Wagt gecip başlady .Özüm bilen baglanyşykly bolan bu agyr hadysadan daşlaşýanyma begenýärdim. Meniň' oýnamaly wagtymdy, Men häli kiçijikdim. Suwa düşmek, tigir sürmek. gizlenpeçek oýnamak ýaly oýunlar meniň halaýan oýunlarymdy Bir ýazdan soň bütin bir gyş geçdi we ýene ýaz geldi Bolup geçen bu waka salgyma öwürlip indi öz çynlakaýlygyny ýitirip başllapdy Men okuwdan boş wagtym goýun bakýardym we goýnlary getirip gabap köçede özüm ýaly oglanlar bilen oýnaýaýardym. Garaňky mazaly düşende öýe gelýärdim we garnymy doýuryp ýadawlykdan uklap galýardym. Mekdebe taýynlanyşym örän pesdi. Şeýlede bolsa dogma ukybym meni goldaýaýrdy, sapaklardan diňe matematikany halamaýardym we şu sapakdan agsaklaýardym ýogsa çynymy etsem gowy okajagymy bilýärdim. Men näme üçindir matematikany halamaýardym, munuň bolsa birnäçe sebäpleri bar eken. Bu ýagdaý maňa soň aýan boldy. Häzir bolsa men gaýgysyz we gamsyz oglandym. Dogry Lakaşa Süýegiň ölümi meniň ýüregimde käbir kineleri galdyyrdy ýöne men özüme teselli berip men diri adaml.ar toplumyna giryärin ölüler bilen derdIm ýok diýýärdim. Şeýle etemek bilen beýnimde bar bolan düşnüksizş garaýyşlara hem zarba urýaýardym. Bu garaýyşlar bolsa mende yeterlikdi. hemde mekepde okadýan mugallymlaryň sapaklaryna , edebiýatda ýazýlan eserleriň sözlerine , matematikanyň manysyz teýoreamalaryna , adamlaryň ýalan geplerine garşydy. Bu özbaşdak garaýyşlaryň maňa nireden ýokandyg yny bolsa men bilmeýärdim. Meniň göwüme adamlaryň hemmesi tow berilen gurjak ýalý bir adam tarapyndan hereketlendirilýän ýalydy Bu örän geň zatdy . Her bir adam özbaşdak tene we aňa eýe bolsada edýän işlerinde esasan bir häsiýete eýedi.Men bu çaklamany örän irte kesgitledim. Ýenede kesgitlän zatlarymyň biri bu hemmäniň gowy görýän we ýüz dönderip bilmeýän zady bolan pul bilen baglanyşykly düşünjelerdi. Başgada gapma-garşylyklarf bardy. Bu gapma-garşylyklar meni köplenç adamladan yalňyz edýaärdi.Bir ýyl geçip gitdi. Yene tomusyň yssy günleri başlandy. yssy gijelerine hem azar berip durdy Uklap bolanokdy. Ymyzganypdyryn. Ukynyň arasynda düýşürgenip başladym Bir topar manysyz düýüşlerden soň' düýşümiň hakykyky manysy aýan boldy. Lakaşa SüýegIŇ' ýanyndaky betnyşan Aýal peýda boldy Ol bize kömek gerek diýdi. M

Bilim, beyik yazyjy tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir