Ine, öňümizde biziň döwlet Tugumyzyň baýramy. Baýdak–döwletiň buýsanjy, özbaşdaklygyň alamaty. Biziň ýaşyl Baýdagymyz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň mukaddes nyşany. Döwlet Tugumyz halkymyzyň geçmişini, şu gününi, geljegini görkezýär. Ynsanlar beýik–beýik edermenlikleri, üstünlikli ýeňişleri öz ýurdunyň baýdagynyň astynda amala aşyrypdyrlar. Ýaşyl Tugumyz biziň göz–guwanjymyz, depämiziň täji. Ol biziň mertebämiz bolup belentde parlaýar. Sebäbi, Baýdak, Tug-mukaddes. Ol ata Watanymyzyň ähli künjünde, her bir ýaşaýyş jaýynyň, orta we ýokary okuw binalarynyň, edara-kärhanalaryň depesinde buýsançly parlaýar. Biziň üstünliklerimizi, şanly ösüşlerimizi, beýik ýeňişlerimizi buşlap, türkmen döwletini äleme jar edýär. Biz oňa çäksiz buýsanýarys.
Eziz Diýarymyzyň her bir toýunda egsilmez ruhubelentlik, şatlyk-şowhun höküm sürýär. Naýbaşy baýramlarymyzyň biri bolan Baýdak baýramynyň şagalaňy örän üýtgeşik. Gözel paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk mynasybetli geçirilýän çärelerem, gyzykly bäsleşiklerem, aýdym-saz dabaralaram bu mukaddes toýuň şowhunyny artdyrýar.
Baýdak – döwletiň berkararlygyny, asudalygyny, abadanlygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkymyz ýaşyl Tuguny kalbynyň şamçyragyna, dilleriniň senasyna, ertiriniň röwşenine deňeýär. Döwlet Baýdagymyz Garaşsyz ýurduň erkin şemalyna owsun atyp, türkmen topragynyň ähli gudratyny on iki süňňüne siňdirip otyr. Ýaşyl Tugumyzy alnyna sylan her bir adam ata-babalarymyzyň gahryman ruhunyň ýylysyny süňňi bilen syzýar. Tugumyza togap eden her bir adamyň kalbyna ýakymly mähir guýlup, gulagyna dal bedewlerimiziň owazy gelýär. Güneşli Diýarymyzyň her bir güni bagta, şatlyga, toýa beslenen. Saçaklarymyz giňden ýazylyp, aýdym-sazyň owazy belent ýaňlanýar. Çünki, agzybir il-günümiz döwlet Tugumyzyň baýramyny belleýär. Türkmeniň erkinliginiň, döwletliliginiň, berkararlygynyň nyşany döwlet Tugumyzyň baýramy-halkymyzyň milli baýramyna öwrüldi.
Ýaşyl Tugumyz biziň göz-guwanjymyz. Ol biziň mertebämiz bolup belentde parlaýar. Sebäbi Tug–mukaddes. Agzybirligiň, rowaçlygyň alamaty bolan ýaşyl Tugumyz halkymyzyň buýsanjy! Türkmen Tugy–Watan gymmatlygy ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Döwlet Tugumyz başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni! Biziň döwlet Tugumyz örän owadan. Sebäbi, oňa halkymyzyň mähri siňen. Şeýle mähir, söýgi bilen dörän ýaşyl Tugumyz Birleşen Milletler Guramasynyň jaýynyň öňünde, dünýäniň ähli döwletleriniň Baýdagy bilen bilelikde Al-asmanda parlaýar! Türkmen ilimiziň döwletliliginiň, azatlygynyň nyşany bolan ýaşyl Tugumyz geljegimiziň aýdyňlygydyr. Tebigy ýaşaýşy, juwanlygy, milliligi şöhlelendirýän ýaşyl Tugumyz bu gün dünýäniň çar künjeginde belentden parlaýar!
Garaşsyz döwletimiziň baş nyşany bolan ýaşyl baýdagymyz halkymyzyň mukaddes guwanjy. Parahatçylyk söýüji syýasaty bilen döwletimiziň abraýy, şan-şöhraty has-da ýokarlandy, ykdysady kuwwady berkedi. Ýaşyl tugumyzyň dünýäniň çar künjünde buýsançly pasyrdamagy, dünýäniň ösen, öňdebaryjy ýurtlarynyň biziň döwletimiz bilen ýakyndan aragatnaşygy, özara hyzmatdaşlygy ýola goýandygyndan nyşan.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Döwlet nyşanlarynyň biri bolan Döwlet Baýdagymyzyň döredilen gününi - indi her ýyl maý aýynyň 18-ne uly dabara bilen belleýäris. Baýdak – döwletiň ýüzüni görkezýän, ähli baýramçylyklarda, sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanylanda asmana galdyrylýan belent bir nyşan bolup durýar.
Döwletimiziň ýaşyl baýdagy halkymyzyň milliliginiň buýsanjydyr, hemişe bahar paslyny ýatladýan ýaşaýşyň nyşanydyr. Ýaşyl Tugumyz ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlaryň bezegi. Hormatly Prezidentimiz türkmen döwletiniň dünýä derejesindäki abraýyny belende götermek, halkymyzyň oňat ýaşamagyny gazanmak üçin taýsyz tagallalary edýär. Herbir ynsanyň öz başarnygyna, ukybyna görä, Watana ak ýürekden hyzmat etmegini ündeýär.
Ýaşyl Tugumyz, halkymyzyň geçmişini, şu gününi, geljegini görkezýär. Ynsanlar beýik-beýik edermenlikleri öz ýurdunyň baýdagynyň astynda amala aşyrypdyrlar.Tug-türkmen halky üçin diňe bir özbaşdak döwletlilikden nyşan bolman, eýsem, ýaşyl Tugumyz türkmeniň agzybirliginden, abadanlygyndan, ruhubelentliginden nyşan.
Türkmeniň her bir ogul–gyzy golunda ýaşyl Tug göterip, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýeňişlere tarap batly gadam urýar. Al–asmanda buýsançly pasyrdaýan Tugumyz bizi ýene-de täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýüreklerimizde Watana söýgi, golumyzda ýaşyl Tugumyz uly buýsanç bilen öňe gadam urýas. Goý, biziň mukaddes Baýdagymyz her bir öýüň depesinde ýaşaýşyň baky nyşany bolup pasyrdasyn!
Biz hem Hormatly Prezidentimiziň bize bildirýän ynamyna özümiziň bilime, ylma bolan yhlasymyz, ýurdumyzyň ösüşine buýsanjymyz bilen jogap bereris. Beýik üstünliklerimiz, ýeňişlerimiz bilen mukaddes ýaşyl Tugumyzy hemişe belentde parladarys!

Täzelikler, yashalym tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir