TÄZE ÝOL/ Hekaýa.


O:t. O:t... çar tarapyň o:t.

- Nirä? Nirä? Nirä?—bu sözleri haşşyldap, haşşyldap sarnap, eýläk-beýläk urunýardy. Ýene o:t. Belkem iki oduň arasynda galmagyň, tüýs janly görnüşi şudur. Eýýäm endamy gowrulyp başlapdy. Heniz o:da düşenine 1 minudam bolanok. Näme üçin bu ýere düşendigi hakda bolsa ýekeje däl, ýarymja pikirem kellesinde ýok.

- Ýanýa-a-an—diýip gygyrdy.

Dodaklary ýaryk-ýaryk bolupdy. Emma ilki dodagynamy ýa endam janynyň gowurlyp başlan ýerinemi, haýsysynyň ugryna ýykyljagyny, haýsysynyñ derdine derman gözlejegini bilmeýärdi.

- Suw—suw—suw...

Ne ýerde, ne-de bir gökde hiç ýerde ýeke damja suw, o:dyň kül etmedik ýeri ýokdy. Suw nirden bolsun diýsene. Birdene ululygy düýäň boýny ýaly äpet ýylan gördi. Nirden çykdyka.

- Yzyna düşip gidibersem, halas bolsam gerek—diýip, içinden piki öwürip-öwürmäkä, ýylana tarap okduryldy.
Aňyrsyna bakyp duran ýylanam birden bärsine öwrildi-de, hatap ýaly agzyny giňden açyp, onuň bilinden ýapyşdy. Kellesini agdaryp-döndürip silterledi.

- A -a-a-a-a-a-a—diýip gygyryp başlady. Soňabaka näme diýip gygyrýanyna-da, gygyranda haýsy harplary ulanýanyna-da düşünip bolmady. It bolup üýrdi, doňuz bolup bögürdi.

Ahyry ýylan ondan iren ýaly ýere pyzyp göýberdi. Agzy-burny gum deregne o:t garbady. Ýerinden turup, endam janyny gowrup barýan köýnegini eli bilen ýyrtdy. Ýylan ýene agzyny hatap ýaly açyp üstine sürnip ugrady. Ýykylyp-sürşüp yzyndan ýagy gelýänden on esse beter bolup gaçdy. Nirä gaçjak. Ähli tarap o:t. Ýene ýanyp ugrady. Özüni öldüresi geldi. Ölme nire?!

- Ölim bar bolsa, bireýýäm ölerdim—diýip, pyşyrdady.

Ýylana seretdi. Aňyrsyna bakyp dur. Umyt bilen ylgady. Ýene ýaňky güni. Ýene o:t. Gürji güjik bolup çyňsady. Aç eşek bolup aňyrdy:
- E-ee... uw-uu-a-a-i-i-i....

Bu ýalyn-alawyň içinde bir Hudaý bilmese, bendäň özem kimden dileýänni bilmän suw dileýärdi:
- Suw-su-u-ww, s-s-uww...

Birdenem bir zat elinden-aýagyndan tutup, äpet-äpet zynjyrlar bilen daňdy. Sesinde baryny edip:

- Wa-a-aý, meni göýberiň... –diýip bagyrmaga başlady. Has-haslap demi-demine ýetmedi.

Ýalbardy. Heniz hiç hili görmedik zadyna ýalbardy. Birdenem sag ýanyndan ap-ak bolup, o:t syryldy. Gül- gülälekli meýdan, dürli bag-bakjalar. Tutuş zümerretden gurlan köşk...

Heziller edindi. Oňa tarap ylgady. Ylgap golaýladygyça görýän zatlary daşlaşýardy. Ses geldi:

- Dur. Dur-da seret. Sen ol ýerik ýetip bilmersiň. Diňe seret.

Durdy. Diňe seretmegiň lezzetem eýýäm, o:duň ähli awysyny ýadyndan çykardypdy. Birdenem köşkden iki perişde çykdy. Içinden:

- Bu perişdeler kimlerkä. Gygyryp, çagyrsam meni halas etmezlermikä?!...

- Ýo-ok! Olar seni görenoklar. Hany seret. Gowja seret. Olar perişdedenem ýokardaky barlyklar...
Sesiň nirden gelýänini bilesi geldi. Ýöne köşkdenem gözini aýryp bilenokdy:
- Bular birhili tanyş ýüzler. - diýip pyşyrdady.
- Hany gowja ýadyňa sal—diýen ses eşdildi.
- Ýok, tanap bilemok. Tanamok. Ýöne bir ýerde gören ýüzlem....

Ses haýbat bilen gazap garyşykly çykdy:

- Gökdepede, obaň orruk ortasynda. Bir garry bilen çaga.

Endamyna gyzgyn der indi. Biraz o:dyň agyrysyny duýdy. Perde ýapyldy. Ýerine has şylhaja, ebti agdyk, eginlerini gysyşyp, üstlerinden ýagyş geçmese razy bolup duran öýler göründi. Adamlar. Köne-sanaja eşikler. Ortarada garnyny gäberdip papagyndan tutup duran geýnüwli pyýada. Gabat garşysynda jowur ap-ak sakgaly döşüni ýapyp duran agajet nurana ýaşuly. Bir tarapda halk. Bir tarapda gäbe garynlyň ýoldaşlary. Gäbe garynly:

- Hm. Hany-y hany ol seň Hudaýyň. Gelsin. Ýetişsin-de alsyn hany menden seni.—diýeninde ýaňkyň gözleri garaňkyrady. Elini-aýagyny ýitirdi.

- Ýo-o-ok görmek islämo-ok. - Diýip gygyrdy. Barybir görmelidi. Görmese başga çykalgasy ýokdy.

Gäbe garynly ketde ýaşulyň aýagyna ýanyp-duran ädiginiň ökjeleri bilen basdy. Basdy. Mynjyradaýjak bolup, garşysynda gandary bar ýaly bolup basdy. Basyp durka-da ýüzine seretdi. Ýüziniň bir gylynam üýtgetmän merdemsi duranyny görüp, ap-ak sakgalyndan ýapyşdy:
- Hany, hany maňa-da görkezsene kyýamat diýýäniňi. Ýerden ses çykdy. Ýaşulydan çykmady. Titräp gygyrdy:

- Görkez diýýän saňa garry köpek.
Ýene ses çykmansoň, biraz sesini gowşadyp, ellerini ellerine gowşuryp, ädigiň ökjesi bilen aýagna basyp:

- Hany. Hany ol kyýamat diýýäniň. Görkez hany. Bizem, şu duranlaram görsün—diýip, elini hem märekä hem ýoldaşlaryna salgady. Ýaşuly şol bir durkyny saklap:

- Meň kyýamatyma şu wagt, senem gelende görersiň-dä...—diýip, gäbe garynlyň aýagy bilen depip ýykan gazanlaryna tarap nazar aýlady.
Gäbe garynly, ellerini bir-birine urup:
- Oglanlar, tutuň kezzaba ýene bir zatlar görkezeliň.—diýerine mähetdel, ýaşulyň elleri arkasyna gaňryldy.
Aňyrdan hälden bäri gara gözlerini ýaşdan doldurup, adamlaň arkasyndan seredip duran oglanjyk atylyp geldi:
- At-a-a. At-a-a. Gitme.
Ýaşuly:
- Ner oglum, iner oglum. Bar öýe. Ejeňe kömek bol. Meň aýdanlarmam ýatdan çykarmagyn köşegim.

Çaga atasynyň arkasyna daňylgy ellerine topuldy:

- Ata, bizi taşlap gitme. Kakamam gidip gelme-dä ata...

Onýança gäbe garyn, çagaň eginlerinden tutup, ho-ol beýlä zyňyp göýberdi. Agzy burny gum garban oglanjygyň gözlerinden akýan ýaşlar, burnundan akýan gan bilen garyşyp ýere damýardy...

Perde ýapyldy. Aýaklaryndan ysgyn gaçyp ýere ýykyldy. Ýene o:t. Gyzgyn. Haýbatly ses:
- Kyýamat gerekdi saňa...-diýdi... ol çabalanýardy. Zynjyrlar janyny alaýjak bolýardy. Ýöne näçe berk gyssalar janyny alaýyn diýenokdylar. Bar güýjine gygyrýardy:

- Wa-aý, ýanýan... wa-aa-a-a-ý...

Birdenem ähli zat gözden ýitdi. Tüm garaňkylyk. Ys. Porsy ys. Eger ýeriň ýüzine ol ysyň bir bölejigini getirseň, ähli diri zatlaryň köküni müdimilik guratjak porsy ys. Gürlemägä-de mejaly ýokdy. Nähilem bolsa o:t ýok diýip pikir etdi.

Töwerginiň gyşyň günortosydygyndan habary ýokdy. şonuň ýalam, agzyna suw damdyryp oturan aýalynyň ses edýänindenem. Hersi bir ýerlerden çagyrylyp getirilen ogullarynyň il gözüne başlaryny öňe egişip oturanyndanam. Häzir az wagtdan jenazasyny şo-ol ata diýip gygyran oglanjygyň körpe jigisiniň okatjakdygyndanam. Iň erbedem bu ugrap barýan ýolunyň ýaňy bir başlangyjydy. Iň bärkije ýerleridi. Gör ýene näçe gezek ölüm düşegindäki ýaly gygyrmaly boljakdy:

- wa-a-aý a-a-a-e-e-aa-aa-a-a-a-aa...



Nureddin KESEARKAÇLY

Edebiýat, GaRa_TmyN tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir