Sun dan soň men öýe gaýytmaly boldum. Hemme öliler meni ugratnana girişdi. Gaýytmazymdan ozal Lakaşa Süýek maňa; Eger çyksa biz dostlaşdyk. Bu gysga wagtyň içinde sen bize kömek edip ýetişdiň,. bizde umyt döretdiň diriler bilen ölüleriň arasynda dostluk bolup biljegine. Biz ýene duşuşarys Munuň üçin biz seniň düýşüňe gireris. Häzir bolsa hoş meniň kiçijik Dostum. Şundan SOŇ men öýe gaýytdym. Ýolda men oý pikirlere bewrildim. Bir tarapdan öliler bilen dost bolanyma begensem beýleki tarapdan olaryň gözgyny durmuşyna gynandym. BIRden kelläme bir pikir geldi. Olaryň durmuşyny men gowulandyrmaly, bu işi menden gowy etgek bolmaz, muny meniň ýüregim syzýar.Ine tizara ulalaryn onsoň bu iş bilen ymykly meşgul bolaryn. Emma öliler dünýäsindäki başlanan täze etsem petsemler meniň ulalmagyma pursat bermedi. Eýýäm iki gün geçip üçünji gije Lakaşa Süýek düýşüme girdi. Dostum menden habar al. Men hopugyp oýandym. Wagt ýarygije,. uky neni özüne çekdi we nen ukyny dowam etmek üçin ýene gözmi ýumdym. Ýöne sekunt geçmän gözçm lap edip açyldy. Hasanaklap turdym. Kelläme gelen pikir, Oňa bir zat bolandyr diýdi.Mazarystana bat aldym. Tüm garaňkylyk.Ýoly zordan tapdym. Mazarystana geleimde bolsa ol ýerde ahyrzaman bolan ýalydy. Ähli öliler yzanda çuwandy. Gabyrystanyň ortarysynda Lakaşa Süýegiň äpet kellesi yatyrdy. Teniniň galan ýeri bolsa çym pytrak bolup her haýsy bir ýerde ýatyrdy.Özi bolsa dynman ah wah edýärdi, gygyrýardy. Waý maňa kömek etjek barmy. meni bu dertden gutargak barmy. Haýsyňyz meniň kellämdäki bilimlerimi alyp bilersiňiz, ýogsa bu meniň şaýat bolanlarym tenimiň galan bölegini dargadyşy ýaly kellämi hem partladar. Bu wagt, Onuň sözlän wagty, agzyndan ýiti ýagtyly sary ýalyn şol öňkisi ýaly lowurdap çykyp durdy. Onuň gyzgyndygy we özüne ýantaşany yakjagy hemmä mälimdi Şonuň üçin hem hemmeler bu Sary Ýalyndan öler ýaly gorkýardylar.Men hem gorkýardym. Men entek kiçijikdim. Wagt boldy. Men ýenede öýe gaýytmalydym. Meniň ýarygije öwülýäde bolanymy hiç kimm bilmeli däldi. Men has hem enemi alada edýärdim. Eger ol meniň ýarygije öýde ýokdugymy bilse gorkudan ýüregi ýarylar Ol öňem meni gaýgy edýärdi. Sen hiç kime meňzemeýäň , sen diňe özüňe däl eýsem başgalara aýdylan sözleride özüňe aýdylan ýaly kabul edýärsiň hamala sende hemmeleriň jany bar ýaly. bu ýagdaý seniň durmuşyňy kynlaşdyrýar. Men enemiň bu sözlerini ýatlaýan pursatym Lakaşa Süýegiň ýagdaýy has beter agyrlaşdy. Indi onuň kellesinde köp deşikler döräp ol ýerden ot çykyp ugrady. Bu ýagdaýy görüp men özüme; men aýgytly karara gelýärin , Onuň ähli şaýat bolan zatlaryny alyp galmaly. Goý men ölsem öleýin. eger men ylymly we bilimli bolsam ölümede çäre taparyn onsoň direlip enemiň ýanyna gaýdyp bararyn. Elbetde bu oýlar çaga pikirleridi. Bu pikirler edil şu wagt üçin ýürek tesellisidi. Ýok. Men namart bolmaryn. Men diňe özüm üçin däl eýsem hemmeler üçin ýaşaryn .Ýeke özim üçin edlen ýaşaýyş maňa gerek däl. Men karara geldim we ýügürip LAkaşa Süýegiň ot çykýan agzyna agzymy goýdum. Sary Ýalyn indi meniň içime gidip ugrady.Meni ot alan ýaly boldy. Men sap sary oda öwrüldim we içimde ýanýan oduň howruna çydap bilmän özümden gitdim. Bu pursat men özüme ölýän diýdim we maňa kimdir biriniň kömek etmegini isledim. Iň soňky demde meniň ýadyma enem düşdi. Enejan meni gutar. Men seniň tamaňy ödäp bilmedim. Maňa ýene bir gezek ömür ber. Men özümiň janymyň çykyp barýanyny duýdum. Hoş, adamlar! Men özümi ölendirin öýütdim

Bilim, beyik yazyjy tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir