Orkun UÇAR & Burak TURNA

"METAL ÇABGA" romany

Türkçe ady "Metal Fırtına" ("Металлический шторм")

Türk ýazyjylary Orkun Uçar we Burak Turna tarapyndan ýazylan we 2004-nji ýylda "Timaş" neşirýaty tarapyndan neşir edilen "Metal çabga" atly syýasy-fantastiki romanynda ABŞ-nyñ Türkiýä eden ýaragly hüjüminden söz açylýar.
Roman neşir edilen badyna Türkiýede iñ köp satylan bestseller kitaplaryñ birine öwrüldi.
Romanyñ birinji kitabyndan soñra eseri awtorlaryñ hersi aýratynlykda dowam etdirdi.

♣ Romanyñ Orkun Uçar tarapyndan dowam etdirilen wersiýasy

"Metal çabganyñ" dowamy bolan "Metal çabga-2: Ýitirilen jesedi" Orkun Uçar Burak Turnadan aýratynlykda ýazdy.
Orkun Uçar ikinji kitabyñ yzyndan "Metal çabga-3: Gyzyl böri" romanyny ýazdy. Üçünji kitap Orta Aziýada rus mafiýalaryna garşy alnyp barylan aldym-berdimli göreşi çeper-fantastiki görnüşde suratlandyrýar. Eseriñ dowamy bolan "Metal çabga-4: Turan" romanynda bolsa iki tarapa bölünen dünýäde Türkiýäniñ Günbatar bloguny saýlap alşyndan söz açýar. Bu gezekki garşydaş bolsa türkleriñ gadymky duşmany Hytaý.
Eser "Metal çabga-5: Tañry" romany bilen dowam edýär.

♣ Romanyñ Burak Turna tarapyndan dowam etdirilen wersiýasy

"Metal çabganyñ" dowamy hökmünde Orkun Uçardan aýratynlykda Burak Turna tarapyndan "Metal çabga-2: Halas boluş", "Metal çabga-3: Garşylyklaýyn hüjüm", "Metal çabga-4: Gizlin güýç", "Metal çabga-5: Tümlüge bürenen uruş" "Metal çabga-6: Oýanyş", "Metal çabga-7: Ot gapany" romanlary bilen dowam etdirildi.

"Metal çabgany" kinomatogragiýalaşdyrmak boýunça awtorlyk hukugy 2005-nji ýylda "Özen Film" kinostudiýasy tarapyndan satyn alyndy.

Häzirkizaman türk edebiýatynyñ bestselleri bolan, Orkun Uçar we Burak Turna tarapyndan bilelikde ýazylan "Metal çabga" romany ilkinji gezek türkmen okyjylaryna hödürlenilýär.
Romany türkmen diline Has Türkmen terjime etdi.
Ýakyn günlerde eseriñ türkmen diline geçirilen nusgasyny www.direlisedebiyat.blogspot.ru edebiýat saýtyndan okap bilersiñiz.

Edebiýat, wagt tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir