DEK BAŞYM, DYNÇ GULAGYM

(ýumoristik hekaýa)

Başlygymyzy deñli-derejeli edip pensiýa ugratdylar-da, birdenem maña "Seni şonuñ ornuna goýjak" diýdiler. "Goly gandally gulam düýşunde beglik küýseýärmiş" diýseler, öñ ynanmazdym. "Eý, möhür-melamatly ýeri men oñarman" diýen bolsa mam keremli gürrüñiñ heseri kelläme urup, ýüregim ersip giden ýaly boldy. Agzy gowşaklyk bilen gepleýänimi añyp "Bolýar, ertire çenli puryja, gowuja pikirlen" diýdiler. Öýe gelemde ädim urşumy üýtgeşigräk görendir-dä, keýwany derrew habarymy aldy:
- Akmuhammet, atyñ oza ýaly, ne beýle ýyljyraklaýañ?
Içim-içime sygman bolan-goýan gürrüñleri aýtdym. Biline dañynan öñlügini sypap oturşyna az-kem oýurganan keýwanym biri eşidäýjek ýaly pessaý gepledi:
- Başlyk biler bolsañ kem-ä däl. Ak "Wolga" münüp atam öýüme barsam, hiç bolmanda, goñşy-golamlar "äri pylankez heleý-dä, gör gaýkyjaklap düşäýşini" diýib-ä bir hyñ urarlar. Şoñ özi nämä degmeýär.
- Görübiris, münmek nesibäñde bolsa - diýip, men ysgynsyz gepledim.
- "Görübiris" diýip gümansyratma. "Başlyk men" diýip gomalyp ýeke özüñ münüp hezilini görjeksiñ o maşynyñ. Bazara, toýa-tomaşa, cagalary mekdebe, detsada äkidip getirmäge münmejek bolsak, senem ýaýnap güberilip düşmersiñ şonuñ gapysyndan....


◆ ◆ ◆

G.Orazgulyýewiñ hekaýasy, dowamy:

www.direlisedebiyat.blogspot.ru

edebiýat saýtynda.

Edebiýat, wagt tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir