Has Türkmenden täze proza eseri!

10 ýaşlyja oglanjygyñ ruhuny eýelemäge çalyşýan betniýetli jynyñ we ogluny onuñ elinden halas etjek bolup, çagasynyñ elini gaz plita tutup ýakan enäniñ dartgynly kyssasy...

Sud prosesinde hakyna tutulan aklawjynyñ çykyşyndan:

- Ynha, aýdaly: kiçijik gyzjagaza gulakhalka dakmak üçin çaganyñ gulagyny deşýäris oglanjyklarymyzy sünnet etdirýäris, ýa bolmasa käbir döwrebap ýaşlarymyz tatiurowka üçin endamlaryna iññe urdurýarlar. Eýse näme bular adamyñ tenine yza bermeýärmi? Ýöne şu üç hereketiñ üçüsine temmi berip bolýarmy? Bolanok. Enar Annaýewanyñ aýdylýan hereketini-de şular ýaly "çäre görmek zerurlygy bolmadyk sütem" hasap etse bolar...

Aklawjyñky dogrumy? Sud prosesinde kim ýeñdi? Çagany heläkçilige iteren jynmy? Ýa iki jahan owarrasy bolup galan garabagyr enemi?!..


Eseriñ wakalary Eýranda, Türkmenistanda we Gollandiýada bolup geçýär.
Bolup geçen wakalara esaslanýan bu eseri ýakyn günlerde www.direlisedebiyat.blogspot.ru edebi-çeper saýtynda okap bilersiñiz...

@ "Direliş EDEBIÝAT"

Edebiýat, wagt tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir