Aramyzda milliard ýyllar...


Sen-ä menden,
Menem senden,
Juda alys mekanlarda ýaşaýas.
Şol bir söz hakynda,
Hereket hakda
Her birimiz
Özümiziň dogry hasaplap gelýän,
Pikirlermizi
Öňe sürýäs,
Jedelleşýäs... Geňleşýäs...
Düşinşemzok,
Misli biziň “köşgimiz” Babyl diňlerine öwrilen ýaly.
Bilýän, bilýäň...
Hudaýyň gün beren güni
Duşuşugmyz gijigmeýär bir minut.
Sen-ä maňa eňýäň,
Men bolsa her gün,
Şol sagatda, şol bir ýerde
Osmanly döwriniň gämi maýmyny ýaly,
Ynamlara-umytlara ymtylyp,
Seň geler ýoluňa garap ugraýan.
Özüň bilmän duýgularmy dyrmaýaň..
Aladamyz gara garnymyz köplenç,
Şoňa ýarap bilsek armanymyz ýok.
Ýöne häzire çen
Ar-namysda, ýada başga zatlarda
Pikirlermiz bir-birini tapanok.
Sen ýene ýanymda..
Tiñkäñi dikýäñ,
Ala gözleň pal daşy deý giň açyp,
Men bolsa,
Men bolsa...
Gidesim gelýär. Senden has uzak bir ýerlere gaçyp.


Meni ýat saýýarsyň owadan dünýäň,
Söýgi hakda kanunlarnyň baryna...
Käte pikirlermiň üstinden gülýäň:
“Sen bu ýerleň adamy däl ýalyla...”

Nermi-näzekligiñ garagma baka,
Somlaýañ: "Sen gaty gödek"-diýýän mysaly.
Ýöne gödeklikden çogýan mähire,
Öziñem haýran-a...

Aramyzda
Häzir bir ädimem ýok,
Ýöne welin milliard ýyl bar, näzenin!..
Sen “döwrebap” sözin saýlap alýarsyň.
A men haýsy eýýam bolsun parhy ýok,
Döwri baplap barýan sarsmaz ynançlaryma...

Hemem milliard ýyllar geçmişde hem geljekde,
Yşk gazannyň gaýnamynda gaýnaýan... ...Duýgularmy daňyp,
Goýun gözlerňe çynym bilen
Ýylgyrjaklap garaýan...

© Nureddin KESEARKAÇLY

www.direlisedebiyat.blogspot.ru

Edebiýat, GaRa_TmyN tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir