KÖÇE DRAMASY

(ýumoristik hekaýa)


Halys lütüm çykdy. Gözleýän adresim edil asmana uçan ýalydy. Bir-birine degşip oturan ekiztaýy ýaly meñzeş jaýlar gözüme çöp atdy.
Teý bolmady. Ahyry özüm dek agtarýan ýerini tapmaýanlaryñ ulanýanja "usulyna" ýüz urdum.
Iki jaýyñ aralygynda çagasynyñ elinden tutup, ädeýinmi-ätmäýinmi diýip barýan akmeñiz gelne gabatlaşyp bardym:
- Bagyşlañ welin, şu kyrk dokuzynjyñ nirräkdeligini-hä bilýän dälsiñiz?
- Kyrk dokuzynjy diýdiñizmi? - Gelin ýüzüme keseläp seretdi:
- Biziñ köçämiziñmi? "Ýalkym" köçesiniñmi?
Men baş atdym.
- Haýsy ýerdekän-ä gyz, şol. Maña nomury-ha tanyş onuñ öz-ä.
Aýak çekip saklanan gelin barmagyny dişläp näçe diñirgense-de ýadyna düşen zat bolmady.
- Wiý, Aýbibi bilýändir ony. Gelin gabat garşysyndan gelýän kelte boýluraga-da, garaýagyz zenany görüp aty çykan ýaly begendi. - A gyz kyrk dokuzynjy nirräk-dä? Meniñ-ä hakydama gelmedi şol....

◆ ◆ ◆

Gurbannazar Orazgulyýewiñ hekaýasy, dowamy:

www.direlisedebiyat.blogspot.ru-da

Edebiýat, wagt tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir