meni hiç haçan tapmarsyň diýdim Men altyn balyk ýaly sypalakçydyryn diýdim. Emma çukalakdan çykdym oňa nebsim agyrdy. Ol meni gördi. Men tarapa gäaýytdy. Ol ýakyn gelende men ondan ýene gorkdym we ýene gaçyp başladym. Ol kowdy men gaçdym. Ol meniň yzymdan ýetip bilmez ýaly meniň üçin ýenede bir kanun gerekdi emma gyssagara bu kanunlar kelläme gelmeýärdi bar bilýänim tizligi ýokarlandyrmakdy. Mynyň peýda berjegine men az ynanýardym we Dogry durmak kanunyna geçdim. Akjagül bolsa meniň ýanyma gelip nämä gaçyarsyň diýdi. Men bolsa oňa;- men senden gaçamok, seniň betnyşan keşbiňden gaçdym diýdim. Onda ol;- indi näme üçin gaçaňok diýdi Meniň saňa nebsim agyrdy diýdim. Onda ol;- Diýmek seniň nebsiagyryjylygyň meniň betnyşan keşbim bilen ylalaşypdyrda, şeýlemi. Men oňa;- sen meniň içimi bilýäň. Ol maňa;- bu häsiýet hemme ölilere degişli diýdi. Entek bu zatlaryň hemmesi düýüşde bolup geçip durdy. Huşumda bolsa men ölileri umuman halamaýardym. Gözümi ýumanym şol Lakaşa Süýek, Aýal, Akjagül bilen baglanyşykly düýüşler, soňra bu düýüşlere Otgorsan hem girip Öliler dünýäsinde kyýamat gopdy. Ol ýerdäki dawalar, wäkalar öz gezeginde Diriler dünýäsinde bolup geçýän hadysalara örän meňzeşdi. Mysal üçin diriler dünýäsinde biriniň söýen gyzyny başga biriniň zorlap ondan aljak bolmagy örän köp duş gelýär. Ondada şunuň ýaly gabahat jşi baý adamlar, patyşalar köp edýär. Ine şu ýagday hem meniň we Akjagüliň hem ykbalynda bar eken. Öli Akjagüliň Dirä söýgüsi Otgorsana baryp ýetipdir. Ol bu wagt tozana öwrülen Lakaşa Süýegiň ornuny eýeläpdir we öliler dünýäsine ýekehojaýyn bolup eden etdilige ýol beripdir. Ine şu Otgorsan hem Akjagüli zorlap özüne aýal etjek bolupdyr. Akjagül bolsa ony inkär edipdir çünki ol meni saöýýän eken. OL meni söýýändigini Otgorsana aýdypdyr emma ol haramzada bolany üçin hem meniň adyma hem Akjagüle hemle urupdyr. Eý sen diýipdir, aňysyna çykan ala towuk, ýumurtgany öz ketegiňde dogman goňşylaryň keteginde dogýaňmy, seniňki pyçak diýipdir. Akjagül ondan öler ýaly gorkupdyr. Ol sandyrapdyr. Otgorsan bolsa gudurap aňrybaşa çykypdyr. Ol meniň adyma hem şeýle diýipdir;- Saman kelle diýsäni, ol özüni kim saýýar, men oňa öliler bilen oýun etmeli däldigini bildirip goýaryn. Ýöne men oňa degmänem bilerin eger sen öz razylygyň bilen maňa çyksaň. Onuň bu sözüne Akjagül ikirjiňläpdir, ol tas razylyk hem beren eken çünki ol meniň ölümimi islemändir. Akjagüliň Otgorsan baradaky habary meni hem gaty gorkuzdy. Biz ikimiz sowukda galan küçük ýaly titir-titir etdik Men oňa;- oňarmansyň, çykaýmaly ekeniň, biz soňra gizlin duşuşardyk. Akjagül;- Şeýle etsek bolarmydy näme, men bilmändirin, sen meniň üçin şirin janyňdan hem geçersiň öýdüpdim. Men;- eýsem näme, men seni janymdn artyk söýýärin, Tahyryň Zöhräni söýeninden hem beter söýýärin, hatda maňa şu gyzdan ýüz dönder diýip müň dollar hem berseler hem senden ýz döndermerin ýöne men bir öli diýip janymy orta hem goýup bilmerin. Sen häli maňa öli hem diýýärmiň. Diýenimde näme, bu häli hemmesi däl men Otgorsandan gorkýan. Onsoňam men diňe seni däl Gyzylgüli hem söýýärin. Akjagül;- Men saňa ynanypdym ikimiz hemişe bile bolarys diýip. Ynanyber, meniň bu aýdanymda öýkelär ýaly zat ýok. Men öz eden işimi delillendirmäne taýyn. Men bu eden işimi kitapdan aldym Tahyr Zöhräni hem Mahymy, Hemra bolsa Saýat bilen Selbinyýazy söýýär. Meniňem ýüregimde ikiňie orun bar. Meniň bu sözým Akjagüli öýkeletdi öýüdýän ol meniň düýşüme girmesini goýdy. Men bolsa ony ýatdan çykaryp Gyzygüle ýapyşdym. Ony görsem gülümgirap, degişip başladym. Ozaldan köpbilmiş, bet gyz bolan Gzylgül meniň ol baradaky göwün ýüwürtmelerimi derrew aňdy. Ol maňa;- Sen oglan saňa bir zatlara bolýar diýdi. Men oňa, meniň ýüregimde söýgi bar diýdim. Ol bolsa maňa, seniň ýüregiňde infarkt bolaýmasyn diýdi. Onda men oňa;- Meniň ýüregimde saňa bolan söýgi bar diýdim. Onda ol maňa, seniň ýüregiňde ýalan söýgi bar diýdi. Onda men oňa, şu gazal seniň daş ýüregiňi ereder diýdim; -Gel ýarym bag içre seýran edip, bir zaman sözleşeli; Ýanan ýüregimiziň derdin aýdyp bir zaman dertleşeli;

Bilim, beyik yazyjy tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir