Has TÜRKMEN

▶ ŞEÝTANYÑ NALYŞY

                Akylyndan aşa düşen bu ynsan,
                Ynjan ynsabyna diýýärmi şeýtan?!

                                          Orazguly Annaýew.
       

Eý Hudaý!
Niçiksi zamana boldy,
Eýýäm geçip gidäýdimi on bir aý?!
Kim bet işin taşlap imana geldi,
Diýip maña: "gözüñ çyksyn, emenäý!"
Näme etmeli?
Bir ýoluny tapmaly!
Näme etmekden özüñ sakla, Hudaýym.
Haýyş edýän,
Orazada birje gün
Adamlaryñ arasyna gidäýin?!.
Öñünden söz berýän,
Päk musulmana
ýewreýe,
                    indusa,
                                     hristiana
Ýagşydan-ýamandan habar gatmaryn
Edişi dek rahmet perişdelerniñ
Buzahorlañ,
                         zynahorlañ roýuna
Bir gezegem öwrülmerin,
                                                  bakmaryn.
Özüñ gowy bilýäñ,
Beren sözümden
Ýeke ýerde dänen ýermiñ ýokdugyn
Seniñ lagnatyña galmagyma-da
Sebäp bolaýdy-da öz hötjetligim...
Ýogsa men şanyña zikir eýleýän
Melekleriñ rehberidim ahyryn...
Seniñ üçin eden işlem oýlaýan
Içigip-içigip aglamagyma-da
Teselli berenok daglardan uly
Sogaplarmyñ peýda bermeýänligi...
Çünki men bir gysym topraga üfläp
Jan beren ynsyña etmändim togap.
Şonda men megerem, ilkinji gezek
Getiripdim hiç gelmedik gaharyñ.
Ýogsa Azazylmy janly-jandaryñ
Azyp gitmegine boljagam sebäp?..
Eger geçenleri dörmeli bolsa,
Ýatladaýyn ýene bir ýagşy işim:
Ýadyña düşýämi?
Set milýon ýyl öñ
Ýaradañda jyn diýilýän mahlugy
Bary-ýogy kyrk ýyl geçip-geçmänkä
Ýetjek derejesne ýetende olar,
Inkär edip kesgitlenen ahlagy,
Señ özüñe haýbat atanda olar.
Perişdeleñ leşgerine baş bolup,
Ölüm ýokdur öýdüp ýören jynlary
Kowumdaşym diýmän,
Hyşdaşym diýmän,
Süpürip taşlapdym ýeriñ ýüzünden.
Eýse näme kim azdyrdy şolary?
Şeýtanam-a ýokdy olañ ýanynda.
Onda-munda,
                          gowaklarda,
                                                  daglarda
Iñ soñky deminde,
                                       ahyr janynda
Zulmat tümlügine sümülip galan
Albassy mülhitler şaýatdyr maña.
Soñ ýene zemini etmişi bilen
Kirledip taşlajak ynsan ýaratdyñ.
Iñ ýamanam meni öz huzuryñdan
kowup,
               oñ azmagna sebäpkär etdiñ...
Ýeri bolýa!..
Bes edeli könäni.
Peýdasy ýok puşmanymyñ barybir,
Meni müdimilik lowhy-mahfuzda,
Dowzahyñ oduna giriftar kylmak
barada hökümi ýazan galamyñ
syýasy birmahal gurady gitdi...
Ýöne weli, "kyrk oýnaşly äri bir
loly dünýäñ"* görmänkäler işini
Nebsine haý diýmän,
Etjegin edip,
Soñundanam şeýtan azdyrdy diýip
Bar eden etmişin meniñ boýnuma
Ýüklejek bolýanlañ bäş-on sansynyñ
Owradaýyn otuz iki dişini!
Adam Ata,
                  Idris,
                             Şiş,
                                     Nuh,
                                               Şugaýyp.
Ýusup,
              Ýakup,
                            Yshak,
                                          Eýýup,
                                                       Ysmaýyl,
Lut,
       Dawut,
                      Hydyr,
                                    Ylýas,
                                                Ybraýym
"Ýele, suwa hökmi ýörän Süleýman"**
Bujurygy artyp añkasy aşan
Adamzadyñ bir-birini öldürip
Ynsabyny diri ýuwdup,
                                             utanman
Pitne-pisat içre bolup ýörşüne
Jemlenişip nazar salsyn kä daýym.
Goý, görsünler hakykaty dostlaryñ
Meniñ mejbur etmändigmi bu hala
Gelendigni duýman gep-gybat bilen
Töhmet bilen,
Etmiş,
             gabahat bilen
"Adam atly belent adyñ"*** gymmatyn
Kemçinleñ nyrhyna düşürişlerni
Hemem dünýäñ ahyrynda gopmaly
Kyýamatyñ gelmegini arzuwlap
Jeñ tozuny göge galdyrýan lordlañ
Itine öwrülen terrorçylaryñ
Ellerine ýarag berip parahat
oturan halklary biri-birine
Ýagy eýläp, soñam dialogara
Duşuşyk geçirdip stol başynda
Isa,
       Musa,
                   Muhammediñ ymmatyn
Barmagynda pyrlap ýören ketdeleñ
Bet pyglyna neçün göreñok çäre?
Gaýtam ýylyñ ýyly on ikinji aý
Golaýlanda meni zynjyra dañýañ.
Dañylgy durkamam eden günäsin
Meñ boýnuma oklap ýören gendeleñ
Töhmetine golum bagly urunýan.
Işime goşulýa diýip düşünme,
(Öñ goşulyp näme gördüm diýsene!)
Ýöne seret,
                      gäbi azan bendeleñ
Ne Rejebi bilýä,
Ne Remezany,
Ne-de bilýänleriñ hormat-sylagyn.
Agzaçar uçurlar meýlise başlan
Tä dañ atýança selälige çen
Bes etmez içmegni meniñ siýdigme
Ýugrulan zakgum deý ajy şeraby
Hem-de zynany!
Çirim etmän doga okap geçmeli
Gijeleñ ýagşysy Gadyr gijesin
Ýaş gyzlar Pashadyr öýdenok, Tañrym!
Şol mukaddes gije öz gyzlygyny
Bigänäñ astynda serýän juwanlañ
Samsyklygna ýanýan,
                                           bulanýar añrym.
"Hydyr gelýän bolsa gelsin şu gije
Garşylasak gowy bolar keýplije!"
Diýip haram doñuz ýaly köçede
Añkap ýörenleri ýer öz üstünde
Walla, göterşine haýran galýaryn!
Eý Hudaý!
Adamy özüme şägirt
etmändim, etmerin. Emiriñ bilen
Biri-biriñize şägirt-halypa
Bolarsyñyz diýip ses gelse Arşdan.
Görmändigim üçin şulardan ägirt
Şeýtanyñ bireýýäm otyrýerini
Gysdyran şerimsiz ajap jandara,
Höwes bilen şägirtligi saýlardym.
Ondan öññe bir towakgam bar Senden
Eger goýbermejek bolsañ Zemine
Töhmetine goýma ynsabyn ýuwdup
Men dañylgy durkam meniñ boýnuma
Edýän günälerni atmakdan gaýtman
Remezany sylamaýan gendäni
Hetdin tanar ýaly mugjyza görkez:
Ýa meni dañ on bir aýlap zynjyra,
Ýa bir aýlap duşaklap goý bendäñi!..

01.Oraza.1439 ý.
15.05.2018 ý.

__________________________
*Nobatguly Rejebowdan;
**Magtymgulydan;
***Maksim Gorkiniñ "Adam ~ munuñ özi belent ýañlanýar!" diýen jümlesinden.


@ "Direliş Edebiýat"
www.direlisedebiyat.blogspot.ru

Edebiýat, wagt tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir