Has TÜRKMEN    

P E L L E    

(hekaýa)    

Ir bilen turanda oýananda, bütinleý başga dünýäde - başga ahwalda oýanan adamyñ fantastiki başdan geçirmeleriniñ kyssasy...
Has takygy, hekaýanyñ gahrymany ir bilen örende, dünýäni ahyrky günlerinde - kyýamat sagatlarynyñ öñüsyrasynda görýär... Telekommunikasion we aragatnaşyk enjamlary, elektron enjamlar, telefonlar, hatda awtoulaglar hem işlemegini bes edýär...
Hoja alaçsyz köçä çykýar. Köçede bolsa has mojuk wakalary başdan geçirýär. Onuñ öñünden çykan äjit-mäjit ordasy we ýeke gözli mahluk Deçjal bilen bolan söweş hem munuñ üstesine... Söweşiñ netijesi nähili tamamlanýar?!. Elbetde, muny bilmek üçin hekaýany okamaly. Ylmy-fantastiki žanryñ türkmen prozasyny gaýtadan janlandyryp we talapkär okyjylarymyzyñ isleglerini kanagatlandyryp biljek eserleriñ höwrüniñ köp bolmagyna bil baglap bolarmy?!. Hekaýany okap bolanyñyzda bu sowalyñyza hem kanagatlanarly jogap alarsyñyz.  
Has Türkmeniñ galamyndan "Pelle" atly ylmy-fantastiki hekaýasy ilkinji gezek www.direlisedebiyat.blogspot.ru edebi-çeper saýtynda.    

www.direlisedebiyat.blogspot.ru

Edebiýat, wagt tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir