TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ TÄZEDEN JANLANYŞY


Salam, hormatly edebiýat muşdagy, mähriban okyjy, geljekki şahyr, geljekki ýazyjy, arasynda ýazyp- pozýan hemem ýazýanlaryny ile görkezmäge çekinýän adam!.. umuman şu mowzugy okap otyran ynsan. Geliň töweregimize göz aýlalyň. Dünýä ösýär. Ynsanlar kämilleşýär. Adamzadyň döredýänleri kämilleşdigiçe, ynsan şo dereje ýalňyzlaşýar. Telewizor, çeper filmler, dürli kompuýuter oýunlary... we ýene näçe zady sanasaň sanap gidip oturmaly. Indi bu zatlarsyz ynsan durmuşyny göz öňine getirip bolmaýar. Öziňizden mysal alyp göriň, indi ýek-tük zenanlar kirlerini ellerinde ýuwýar, tamdyra çörek ýapýar... adam zähmeti mundan 20 ýyl ozalkydan ep-esli derejede azaldy. Indi gyssanan wagtyň telefon düwmejiklerini basyşdyryp islän tagamyňy sargyt edip bolýar. Emma... çagalarymyzyň edebini sargyt edip alyp bilmeris... Suw seňrikden agansoň, işden geçensoň ökineniň peýdasy näme...

Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu sözlerini ýatladasym gelýär:

“Men halkymyzyň jebisligini, milli bitewiligimizde, dilimiziň arassalygynda, aňladyjylyk ukybynyň çäksizdiginde görýärin.”

Gahryman Arkadagymyzdan ýene bir söz:

“Biziň ene dilimiz öz gözbaşyny Oguz handan alyp gaýdýan, ähli türki halklaryň dilleriniň esasyny düzýän dildir”

“Häzirki döwirde Garaşsyz Watanymyzda ene dilimiziň ähli gözelliklerini we öwişginlerini düýpli öwrenmek, aýawly saklamak hem-de nesilden-nesile geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi”


Bize bolsa şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanaýmak galýar. Şonuň üçin hem biz “Direliş Edebiýat” döredijilik toparyny döretdik. Nesip bolsa, Biz bu toparda, geljekde dürli edebi bäsleşikleri (goşgy, hekaýa, terjime, powest, roman) geçirmekligi, halkyň içinden ýaş zehinleri gözläp tapmaklygy ýola goýarys. We hakykatdanam (Owal Hudaý) bu döredijilik topary Türkmen edebiýatyny täzeden janlandyrar, direlder, aýaga galdyrar...

Häzirlikçe aýtjaklarym diňe şundan ybarat dostum! Seň bilen geljekde täzeden aýaga galan edebiýat hakda gürriň ederin diýen umyt bilen sözimi soňlaýan...

Hormatlamak bilen:


“Direlisedebiyat.blogspot.ru”—döredijik topary.

Täzelikler, GaRa_TmyN tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir