Adamlar dünäde gidip duran uruşlaräry togtadyň
siriýada gidip duran uruş meni gaty gynandyrüar ýenede
meni gynandyrüan ýagdaü bu öz ýurdymyzdaky kemçilikler
bu kemçiliklere garşy göreşiň özüňiz her hilli jenaüatlary etmäň
öz ýaşaýan ýeriňizde we işleüän ýeriňizde bar bolan ýaramaz ýagdaýlar
wagtyndasizi heläk eder perzentleriňize ýapyşar
uzak güggüňler
adamlar dürli oý pikirlerde we şuňa garaşyk her hilli başdan geçirmelere
duş gelüýärler we şeüle ýagdaülar mende has köp boldy aýratynam
çagalykda meni köp wakalar gurşap aldy örän kiçijik wagtym men
adamlaryň ýok bolup gidýänini bildim we men bu adamlar nirä
gidüýärkä diüip ilki özüme soňra ejeme sorag berdim ejem maňa;
olar ol dünýä gidüýärler we şol ýerde ýaşarlar diüdi men ejeme ;biz hem
ol dýnýä gitsek bolmazmy diýdim ejem ör gökden geldi gözüni maňa alartdy
we ; ýok men bu üerde dädeňe gerek men oňa aş bişirip bermeli ýogsa ol
ajyndan öler diýdi men ejeme ;onda dädemäm alyp gideli bu gezek ejemiň
gahary geldi men onuň gaharynyň gelenini duýdum we onuň ýanyndan
gitdim soragy özüm bilen oýnaýan oglanlara berdim olardan biri;adamlar garrap
ölüärler haçan olar garraýançalar günä işleri köp edýärler onsoň ezraýly
olara gahar edip janyny alýar , olar ölýär hemme onuň ňlenine aglaýar
onsoň öleni äkidip gömýärler we hemme öýüne gaýydýar men batyrsyradym
men hiç haçan ölmerin diýdim onsoň günä işiň nämedigini biljek boldum
onda oglanlar ; haçan biriniň zadyny ogurlasaň günä bolýar diýdiler
onda men eden ogrylygymy hiç kime görkezmän ederin we günä gazanmaryn
diýdim oglanlar bolsa eden ogrulygyňy hudaý görüp durýar diýip çykgynsyz ýagdaýa
goýdular men üeňilmejek bolup haçan ulalanymda men gahryman bolaryn diýdim
meniň bu sözüm oglanlary alasarmyk etdi olar hem menden galmajak bolup
ulalanda kim boljagyny aydyp jedele girdiler her kim bir zat aýytdy we jedelde
ýeňjek boldular hakykatdan hem ölmek bilen baglanyşykly oý pikirler meni irte
gurşap aldy we häli häzir hem bu soraga degerli jogap tapylanok şeýlede günä
sözüne düşýnmek hem belli bir mana eýe däl çagalyk döwýrimde bu soraglara
jogap bermek mümkin däldi emma çagalyk döwürim bu soraglara gogap
bermäne mümkinçilik döretdi soraglaryň hemmesine özgeden jogap alyp
bolmaýarolaryň köpüsine özüň akyl ýatirmeli bolýarsyň başgalardan
bilip bolmaýan akyl ýetirmeleriň birinjisi bu bar we ýok düşünjesine
göz ýetirmek bu düşünjäni iş ýüzünde ulanmak ine şu düşünjä göz ýetirgek bolmak
endigi mende irte ýüze çykdy meniň biringi biljek bolan zadym bu adamlar näme ýçin üok bolýarlar diýen soraga jogap bermekdi indi men adamlaryň
ölýänini bilärdim emma men bu bilimi başgalaryň aýytmaguna
görä bilýärdim ýöne bu ýeterlik däldi muňa özüm göz ýetirmelidim
şonuň üçin indi tizara öler diýilen garry adamlary yzarlap ugradym
obada şeýle garry adamlaryň birnäçesi bardy we men olaryň
yzyna dýşdüm ýöne bu ýeterlik däl ekeni ölümiň nämedigini
bilmek üçin köp bilime eýe bolmaly boldum muň men has giç
düşindim emma wagt ýokdy bilmek islegi meniň içimi byjykladýardy
biz oglanlar bolup ol döwürde goüunlarymyzy öwülýä ýakyn
ýerde bakýardyk bir gün ýanymyzdaky ýoldan uly goh edip
ýsti ölili ulag öwülýä tarap ýol aldy we öwülýä girip gitdi
entek biz obadan kimiň ölenini bilmeýärdik wekim öldükä
diýip biri birimiziň ýüzimize seretdik sähel salymdan gölegçiler
yzyna gaýdyp geçdi we olar gidenden soň kimiň ölendigini
bilmek islegi çopanlarda peýda boldy gezekleşip gidip öli
gömülen gaburu göreli diýdik we bölinip gabyr tarapa ugradyk
ýakyn baranymyzda täzeje gömülen gaburuň üstünden bardyk
ynha şu wagt hem biziň hiç garaşmadyk wakamuz bolup
geçdi kimiň ölendigini bilmek ýçin biz öli getirilen
zeňňidäki ýazga seretdik ol ýerde seýit diýen ýazgy bardy
biz bu adamy tanaýarduk we köp manyly ohho diýdik
yzymyza gaýytmaly wagt boldy edil şu wagt
gabyryň içinden seýt aganyň sesi eşidildi meni näme ýçin
goýup gidýäňiz meni näme üçin gömdüňiz men size
näme ýamanlyk etdim seýit aga başgada bir topar
sözleri aýdyp dady perýat etdi biz bolsa gorkungymyza bu ýerden aýak göterdik
gaçyp gelip topara goöuldyk olara gören eşidenimizi aýytdyk
olaryň hem bu geň ýagdaýy göresleri geldi biz hem täzeden
olara ýolbelet bolmaga höwes bildirdik baranymyzda täze
guburyň ýanynda hiç kim ýokdy we ses hem ýokdy bjz
ýalan sözlän ýaly bolduk näme üçin öeýle bolandygyna
düşünmedik galan oglanlar bizden nqgile boldy bizi valan
sözde aýypladylar tas özara uruşypdyk hälide öýe gaýytmaly
wagtymyz boldy we biz uruşman diiýen ýaly aýrylyşdyk
goýunlaru ýataga gabap gören wakamy wakamy çyn
dostlarymyň biri bolan ogşaga aýytmana gitdim ol
meniň sözlerimi diňläp agzyny açyp galdy we ;
ýör bu wakany seýit aganyň agtygy illä aýydaly ol näme
diýerkä illi biziň bilen ýaşytdaş oglandy haçan biz ony gözläp
baranymuzda ol çaý içip oturan een biz assjykdan
ýagdaýy oňa aýytdyk we dilleşdik hiç kime syr
bildirmän üçimiz öwülýäde seýit aga bilen näme
bolup geçýänini anyklamak isledik munuň üçin biz
garaňky düşenden soň owülýä gitmegi makul bildik

Garaňky düşdi. Agşam naharymy iýdimde eneme men
oýnamana gidýärin diýip ony aldap Ogşak bilen Illini alyp
öwülýälige yol aldym. Biz ol ýere baranymyzda garaňky öwülýä
has hem syrlydy we gorkunçdy. Biziň hyýalymyzda edil
şu wagt yzymuyza dolanmak pikiri döredi ýöne bu pikiri
kim birinji bolup aýytsa ertir şonuň üstünden gülünjegi
äşgärdi we her kim öz ýanyndan özüne teselli berip öňe
hereket etdi, ýene Seýit aganyň mazarynyň üstüne geldik.
Gabyr şol durşuna durdy,Üýütgän zat ýokdy, biz gabyryň
ýanynda pyrlanyp, işsizlikden içimiz gysyp bu ýerde
wagtymyzy hoş geçirer ýaly haýsydyr bir wakanyň bolmagyny
isledik, waka bolsa başlaňaň eken, biz bolsa muny bilmändirik
Haçan biz indi gaýydaly diýen wagtymyzda bizi gurşap
alan bir topar ýanýan gözleri gördük, Olar bize dykgat bilen
seredip durdular. Olaryň sany örän köpdi . Entek biz
nämeleriň bolýandygyna düşünmeýärdik ýöne olaryň
ölilerdigine düşündik, Kellämize gelen biringi pikir
gaçmakdy, Ilki bolup Illi aýak göterdi soňra Ogşak onsoň
men,Aýaklarymyň özi ýokary galýan ýalydy. Töweregimiz
durşuna ýanýan gňzlerdi . Biz gaçyp baryşymyza öwülýäden
saýlanyp başladyk,Yzdan men gaçyp gidip barýardym,Indi
ýanýan gözler yzda galdy, biraz ynjaldyk badymyz
gowşady. ýüzimizde ýylgyryş peýda boldy, ýöne bu
uzaga çekmedi.Öwülýäden zaryn aglap bizi çagyrýan
ses eşidildi. bu Seýit aganyň sesidi.OL seýle diýýärdi;
Ýar seniň gözleriň ýadymda galdy
Bimanal ölüm bizi aýyryp goýdy
Gül ömürim sönüp owarra boldy
Ýar menden habar alarmyň indi
Yz ýanyndan Seýit aga Illiniň adyny tutup gygyryp
başlady. Illi eneň meni görmäne gelsin.... Seýit aganyň
sesi bizi oňkidende beter gorkuzdy. Biz bir meýdan aýakaldygyna
gaçdyk we birden meniň ýadyma gahreyman boljagym
ýadyma düşdi. Men durdym. Özüme; gahrymanlar
gorkmaýar we gaçmaýrlar. Men wada berdim. Gahryman
bolmaga. Yzyma dolandym. Ýüreguim gürs gürs yrdy.
Mazara ýakynlaşdym. Mazaryň güň töründen ýene Seýit aganyň
sesi eşidildi.Bu kim... Men adymy aýytdym. Seýit aga; nany Illi...
Illi ýok .Nä, şeýlemi, gaçyp gitdi diýsene, gorkak edil özüm ýaly.
Bütin ömürimi gaçyp geçirdim.kişiniň yzyndan gepledim,
bukuldym.Tutan guşym bolmady. Häläm özüň bilýäň. Nartäç
maňa aýal boldy.Meni adam sanyna goşdy. Meni taşlap
gitmedi. Indi bolsa özüň görýäň meniň ahwalymy . Ýöne sen bu
zatlara düşünerden irte Sen häli kiçijik ahyry..Seniň şu
ýerde bolmagyň özi bir mertlik. .Indi bolsa git bu
ýerden, ýogsa ölüler halamaz.Men yzyma dolandym we yzyma
gaňrylyp;Nartäç daýza näme diýmeli...Hiç zat diýme, meniň
boluşyny görse gynanar.Indi öýe gidibersem bolar.Seýle
diýenim şol öliler meni gurşap aldy. Olar meniň pikirimi
bilýän ýalydy. olaryň nazary meniň içimden geçip
durdy. Olardan biri meni hemmä görkezip oňa ynansa
bolarmy diýdi. Muny Lakaşa Süýek bilär diýen jogap
eşidildi, ony çagyryň. Bir minutdan Lakaşa Süýek peýda
boldy. Ol äpet göwreli ölidi. Men ony sylap salam
berdim. Meniň elim onuň eliniň aýasynda gurjagyň
eli ýalydy.Lakaşa Süýek meniň ýanyma geldi. Ol maňa
siňňin seredip durdy we; oňa ynansa bolar diýdi.

Edebiýat, beyik yazyjy tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir