Hususy habarçymyz Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň guramaçysy Şyhymerdan Sary oglan bilen söhbetdeş boldy.
Eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde döwlet derejesinde giňden bellenýän ajaýyp bilim baýramçylygy ýagny, “Soňky jaň” dabarasy gojaman Hazary ýakalap oturan Türkmenbaşy şäherinde şirin owazlaryň, joşgunly sazlaryň astynda geçirildi. Orta mekdebi tamamlaýan kalplary süýji arzuwlardan doly ýaşlar ir säher bilen ýokary ruhybelentlikde elleri ter gül desseli özleriniň 11 ýyllap gujagynda saklan we durmuşyň indiki menzillerine atarýan orta mekdebe geldiler. Belent maksatlary, arzuwlary kalplarynda besleýän uçyrymlar, ýakymly tolgunmalary başdan geçirip özleri üçin bellenilen ýerlere geçdiler. Baýramçylyk lybasyna beslenen mekdeplerde aýdym sazlar ýaňlandy. Hormatly mugallymar gezekli-gezegine mekdebi tamamlaýan uçyrymlary gutladylar. Olara durmuş ýollarynda ak arzuwlary arzuwlap, Berkerar Watanymyzyň gülläp ösmegine, Watanyň at-abraýyny belende göterip, halkyň sylag-hormatyna mynasyp bolmaklaryny arzuwladylar. Çäräniň dowamynda ýaňlanan aýdymlaryň mili tansymyz bolan küşdepdi tansy bilen utgaşmagy baýaramçylyk dabarasynyň şowhunyny has hem artdyrdy.
“Soňky jaň” dabarasynyň dowamynda mekdebi tamamlaýan tapawutlanan okuwçylara sowgatlar gowşuryldy. Medeni köpçülik çärelerine gatnaşyp tapawutlanan okuwçylar Hormat hatlar bilen sylaglandy. Şonuň ýaly-da, “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli orta mekdebi tamamlan uçyrymlary, il sylagly ýaşulylar we resmi adamlar mähirli gutladylar. Uçyrymlara Awaza milli syýahatçylyk zolagyna Türkmenbaşy halkara deňiz portyna, Türkmenbaşy şäher taryhy-ülkäni öwreniş muzeýine we şäheriň beýleki iň gözel ýerlerine gezelençler, Hazar deňzine gämili gezelençler gurnaldy. Bu gün umumybilim berýän orta mekdepleriň ählisinde baýramçylyk dabaralary ýüreklere ylham, kalplara melhem berdi.
Mähriban uçyrymlar! Şatlykly mekdep ýyllarynyň tamamlanmagy Siziň Durmuş ýollarynyň täze menzillerine gadam goýandygyňyzy alamatlandyrýar. “Soňky jaň” dabarasy bolsa süýji arzuwlara beslenen, ýakymly tolgunmalary başdan geçirýän şatlykly baýramyňyzdyr. Men bu ajaýyp baýramyň gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar diýip bellemek isleýärin. Eziz ýaşlar! 2018-nji “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly Türkmenistan Watanmyzyň merdana halky üçin taryhy wakalaryň, uly üstünlikleriň ýylydyr. Ýakynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň gurlyp ulanylmaga berilmegi diňe bir Türkmenistan watanmyzyň durmuşynda däl-de eýsem dünýä taryhynda ajaýyp wakadyr. Eýýäm ýakyn günlerde täze portdan üstaşyr ýükleriň müňlerçe tonnasy geçirlip başlanar. Bu bolsa biziň Berkerar watanymyzy dünýä tanatmakda uly ähmiýete eýedir.
Ýurdymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Türkmenbaşy şäherinde hem okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň döwrebap binalaryň gurulmagy, olaryň interaktiw-multimediýa tehnalogiýalary bilen üpjün edilmegi milli bilim ulgamyny düýpli ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Bu ugurda ýurdymyzyň çäginden daşarda ýaşaýan ildeşlermiz barasynda hem hemişe alada edilýär. Golaýda Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa Awtonom çäkli düziminiň Wulkanşet raýonynyň Çişmiköý obasynda iki gatly çagalar bagynyň, Russiýa federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwalsk raýonynyň Funtowa obasynda iki gatly, täze döwrebap mekdebiň gurlyp ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen ýurdymyzyň tomusky sagaldyş-dynç alyş merkezleri öz myhmanlaryna ýokary derejede taýarlykly garaşýar. Ýurdymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Balkan welaýatynda hem tomusky dynç alşyň her bir güni çagalaryň durmyşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslener. Welaýatyň Serdar şäherindäki “Dürdäne” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde mekdep okuwçylary tomusky dyn alşyny şadyýanlykda geçirerler. Awaza MSZ-da hem şeýle çärelere giňden taýarlyk görüldi. Kenarýaka şäheriň gözel ýerlerine gyzykly gezelençler guralar. Bu ýerde ýerleşýän göwün açyjy seýilgähler bagtyýar çagalara sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Hormatly mugallymlar, bilim işgärleri we uçyrymlar! Pursatdan peýdalanyp, Sizi “Soňky jaň” dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Janyňyz sag, ömriňiz uzak, ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçyrymlar!!!

Täzelikler, yashalym tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir