Dowamy 6 Hawa men indi Akjagüli görmelidim. Bu barada başga ýene bir pikir bolmagy mümkin däldi. Men bu gyzy görmezden söýdüm. Öz ýanymdan oňa men seni sööýärin diýdim. Dogry ol öliler dünýäsinden. Ýone näme etjek ýürege erk edip bolanokda. Akjagül meniň bütin barlygymdy. Men ondan uly tamalary edýärdim . Wagty gelende meniň ölüler dünýäsinde uly işlerim bardy. Şolardan käbirini şu wagt aýdaýyn. Goräýmäne meniň durmuşym daşdan seretseň tertipsiz we manysysyz ýaly bolsada onuň içinde ýerleşen mähek daşynda tertip we düzgün, adalat we kanun, paýhas we ylham, söýgi we mähir aň we düşünje ýaly bir topar gözýetimler öz nobatyna garaşyp durdy. Men bu soraglara jogap bermelidim. Bu iş aňsat däldi. Munuň üçin köp adaymyň kömegi gerekdi. Men bu ýagdaýa düşünýärdim. Men hemişe aladasyz ýaşap bilgek däldim. Edil şu wagt gülüp oýnap ýörsemde çynlakaý işler üçin amatly pursaty peýleýardim. Maňa sowat, bilim, tejribe, ukyp we elbetde yhlas gerekdi. Diriler dünýäsi hem meni gaty gyzyklandyrýardy. Men iki dünýäniň arabaglanyşygyny inkär etmeýärdim hatda bu arabaglanyşyk bolmadyk bolsa has hem gowy bolardy diýýärdim. Ine onsoň men yzma-yz täze kanunlary açyp başladym. Eger men şeýle diýsem siziň käbiriňiz mundanam bir kanun bolarmy diýersiňiz, ýöne meniň size aýytjak sözüm kanunyň sahy bolmaýar. Eger ymtylsaňyz siz hem kanun açyp bilersiňiz. Öň aýdyşym ýaly meniň ilkinji açan kanunym bu;-1.Öz bähbidiňi öňe tut,Yz ýanyndan bu kanuna garşy ikinji kanuny açdym, ýagny;-2. Öz bähbidiňi dälde özgäniň bähbidini öňe tut. Edil şu wagt kelläme bir pikir geldi. Eger biz şu aýydanlarymyzy kanun diyip alsak onda geometriýadaky üçburçlygyň kanunyny alyp bu ikisini deňeşdirip göreliň. Munuň üçin üçburçlygy ýatlalyň. Üçburçlygyň üç tarapy, üç sany burçy bolup onuň katetleri gipetenuzasyna deňdir. Bar bolany şu. Durşuna kelleagyryk.Has çynlakaý oýlansaň üçburçlygy ýatlamaak nämä gerek. Ynha men hiç haçan şu kanuny birgikde ulanmadym. Emma geometriýa sapagynda bize şu teoremany zorlap diýen ýaly öwretdiler. Şunuň bilen birlikde gündelik durmuşda günde ulanýan kanunlarymyzyň köpüsini welin öwrretmediler.Muňa mysal bolup häzirki size aýytjak düşündirmelerim dogry geler.Indi bolsa öz bähbidiňi öňe tut diýen kanundan gelip çykýan netigäni öwreneliň, edil şu kanun hem öwrenilmän gelýär.Siz eýýäm duýaänsyňyz edil şu kanun bilen biz hem şahsyýet bolýarys hem öňe ymtylýarys hem atymyzy ýeke çapýarys hemde gopbamsylyk keseline uçrayarys. Kanunuň peýdasyndan zyýany has köp. Bu kanunuň tersine ýazylan özgäniň bähbidini öňe tut diýýän ikingi kanunyň gulagumuza eşidilşi geň. Eger biz bu kanuny ýerine ýetirsek nähili bolar. Taryhda şeýle ýagdaýlar bolanmy. Şuňa meňzeş soraglardan meniň kelläm doludy. Bu soraglar öz jogabyna garýardy. Emma Akjagül barada eşidenim şol bar höwesim oňa gönükdi. Men olara; - Baryňyz owwarra gidiň samsyklar. Siziň özüňiz ýaly samsyk kasnunlaryňyz meni gyzyklandfyrmaýar.Meniň ýadyma Akjagül düşýär. Haçan men onuň alma ýaňaklaryndan ogşap humardan çyksam kanunlary özüm ýazaryn. Özäm bilýäňizmi täzelerini. Bu kanunlar iki dnýäni hem tertibe salar. Wada berşime berdim welin yzynda durup bolaýsa ne ýagşy yz ýanydanam özüme göwünlik berdim kim häzirki döwürde wadasynda tapylýar menem şolaryň biri ekenimdä. Häli Akjagüläm aldamaly bolar. Gyzylgül hem bar ahyry. Bu gyz meniň synpdaşym Ol gyz meni gowy görýär. Menem ony halaman duramok. Dili şerebeli ýogsa men ony hasam gowy görerdim. Onsoňam özüňiz oýlanyp görüň ähli ölüler bizi aldaýan ýaly käwagtlar bolsa biziň üstümizden gülýän ýaly. Ine şu we başga soraglara men jogap isleýärdim. Şunuň ýaly oý-pikirlerden soň men öz islegimi bu aýala aýytdym . Aýdanym şol ýeriň teýinden çykan ýaly bolup Akjagül peýda boldy. Ähli ölüler ýaly ol hem gorkunçdy. Men ondan gorunjyma aýak göterdim. Men gaçdym ol kowdy. Men ondan gaçyp bir günlik arany açanymda ol meniň gaçanymy bildi we meni kowup ugrady Men onyň kowýanyny görüp tizligimi iki esse ýokarlatdym we ol meniň arany açýanymy görüp tizligini üç esse ýokarlatdy we günüň ahyrynda yzymdan ýetdi Haçan ol meniň yzymdan ýetende men matematikanyň pes tizlikde ýügürýäniň yzyndan yokary tizlikde ýügürýäniň kowup ýetjekdigi baradaky kanuny üýütgedesim geldi we men Akjagüle täzeden diýdimde birazrak arany açyp şu ýerde bar bolan çukalaga girip gizlendim Akjagül meni görmän deňimden geçip gitdi we men özüme bu matematikada jypdyrmak kanuny diýdim. Edil şuňa meňeş kanuny men soňra öz ýaşaýan ýerimde bar bolan bazarda synap gördüm we bu eden işime bazarda jypdyrmak kanuny diýip at berdim.

Bilim, beyik yazyjy tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir