Döwran Agalynyñ ýönekeý durmuşy wakalary ussatlyk bilen işläp, halallyk we haramlyk barada düşünjeleri siññin yzarlaýan "Sabyr käsesi" powesti we birnäçe hekaýasy ilkinji gezek www.direlisedebiyat.blogspot.ru edebi-çeper saýtynda okyjylara hödürlenýär.
Döwran Agaly halypa ýazyjy Osman Ödäniñ 31 tomluk edebi mirasyny kitaplaşdyran armazak mirasgärdir. Onuñ bu eden hyzmaty her bir döredijilik adamsyna nusga alarlyk göreldedir. Hut şu edebi sahypamyzda-da Osman Ödäniñ romanlarynyñ, hekaýalarynyñ, powestleriniñ we edebi makalalaryñ okyjylara ýetirilmeginde Döwran Agalynyñ hyzmaty uludyr. "DIRELIŞ EDEBIÝAT" edebi toparymyzyñ adyndan munuñ üçin oña aýratyn minnetdarlyk bildirýäris.
Döwran Agalynyñ eserleri www.direlisedebiyat.blogspot.ru edebi-çeper saýtynda ilkinji gezek rus we türkmen dillerinde okyjylara hödürlenýär. Okamaga howlugyñ !!!

Edebiýat, wagt tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir