"MAŞYNY ŞEÝDIP PAÝLAMALY"


(ýumoristik hekaýa)

- Ýuwaş, ýoldaşlar, galmagal etmäñ! Gykylygyñyz maşyn nobaty elinden alnanyñky ýaly, ýaman batly çykýa-la? Peseldiñ sesiñizi, "tamda gulak bar" diýipdirler. Bular öz aralarynda paýlaşyp bilenoklar, onsoñ bizem tamakin it ýaly, şularyñ agzyna bakyp tamşanyp oturmaly-ow diýmezmi eşidäýse "Žiguliden" ýa-da täze "Moskwiçden" umydygär bendeler? Hany, onda, öñki halk kontrollygy, häzirki döwlet kontrollygy diýilýäniniñ başlygyna berýäs dämi? Oçury ýok diýjegiñiz tapylar. Ýöne bumat aç-açanlyk, demokratiýa, ýüz görmän aýdybermeli. Birden kontrolyñ täze başlygy "Maşyn paýlaýan komissiýanyñ haýsy çleni "Žigulini" nobaty bilen alypdyr. Barlajak" diýip zybyrdyña salyberse nädip bor? Hudaý saklasyn, onda dagy syçanyñ kürümini müñ tylla satyn almaga razy borsuñyz. Hany, aýdyñ, içiñizde bal tutup barmagyny ýalamadygy barmy? Görseñ diliñizi ýuwdan ýalysyñyz hemmäñiz. Şoñ üçinem berip dynalyñ şoña. Protokola "Işe täze bellenilendigi üçin, raýkomyñ nomenklaturasynda durýanlygy üçin, daşdan gatnaýanlygy üçin onuñ nobaty ýogam bolsa bir agyzdan hususy "Žiguli" bermek karar edildi" diýip ýazýan. Razymysyñyz şuña?...

◆ ◆ ◆

Gurbannazar Orazgulyýewiñ hekaýasy, dowamy:

www.direlisedebiyat.blogspot.ru saýtynda

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir