“Türkmenistan beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýär. Ilatyň hal-ýagdaýy ýyl saýyn gowlanýar. Ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin zerur bolan şertler döredilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesi döwlet syýasatynda öňe sürilýän esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Berkarar Watanymyzda hukuk özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Kada-kanunlar ýyl saýyn kämilleşip, bu ugurdaky işler netijeli dowam etdirilýär. Berkerar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir raýatyň asuda, erkana durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi, döretmegi we mynasyp dynç almagy üçin zerur bolan ähli şertleri üpjün edýär.
Mundan 26 ýyl ozal, has takygy, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Munuň özi şöhratly taryhy bolan türkmen jemgyýetinde möhüm taryhy wakalaryň biri boldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Berkarar döwlet islärin!” diýip, kalbyndan syzdyryp beýan eden arzuw umytlary, döwletlilik adalatlylyk we parahatçylyk ýaly ündewleri mynasyp orun aldy. Türkmenistanyň esasy Kanunynyň rejelenen görnüşinde köpdürli syýasy garaýyşlar, köp partiýaly jemgyýet ykrar edildi. Bu bolsa ýurdumyzda demokratiýanyň ýyl saýyn kämilleşýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Türkmenistan Konstitusion esasda her bir adamyň durmuş taýdan goragyny kepillendirýän döwletdir. Berkarar ýurdumyzyň ynamly öňe barýan häzirki döwründe durmuş syýasaty, ilkinji nobatda, goldawa we goraga mätäç raýatlara gönükdirlendir. Döwletiň hasabyna köp çagaly maşgalalara, ene-atasyz çagalara, döwlet ýa-da jemgyýetçilik bähbitlerini goramakda saglygyny ýitirenlere goşmaça goldaw berilmegi, ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasatyň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň konstitusiýasy her bir raýatyň mynasyp durmuş şertlerinde ýaşamagyny üpjün edýär. Jemgyýetimiziň agzybirligini syýasy hem-de durmuş taýdan durnuklylygyny pugtalandyrýar. Her bir adamyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin zerur şertleri döredýär.
Ýewropa Bileleşiginde Türkmenistanyň kanun çykarjylyk ulgamynyň kämilleşdiriş işine uly gyzyklanma bilen garalýar. Konstitusiýanyň rejelenen görnüşi Türkmenistanyň täzelenen kanun çykarjylygynyň esasy binýady bolup durýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenbaşy şäherinde köpdürli çäreler geçirilýär. Bu gün Türkmenbaşy şäherinde 16 ýaşy dolan 40 sany bagtyýar ýaşlarmyza Türkmenistanyň raýatlyk pasporty dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu çäre Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumynda dabaraly ýagdaýda geçirlip, oňa il sylagly ýaşulylar we eneler gatnaşdylar. Çäre tamamlanandan soňra pasport alan ýaşlara Türkmenbaşy şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Awaza milli syýahatçylyk zolagyna, täze gurlup, ulanmaga berlen Türkmenbaşy halkara deňiz portuna gezelençler gurnaldy. Bu bolsa olaryň baýramçylyk ruhuny, keýpini has hem galdyryp, raýatlyk pasportyny alan ýaşlarmyzyň durmuşynda bu gün ýatdan çykmajak iň bagtly günleriň biri boldy.
Hormatly ýaşlar! Sizi Türkmenistanyň raýatlyk pasportyny almak hukugyna eýe bolmagyňyz bilen tüýs ýüregmizden gutlaýarys. Size Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanmyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegiňizi arzuw edýäris. Pursatdan peýdalanyp, ähli türkmen halkymyzy Konstitusiýa we döwlet baýdagynyň güni bilen gutlap, rowaçlyklary arzuwlaýarys!!!

Täzelikler, yashalym tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir