Has TÜRKMEN

▶ Nureddin Kesearkaçlynyñ "YNSAP ATLY MÄHRIBANYMA" atly goşgusyna syn

Türkmen şygryýetiniñ öñki döwürlere garanda häzirki döwürde geriminiñ has giñemegi, şeýle-de öñ ýadyrganyp seredilen pikir öwrümlerine, täze röwüşli kapyýadyr rifmalara, gulagyñ posuny açýan üýtgeşik metaforalara şygyr muşdaklarynyñ işdämen topulmagy ~ bu eýýäm şygryýetimiziñ uç-gyraksyz ummana çalym edýän dünýä poeziýasyna ýelken açýandygynyñ buşlukçysy bolup eşdilýär.
Bilşiñiz ýaly, türkmen klassyky poeziýasy geçmişde öz öñünde goýan wezipesini doly we añryýany bilen amal etdi. Klassyk şahyrlarymyzyñ terbiýeleýji, ahlak-didaktiki, watançylyk we söýgi temadadaky öwür beriji äheñde ýazylan dok mañyzly, goýazy setirli, agras jümleli dörtleme goşgulary häzirem biziñ gözümiziñ guwanjy, başymyzyñ täji. Beýik Magtymgulynyñ, Azadynyñ, Andalybyñ, Magrupynyñ, Şabendäniñ, Şeýdaýynyñ, Zunubynyñ, Zelilini, Seýdiniñ, Mollanepesiñ, Keminäniñ, Mätäjiniñ dürdäne eserleri hiç haçanam öz gymmatyny ýitirmez. Muña şek-şübhe ýok. Ol eserler biziñ ruhy we ahlak kökümiz bolşy ýaly, müñ öwüşginli poeziýamyzyñ müñlerçe ýyllara uzaýan geçmişine uzaýan kökleridir.
Poeziýa - munuñ özi ynsan kalbyny heýjana getirýän, ony oýlandyrýan, özgerdýän adatdan daşary gudrat. "Söz - keramat" diýip ýöne ýere aýdylanok. Şygryýet we şahyrlar geçmişde metbugatyñ roluny ýerine ýetiripdirler. Doly manysynda we ýerlikli ulanyp bilseler, bu häzirem şeýleligine galýar.
Döwürleriñ üýtgäp, heññamlaryñ çalşyp duruşy ýaly, poeziýa hem bir duran ýerinde durmaýar. Dursa bolmazam, onda poeziýanyñ ösüşinden söz açmagyñ hiç hili manysy-da bolmazdy. Hut şonuñ ýaly häzirki käbir ýaş şahyrlaryñ klassyky däplerde öwüt beriji äheñli goşgulary ýazmaklaryny asla makullamak bolmaz. Hatda häzir heniz höwesjeñ topara degişli diýip hasap edip boljak şol şahyrlaryñ şol bir zady gaýtalap duran we leji çykan kapyýalardan başly-barat düzülen "goşgularynda" umumy ýüzlenme bilen berilýän akyl okyjylaryñ gulagyna gury ýañ bolup eşdilýär, olaryñ hiç hili täsir edijiligi ýok, täzeçillik ýok, täze pikir ýok. Sebäbi Magtymgulynyñ, Zeliliniñ, Seýdiniñ we beýleki klassyky şahyrlarymyzyñ aýdyp geçen zatlaryny şol bir röwüşde birmeñzeş kapyýalarda hetjikläp durmagyñ hiç hili manysy ýok, geregi ýok. Tema köneldimi? Ýok. Adamzat ahlagynyñ, milli we ruhy gymmatlyklaryñ ýyl geldigiçe pese gaçmagy klassyky eserlerde gozgalýan meseleleriñ hiç haçanam könelmejegini görkezýär. Hut şolam klassyky şahyrlarymyzyñ eserlerini ölmez-ýitmez edýär. Şahyr Süleýman Ilamanowyñ dili bilen aýtsak, "Hemme adam ýagşyzadalar ýaly gowy bolsady, onda Magtymguly bolup goşgy ýazmagyñ geregi bolmazdy".
Emma... Şu ýeriñ emmasyny dogry düşünip bolsa... onda biziñ nämeleri we nireleri tozadýandygymyzy hem añlanlar bolar.
Geçen iki asyra garanda has dünýewileşen, has pelsepewileşen adamlarymyza indi gury akyl berijilikli öwüt bermek bilen şahyr diñe garşysyndakyny edebiýata bolanja imrinmesinden irizmek ahmallygy uly. Onda näme etmeli?
Öñem biriniñ "Näme etmekden Hudaý saklasyn!" diýşi ýaly, näme etsemkä diýip, gol gowşuryp durman, täze-täze gözlegleriñ ugruna çykmaly, häzirki zamananyñ adamlarynyñ añ-düşünjesine kybap, olara täsir edip biläýjek inçeden inçe edebi manýowrlary etmeli.
Aslynda şahyr diýilýän zat erkin bolmaly, şahyryñ pikiri erkin bolmaly. Şahyr gerek bolsa, şeýtanyñ obrazynda pikirlenip, garşylyklaýyn pikirleri öndürip, şeýtany doly keşbinde açyp, adamy şeýtanyñ allaryndan ürküzip, ynsaba, adamkärçilige çagyrmagyñ hatyrasyna, okyja täsir ediji metodlary tapyp biler, ýa bolmasa Fridrih Nissäniñ baryp bir ýarym asyr mundan öñ ýazan "Zaratuştra şeýle diýipdi!" atly filosofiki romanynyñ gahrymany ýaly ähli ahlak gymmatlyklaryny inkär edip, "Beýik ynsana" birikmäge ymtylýan tersa biriniñ pikirlerini hem açykdan açyk beýan edip biler. Öz wagtynda ýadyrganma bilen garşylanan bu roman häzir dünýä derejesinde iñ köp okalýan eserleriñ biri bolup ähli reýtingleriñ başyny çekýär. Biziñ (şol sanda şahyrlarymyzyñam) ähli ýüzleýligimiz garşydaş hasaplaýanymyzyñ oý-pikirini äsgermezlik edýänligimizden we onuñ düýp maksadyna düşünmeýänligimizden gelip çykýar. Bu artykmaçlygy degerlendirmekde Günbatar Gündogardan kän öñde barýar. Meniñ pikirimçe, ýazyjy Osman Öde aýtmyşlaýyn, "Gündogar bilen Günbatar edebiýatynyñ nikasyndan dörän şahyr Nobatguly Rejebow" muny ilkinji bolup degerlendirenleriñ biri boldy. "Bu dünýä Hudaýyñ fantaziýasydyr, o dünýäni oýlap tapan adamzat" diýmek, eýse şol degerlendirmäniñ önümi dälmi näme?!
Gurbannazary Gurbannazar eden näme boldy? Däp bolup gelýän edebi tärlerde goşgy döreden bolsa (Gurbannazar derejesindäki genial zehiniñ türkmen şygryýetiniñ şol wagtky dar galyplaryna sygmagy mümkin däl) onda G.Ezizowyñ häzir biziñ gözümizde Ata Köpek Mergenden, Ata Salyhdan, Nury Baýramowdan, Ata Atajanowdan tapawutly ýeri bolarmydy? Elbetde bolmazdy!
Ýadawsyz zähmet, okumyşlyk, tükeniksiz gözlegler dörediji adamyñ öñünde maksat edinip goýan sepgidine irde-giçde ýetirýär. Munuñ üçin ilki bilen ukyp we sabyr gerek. Muny edil häzir kim amal edýär ýa edenok, ýekänme-ýekän atlandyryp durjak däl, soñam atlandyryp duraryn öýdemok. Sebäbi wagt diýilýän ýelharazyñ özi çäji harpykdan saýlaýar. Ýöne öñe saýlanan käbir ýaş zehinlere welin edebiýata ýakyn ynsan hökmünde baha bermegi öz ynsanlyk borjum hasaplaýaryn.
Bu çaklañja synymyzda biz haýsydyr bir şahyra ýa-da onuñ goşgusyna giñişleýin ylmy seljerme bermekçi däl, muña edil häzir köp wagt aýryp bilmeýändigimiz üçin okyjylardan we ady agzaljak awtordan ötünç soraýarys. Biz bu synymyzy ýörite oturyp galam astyna almadyk, el ujundan aýak üstünde we telefonda ýazdyk. Ýagny howulhararak ýazylandygy üçin bärden gaýdýan ýerlerimiz bolup biläýjek zatdyr.
Biz bu söhbetimizde soñky döwür ýaş şahyrlaryñ hataryna gelip goşulan we goşulany bilenem çäklenmän, olardan ep-esli öñe saýlanmagy, göze ilmegi başaran Nureddin Kesearkaçlynyñ "Ynsap atly mähribanyma" atly goşgusynyñ özümde galdyran täsiri barada gysgaça durup geçmekçi.
Nureddin Kesarkaçly kim? Biz näme üçin metbugatda pozitiw we anyk materiallar bilen anyk at-familiýa astynda çykyş edýän ýaş şahyrlar barada söhbet açman, ala-böle internet edebiýatynda "Nureddin Kesearkaçly" edebi lakamy bilen çykyş edýän haýsydyr bir şahyr barada söz açýaryn?
Munuñ birnäçe sebäbi bar. Birinjiden, ady agzalan şahyr bilen ýüzbe-ýüz bolmasamam, onuñ kimligini belli bir derejede ýakyndan tanaýaryn. Ikinjiden beýleki ýaş şahyrlar bilen birlikde onuñam ýazýan zatlaryny üns berip okanymyzda we seljerenimizde; beýlekilerden mese-mälim saýlanyp duran täzeçe pikirlerinden, öñ ulanylmadyk üýtgeşik çeperçilik tehnikasyny ulanmaga synanşyklaryndan göz ýumup geçmek mümkin däl. Heniz ýoluñ başyndaka, heniz öñde külterlenip ýatan we  aşylmaly eplem-büklem öwrümli menziller ýatyrka Kesearkaçlynyñ ýaşyndan ileri gidýän jümleri aýtmagy köplere geñsi eşdilýär. Hatda oña birki günlükde web saýtlaryñ birinde "añy çüýrük, edebiýatçysumak we ş.m..." diýip baha berenleriñ hem bardygyny gördük. 
Bu nämäni añladýar? Ýyldyzlar sessiz dogulmaýar. Uly zehin hem gohsuz-galmagalsyz, sessiz döremez. Eger ýaş şahyr özgeleri gaýtalaman, özüçe bir zatlary aýdýan bolsa, ýa-da aýtmaga synanyşýan bolsa, ony-da garşylyklaýyn tankydy garaýyşlar bilen garşylaýan bolsalar, onda ol şahyrdan gelejekde parlak zehiniñ dörejegine bil baglap bolar. Hiç bir ýeñiş garşylyksyz gazanylmaýar. Pidasy köp berlip gazanylan ýeñşiñ arzysy hem başgaça bolýar. Iñ esasy zat bolsa, Keserarkaçly şular ýaly negatiw pikirlerini we ýigrenjini beýan edýän we başga okyjylaryñam okajak zadyna böwet bolmaga çalyşýan agressiw okyjylaryndan göwün-kine edenok. Mundan özüne degerli netije çykarýar. Özünde bar bolan kemçiliklerini düzetmäge çalyşýar. Gynansak-da, bu artykmaçlyk biziñ häzirki şahyrlarymyzyñ köpüsinde ýok zat. Men bu artykmaçlygy häzirlikçe diñe ýaş prozaçy Begli Gowşakowda gördüm. 
Täzeçillik üçin diñe batyrgaýlyk we töwekgellik gerek. Amerikan şahyry Ezra Pound bu barada şeýle diýýär:

"Eger bir adam pikirlerini amal etmek üçin töwekgellige ýüz urmasa, ýa-ha ol pikirleriñ manysy ýokdur, ýa-da özüniñ".

Geliñ, başyndan bäri edip gelen degdim-gaçdymly gürrüñimizi Keserarkaçlynyñ "Ynsap atly mähribanyma" atly goşgusyna syrykdyralyñ.

Sen bir aglama,
Meniñ gizlin aglaýşym bes.
Sen bir nalama,
Meniñ sessiz nalaýşym bes...
Şol bir durkuñ saklaweri,
Men-ä näme,
Jinnejik ýaljak sözlere-de,
Çydap bilmän peseläýýän.
Käte ýalan bir öwgä-de,
Monça bolup gomallaýýan...

Ilki bilen-ä Kesearkaçlyny däp bolup gelen formalardan gaça durýanlygy we erkin formaly goşgulary ýazmaga şowly synanşyklary edýänligi bilen gutlasymyz gelýär. Setirleriñ bir ujundan gireliñ. Pikirler, söz öwrümleri, setirler täzemi? Ýok. Dogrusy, göze iliberýän zat ýok. Emma soñky:

Käte ýalan bir öwgä-de,
Monça bolup gomallaýýan...

  - diýen iki setir başky pytraññy setirleriñ başyny bogup goýberýär welin, bir bitewi pikir we özboluşly sazlaşyk emele gelýär. Bu iki setir derýanyñ ortasyna baglanan bendiñ aşaky akyma endigan tertipde suwuny akdyryp goýberşine çalym edýär. "Başy boglan" iki setir soñky setirlere erkin utgaşyp gidýär:

Mähriban diýsem peseltjek,
Gahryman diýsem peseltjek,
Gowusy
Seni göterip gysgajyk gözel ömrümiñ
Başyna belent täç etjek.
Görsünler,
                      gözleri gitsinler,
Itenler itibersinler,
Göwni ýetmedikler gidibersinler...
Şol bir durkuñ bes maña,
Ýasamalyk gerek däl,
Gerek däl akyr-şukur...
Mende-hä sen bar,
Sende bolsa iman atly güýç
Şoña köp şükür...

Bolany. Goşgy gutardy! Many gutardymy? Ýok. Many goşgyny okap gutaran okyjynyñ añynda şol pursatda başlaýar.
Goşgy häzirki jemgyýetimiziñ iñ bir wawwaly we baş problemasyna öwrülen ynsap gymmatlygyndan söz açýar. Birwagt sowet döwründe çat açyp başlan we ýitip barýan bu ruhy gymmatlygyñ ilkinji agysyny aglanlaryñ biri bolan Berdinazar şahyryñ:

"Onsoñ assa-assa ol bendäñ özem
Sala salmasyny goýdy ynsaba"

  - diýşi ýaly, ynsap herniçik sala salynmakdan galsa-da, doly ýitip gitmeýän bolarly.  Aslynda käbir adamlaryñ kalbynda ynsapsyzlyk diýilýän zat barlygy we ýygy-ýygydan köräp durýanlygy üçin, ynsap hiç ýerigem gidenok. Ynsapsyzlyk dogabitdi döreýän zat däl. Ol "ýitdi", "öldi" diýilýän "ynsabymyzyñ" mahluklaşan, mankurtlaşan sypatyna giren täze keşbi. Çünki Berdinazar şahyr aýtmyşlaýyn, "ynsap keçjal närse, ol hemişe çiş bolup ýüregiñe sanjylyp durýar":

Ynsap welin tutup keçjallygyna,
Ýüregine sanjyldy durdy çiş bolup.
Yzyndan galmady kölgesi ýaly,
Ýatyrka ýanyna bardy düýş bolup.

Kesearkaçly Berdinazar aganyñ kimleriñ ýüregine çiş bolup çümdi, kimleriñ düýşüne albassy bolup girdi diýýän ynsabynyñ heniz-heniz ölmändigini we hiç haçan ölmejekdigini, onuñ asyl keşbinde zanny halal adamlaryñ kalbynda orun aljakdygyny:

Itenler itibersinler,
Göwni ýetmedikler gidibersinler...

  - diýen setirinde aýgytlylyk bilen subut edýär.
Şahyryñ dünýäsi, galyberse-de bulam-bujar hasap edýän bu elem-tas dünýämiz hem şol ýitip gitmän, bir çümmüjegem bolsa az sanly adamlaryñ kalbynda iman güýjüne ýugrulyp ýatan ynsabynyñ üstünde durýar. Hernä, bu sütünler hiç haçan sarsmasyn...

@Direliş EDEBIÝAT"
www.direlisedebiyat.blogspot.ru

♣ Çeşme:
direlisedebiyat.blogspot.ru/2018/05/nkesearkaclynyn-ynsap-atly-mahribanyma_24.html?m=1

Edebiýat, wagt tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir