GÖZELLIK


Şeýle tämiz güller bitýär ýazyna,
Şerap içen ýaly göçýär-de kelläň,
Özüňem aňşyrman, çöküp dyzyňa
Ysgaýaň ýolmaga milt edip bilmän.


Şeýle bir gyzlar bar, misli bir hyýal,
Baglara seýl eder şuglasyn saçyp,
Olara kilçerip lak atmaga däl,
Hatda galarsyň sen agzyňy açyp.


Şeýle bir goşgy bar, şeýle bir goşgy,
Okabam bilmersiň labzyny ýoýup.
Oňa öýkünmeg-ä beýle-de dursun, Ýazmaňam goýarsyň meňki däl diýip...


Eger ýürek diýlen bar bolsa sende
Gözellik özüne maýyl edýändir.
Gözellik däl, özün gorap bilmese,
Ýoýup bolýan bolsa gözellik däldir!


Nobatguly REJEBOW

Edebiýat, GaRa_TmyN tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir