Käbir şahyrlaryñ ýazan eserleriniñ özünden öñ ölşi ýaly, käbir şahyrlaryñ ýazan eserleri bolsa, şahyryñ özünden soñ dogulýar we oña ikinji ömür ýaşadýar. Erkin formaly goşgulary bilen döwrüñ ruhuny, jemgyýetiñ aktual meselelerini, durmuşy hakykatlary hiç kimiñkä meñzemeýän özüne mahsus dil bilen seslendirmegi başaran Has Türkmeniñ goşgulary hem eýýämden şahyra ikinji ömür bagyş etjege meñzeýär. Hut döredijilik adamlarynyñ birnäçesi tarapyndan ýadyrganmak bilen garşylanan "başly-barat" goşgularyñ muşdaklarynyñ gün geçdigiçe artmagy, şahyryñ bu günlerden ötri, gelejegiñ şahyry boljakdygyna güwä geçýär.
Şu edebi sahypanyñ işine hem kömegini gaýgyrmadyk, sahypamyzy dünýä meşhur türk satirigi Eziz Nesiniñ satiriki hekaýalarynyñ terjimesi we Osman Öde, Gurbanazar Orazgulyýew, Döwran Agaly, Hemra Şir, Kömek Kulyýew, Juma Hudaýguly ýaly halypa ýazyjylaryñ eserleri bilen baýlaşdyran şahyrymyz Has Türkmeniñ ýakyn ýyllarda ýazan goşgularynyñ jemi bolan "KYRK" goşgular toplumy ilkinji gezek www.direlisedebiyat.blogspot.ru edebi-çeper saýtynda. Okamaga howlugyñ!!!

Edebiýat, wagt tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir