Emma men ölmändirin. Muňa meni ýaňy daň atjak wagty acylan gözlerim subut etdi. Men mazarystanyň ortarysynda çaşyp ýatyrdym. Ahwalym agyrdy. Tenimiň hemme ýeri agyrýardy kelläm bolsa özümki däl ýalydy, onuň içindäki pikirler garjaşykdy, içi bolgusyz zatlardan doludy, meniň pikirlerim meniňki däl ýalydy bu pikirleriň içinden şu wagt näme etmelidigi baradaky karary tapmak başardanokdy. Men zordan hasanaklap turdum. Kellämde öý diýen diýen hyýal döredI. Entek adamlar örlemänkä men öýe baryp etişmelidim Şonuň üçin men dogry gelen amatly zada bukylyp öýe geldim. Men jaýa girenimde enem ýaňy oýanan eken we saçyny darap oturan eken. Men oňa bildirmän jaýa girdim we ýorganyma sümüldim Uklan ýatan kişi boldum. Ýüregimiň gürs gürs uryan sesi ýorganyň aşaganda eşidildi. Bir sekunt geçmän men başymdan geçen zatlary oýlanyp oňa düşünjek bolup çytalaşdym. Ýadyma Lakaşa süýek düşdi. Bir görseň gorkunç bir gorseň dost sypatly bu öli mende özi barada uzak wagt ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrddy.

Bilim, beyik yazyjy tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir