Gowy görýän, juda basdaşlarymy,
Çete kakyp geçýän ýoldaşlarymy.
Gaýnatmañ köpigni aýyran ýaly
Aýyrsadym käbir häsiýetlerimi.

***

Möý owadan kerep gurdy bir ýerde,
Oýnatgylar baryp ildi şol derde.
Her gören zynatyñ haýyrly däldir
Ajy iññe derman bolar köp derde.

***

Pikirlerim berbat-berbat,
Ömir ötýä heýhat-heýhat.
Ahyr ölim bolandan soñ
Geregi nä zerbap-zerbap.

***

Gahar etseñ,gaharyña kaýylam,
Jebir berseñ,jebiriñe kaýylam.
Ýöne, bu ömürde, iki dünýede
Mydam seniñ wysalyña maýylam.

***

Bu gün giç turupdyryn gün guşluk çagy,
Wah,meniñ öz nebsim özime ýagy.
Güniñä boş geçdi utuldyñ gende
Indi bir haýdaýyn neýlejek dagy.

***

Garga bilen dost bolupdym bir mahal,
Suwsuz gurap galdy ekilen nahal.
Sähel zat diýip düşirmegil ünsiñden
Ertire goýmada başla şu mahal.

***

Dostlarmy tanadym taýgançak ýerde,
Goýupdy kä biri tükenmez derde.
Saýlap biläýmersiñ ýeke birisin
Müñ hyýal,müñ arzuw bar bolsa serde.

***

Ne gülen galarmyş, nede bir aglan,
Bir gün puşman eder bagryñy daglan.
Bu ýollary geçmek añsada däldir
Menzile ýetmeýär az ädim ätlän.

***

Gijeler ýatamok adyñ gaýtalap,
Gündizlerne ýene şol at serimde.
Bu zatlardan heýde sormazmyñ hasap
...Ah,men bir ugryñda sergezdan bende.

***

Öýlänçi deý birden gelip-geçerin,
Bir pursatjyk ýanyp, derrew öçerin.
Bu dünýä "owadan" diýýäñmi adam
Owadan zatlara bakman geçerin.

***

Paýlaşaly diýme şatlygym ýokdur,
Gamym böleşerden has çökderräkdir.
Ýör gowysy Ýara ýalbaraly biz
Iki dünýä şondan gowragy ýokdur.


Nureddin KESEARKAÇLY

Edebiýat, GaRa_TmyN tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir