Bir wagtlar eşiden hekaýamy bu gün size aýdyp berjek. Bir bar ekeni bir ýok ekeni…

Asty baýlyk üsti baýlyk bir patyşalyk bar ekeni. Beýle döwletiň dünyägaraýşy dar, patyşalygy dolandyrmaga ukypsyz bir patyşasy bar ekeni. Bu patyşanyň ýanyndaky wezirlerinden biri bir gün hasyrdap biçäre ýagdaýda patyşanyň önüne çykyp nalap başlapdyr. Patyşa: “näme boldy eý wezir, bu berkarar patyşalykda nalaýan adam görmek islemeýänimi bilmeýänmi sen?” diýip haýbat bilen sorapdyr.

Elbetde, wezir titrek sesi bilen: “Hormatly patyşamyz, hazynamyzdaky ähli altyn dirhemler gutardy, ýeri näme etmeli?” diýip patyşaň öňünde gözleri ýerde arzyny ýetirýär. Patyşa hazynada puluň azalyp tükenenine ynanman: “Nirä sowduňyz onça puly, nirä goýberdiňiz, siz iş oňarmaz-haramzada wezirler” diýip gygyrypdyr.

Wezir hem hazynanyň nirä goýberilenini görkezýän depderçäni açyp okap başlapdyr:

”Patyşa üçin kaşaň köşkler,

boş wagtlaryny geçirmek üçin dynç alyş ýerleri,

öz haýwanlaryny ideg etmek üçin ýörite saklaýyş ýerleri,

dünýänin in geň haywanlary,

gymmat bahaly dürli ýüzükler, altynlar

patyşanyn agyny-garyndaşlaryna goýberilmeli tyllalar,

her wezire bir köşk… ”.

Depderçedäki ýazgylaryň başynda patyşa gahar gazap bilen wezire okamaklygy bes etmegini sorapdyr. Görüp otursa, ýurdun ähli baýlygyndan halkdan başga hemme peýdalanypdyr. Patyşalygyň depesindäki hemmeler hanlar ýaly durmuş ýaşapdyrlar.

Bu ýagdaýda çykmak isleýän patyşa wezire bir çözgüdiň barmy diýip sorapdyr. Bir salym wagtdan sonra wezir gözleri aýna ýaly ýalpyldap “hawa çözgüt tapdym, beýik serdarymyz” diýipdir. “Ýeri näme onsoň çözgüdin” diýip seredipdir patyşa.

“Şäherden geçýän her köçäniň başlaýan ýerine ýörite sakçy goýaly we her ädim äden adamdan bir dirhem pul alsynlar. Muna görünmez salgyt diýsegem bolar” diýip şeýtan gözlerini ýaldyradypdyr.

Patyşa azyrak oýlanşan bolupdyr-da “halk näme diýerka?” diýip ikirjiňlenip wezire sorapdyr.

Wezir bolsa “halk hiç zat diýmez, olar seslerini çykarmanjyk töläp geçerler” diýipdir.

Täze salgyt ýola goýlupdyr.

Aradan wagt geçipdir, halkdan hiç hili ses ýok. Hazyna az hem bolsa pul giripdir. Bu pul bolsa täze köşgün çykdaýjysyna goýberilipdir. Patyşa halkyň sesiniň çykmaýanyny geň görüp, “şu sakçylaryň sanyny ikä çykaryp, hem ýoluň başyna hem-de soňuna birini goýup salgydy iki essa çykaraly, göreli bakaly halk näme ederka?” diýip wezire täze emir beripdir.

Ýene aradan wagt geçipdir. Halk sesini çykarman köçäniň başynda we sonunda pul töläp köçeden geçip ýörenmiş. Muny eşiden patyşa bu gezek hem haýran galyp hemem halkyň söz aýtmaýşyna gahary gelipdir.

Weziri çagyryp köçelerin ortasyna goşmaça bir sakçy goýmagy we ol adamyň her geçen adamy gowy edip urmagy tabşyrýar. Şu ýol bilen halkyň arz-şikaýatyny eşitjegini umyt eden patyşa täzeliklere garaşyp başlapdyr.

Aradan epesli wagt geçipdir. Halk köça girende pul töleýär, ortasynda taýak iýýär çykanda hem ýene pul töleýär. Emma henizem hiç haýsy patyşa we düzgüne garşy bir kelam söz aýtman durmuşlaryna dowam edýärler.

Muna diýseň geň galyp, halkyň arasyna hiç çykman ýurdy dolandyrýan patyşa paýtagtyň merkezi meýdanyna halky çagyrdyp hal-ýagdaý soraşmagy ýüregine düwýär. Halk jemlenipdir, patyşany gören batlaryna “Patyşamyza şöhrat! Patyşamyza şöhrat! Patyşamyza şöhrat!” sesleri ýaňlanypdyr. Patyşa hemmä ýüzlenip, arzyňyz şikaýatyňyz islegiňiz barmy diyip sorapdyr. Hiç kimde ses üýn yok. Soňra ýene sorapdyr, hiç kime zyýan gelmez aýdyberiň näme aýtjak bolsaňyz diýipdir. Ýene hiç kimden ses çykmandyr. Patyşa gaharlanyp başlapdyram welin arkalardan biri el galdyryp meniň arzym bar patyşam diýip sesini ýetirjek bolupdyr. Halk ony dymdyrjak bolupdyr welin başartmandyr. Patyşa ol adamy görüp çagyrypdyr-da “ýeri onsoň näme arzyň bar?” diýip sorapdyr.

Ol adamam aljyraňlap, howsala düşüp, titräp zordan “Köp hormatlanýan patyşamyz, menin janymy geçiň. Köçeleriň ortasyna bizi urdurmak üçin bir sakçy goýupsynyz welin, şolaryň sanyny köpeltseniz ýerlikli boljak, bolmasa önünde uzyn oçurtlar döreýär we öýümize gijä galýarys” diýipdir.

Muny eşiden patyşa wakyrdap hezil edip gülüpdir-de “baş üstüne sizin bolşuňyz şu bolsa ol köçeleri sakçydan doldurarys” diýipdir.

Hekaýanyn soňy!

Gaýgysyz Aśyr

Çeśme: Turkmennotes.wordpress.com

Edebiýat, Acelya tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir