Soňra bolsa kellesini tutdy. Aşak oturdy . Bu wagt onuň süýekleri şakyrdap gitdi. Şonuň üçin oňa Lakaşa Süýek diýýän ekenler Ol sözüni dowam etdi;. Men hemme zada şaýat. Men hemme zady bilýärin. Sen meniň bilen dost bolup bilersiň . Men saňa Ölüler dünýäsinde nämeleriň bolup geçýändigini we nämeleriň bardygyny görkezerin. Gepleýän pursady onuň agzyndan gara tütün çogup çykdy. Çünki men saňa ynanyaryn. Sen wada berdiň we wadaňda tapylarsyň diüip umyt edýärin..Men hem saňa kömek ederin, .biz ikimiz birleşip köp işleri ederis.Sebäbi bize diriler dünäsinden uly kömek gerek. Diriler dünýäsinde biz ölüler barada köp nädogry sözler bar. Wagt boldy.Bu ters ýagdaýy düzetmek gerek. Sen bu işleri edersiň gerek. Men tamany ödeýän kişi bolup hemde Lakaşa Süýekden gorkunjyma hawa diýdim. Edil şu wagt garaňkynyň içinden cirkin ses eşidilip bize golaýlady. bu aýal keşbindäki ölidi Ol bize golaýlan wagty Lakaşa Süýek bir ädim yza tesdi. Aýalyň içiňden geçip duran sesi bardy Bu wagt men öz tenimi bilmän sese öwrüldim. Aýal Lakaşa Süýege gygyrdy. Haçandan bäri diriler bize dost bolup galdy. Özüň biläň biziň öli bolmagymyza olar günäkär anyry. Lakaşa Süýek; onda näme etmeli. Meniň döränime milliard ýyllar boldy.Bu wagt içinde men hemme wakalara şaýat. Men bu bilänlerimi kimdir birine aýytmagym we galdyrmagym gerek. Ýogsa men tizara tozana öwrülerinn. Ol şeýle diýeni şol onuň bir aýagy şakyrt edip döwüldi we Lakaşa Süýek köne çertek kimin agyp düşdi Döwükden kül gatyşykly tüsse çogup çykdy Bu ýagdaýa bütin öwüläde goh turdy.Ýykylyp düşen Lakaşa Süýegi görmäne öliler ýygnandy. Olardan biri, indi näme ederis, eger oňa bir zat bolsa biziň işimiz gaýdar. Onuň ornuny Otgorsan eýelär. OL bizi tabyn eder,bizi horlar, şu wagta çenli bizi ondan OL gorady. Ýykylyp düşen Lakaşa Süýek ah wahlady. Oňa gygyran Aýal indi ony köşeşdirdi. Soňra bu ýerdäkilere ýüzlenip; oňa kömek edip biljek barmy . Hemme ölüler ýok diýip gygyryşdy. Şu wagt men orta çykdym. Men häzir Onuň aýagyny bejererin diýdimde öwülýäniň içinde çaşyp ýatan agaç çüý, gaňyltyr ýaly zatlary jemläp Onuň aýagyny bejermäne durdym. Ýarym sagat geçip Lakaşa Süýek aýak üstünde durdy.Meniň bu işimden hoşal bolan Lakaşa Süýek Aýala ýüzlendi; Sen oňa ynanmazçylyk etjek bolýaň, ine görersiň ol biziň tamamyzy ödär. Ýaňyja ony köşeşdiren Aýal bu gezek oöa heňkirdi. Gaty gygyrmakdan onuň bokurdagy ýyrtylara geldi. Sada bolýaň. Ölüler bilen dirileriň arasunda hiç haçan ylalaşyk bolmaz çünki diriler ölümden gorkýarlar. Olar dirilikden soň ýaşaýyş ýok öýüdýärler. Biz olara ölileriň dirilerden gelip çykandygyny subut edip bilmeýäris. Bizde şu işi b etjek ýekegede öli ýok. Iň bärksi seniň özüň hem ah çekmekden başga bitirýän pişäň yok. Ýogsa bu işi hiç kine goýman özüň hem edip bilerdiň. Lakaşa Süýek ýene ah çekdi .Bu gezek onuň bokurdagyndan sap sary ýalyn çykdy. Görýäňizmi, ol bu ýerdäkilere ýüzlendi. Bu görýän ýalynyňyz meniň ýygnan bilimlerim. Kim bu ýalyny öz içine alyp biljek. Men Bu bilimleri onuň içine guýaryn ýogsa eýýäm ençeme milliard hatda trillion ýyllardan bäri bu ot meni gowurýar.Içiňzde bilime hormat goýýan barmy. Bu ýalyny kabul edip bilgek barmy. Birnäçe höwesgeň orta çykdy. Olardan biri agzyny açdy. Lakaşa Süýegiň agzyndan çykan sary ýalyn ony şolbada gowuryp taşlady. muny gören beýleki höwesgeňler sary ýalyny ýuwutmakdan ýüz dönderdiler.Men ýene orta çykmaly boldum. Bu gahryman adyna mynasyp bolmakdy. Meniň orta çykanymy gören öliler hezil edip gülişdiler. Lakaşa süýek hem güldi. Bizi şu wagta çenli güldiren bolmandy diýip öliler aýytdylar. Aýal; entek sen gaty ýaş bolýaň. Sen häli egeňe gerek. Ýogsada ol seni gözleýändirler. Seniň öýden gaýydanyňa ep esli wagt bolandyr. Ony öýüne göýbermek gerek

Edebiýat, beyik yazyjy tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir