ÝURTLARYÑ BIRINDE: MERHUMYÑ WESÝETI
(satiriki hekaýa)

Kasym ependiniñ birgeñsi ynançlary bardy. Hoşniýetli kalbynda haýwanlara bolan söýgüsine giñden orun beren Kasym ependiniñ öýünde süri-süri pişikdir, itler mekan tutupdy. Onuñ iñ halaýan zady kepderilere çörek owradyp bermekdi. Ömründe bir gezegem et iýmändi, howlusynda her jynsly jandardan saklardy.
Emma ol Garabaş atly bir iti has gowy görýärdi. Ol on dört ýyllap saklan iti bilen şeýle bir öwrenişdi welin, üm bilenem bir-birleriniñ şatlygyna, gaýgysyna şärik bolup bilerdiler.
Çagasy ýok, çugasy ýok... Onuñ tutuş on dört ýylyny Garabaş bilen bile geçirdi. Günleriñ bir güni Garabaş keselledi. Iki güne çeken hassalykdan soñ ölen itiniñ hasraty Kasym ependä agyr degdi. Hiç bir zat oña teselli berip bilmedi. Tutuş ýigrimi dört sagatlap itiniñ başujunda aglap oturdy. Ol bu iti howandarlyga alanda ýumruk ýalja güjüjekdi. Kasym ependi barmagyny süýde batyryp emjek emdiren ýaly itini emdirerdi. Soñlugy bilen Garabaş goç ýaly iri, owadan, adamlardanam düşbi jandar bolup ýetişdi.
Kasym ependi Garabaşa bolan iñ soñky söýgüsini-de berjaý etmekçi boldy. Gözlerini ýaşa dolduryp, itini göýä adamyñ meýdidir öýtmän, ýyly suw bilen sabynlap ýuwdy. Oña aýratyn tabyt hem ýasatdy. Soñra özüni hiç kimiñ tanamaýan bir raýonyna atdy.
Ol göçüp baran ýerindäki goñşy-golamyna, raýonyñ häkimine, ymamyna çagasynyñ ýogalandygyny aýtdy.
Dabaraly ýas çäresi gurnalyp, Garabaş soñky ýoluna ugradyldy. Kasym ependi bu zatlar üçin pul gaýgyrjak adam däldi.
Gölegçilere, doga-dilegçilere, ymama para-peşgeş barsyny eçilibildi. Tabyt metjidiñ howlusynda jynaza okalýan daşyñ üstüne goýuldy. Jynaza namazy okalyp gutarlandan soñ, gonamçylyga gitdiler. Ynha, hemme bulam-bujarlygam şol ýerde başlady. Oýun etmegi halaýan Garabaş iñ soñky oýnuny-da şol ýerde oýnady. Mollalar gabyryñ daşyna hümerlenşip duran märekäniñ içinde bir ýandan gözleri ýaşly Kasym ependä teselli berip durkalar, bir ýandanam aldygyna doga okaýardylar. Iki gölegçi tabytdy göterip çukura girenlerinde täsin bir zada gözleri düşdi. Tabyt tagtasynyñ ýarygyndan daşyna iki garyş uzynlygynda bir itiñ guýrugy sallanyp durdy. Ýüregi agyzlaryna gelen gölegçileriñ ikisi-de gorkularyna tabydy ellerinden gaçyrdylar. Hemmeler duran-duran ýerinde doñup galdy. Kasym ependi bolan işi ýuwmarlajak bolup, "Balajygym guýruklyjady!" diýen boldy, ýöne adam çagasynyñ iki garyş uzynlygynda guýrugynyñ boljagyna hiç kim ynanmady. Tabydy açdylar, içinden Garabaşyñ maslygy çykdy.
Adamlar Kasym ependiniñ ýakasyndan ebşitläp kazynyñ garşysyna çykardylar.
Iti jaýlamaga gatnaşan ymamdan, gölegçilerden ähli bolan zatlary diñlän kazy Kasym ependä:
- Bir iti näme üçin adam ýaly depin etjek bolýarsyñ? Bu dinimiziñ düzgünine ters dälmi näme? - diýdi.
Kasym ependi:
- Ah, kazy jenaplary - diýdi. - Garabaşyñ niçiksi jandardygyny, onuñ neneñsi ukyp-emelleriniñ bardygyny bir bilsediñiz, meni günäkär hasaplamazdyñyz.
- Itiñem bir emel-ukyby bolarmy, ony gonamçylykda neçüýn depin etdirmekçi bolduñ?
- Owaly bilen wepalydy... El ýaly süñk böleginiñ ömürboýy hormatyny saklardy. Hiç kime erbetlik etmezdi. Gaýduwsyzdy, owadandy.
- Bul aýdýanlañ sebäp bolup bilmez.
Kyn ýagdaýda galan Kasym ependi öz edýän ýagşy işlerini hamala Garabaş edýän ýaly gürrüñ bermäge başlady:
- Haýyr-sahawatçydy. Malynyñ zekadyny bererdi. Pitresini bererdi. Garyp-gasarlaryñ göwnünden turardy.
- Bular ýaly zat bolup bilmez...
- Hatda ölmänkä bir çeşme hem çekdiripdi. Mugtuna suw içilýän ýer hem gurdurypdy, medresä iki haly sowgat edipdi.
Kazy:
- Sen dälirediñmi? - diýdi. - Heý-de it bular ýaly işleri edip bilermi?
Agyr derde galan Kasym ependi:
- Item bolsa, siz onuñ nähili itdigini bileñzok. Hatda ölmezden öñ maña bir wesýet edipdi.. - diýdi.
Gahar-gazaba atlanan kazy:
- Heý, samsyk, sen her kimi özüñ ýaly serseri hasap edýäñmi? Item bir wesýet edermi? - diýip gygyrdy.
Şol wagt Kasym ependi:
- Kazy jenaplary, ynanyñ wesýet etdi. Malynyñ garyp-gasarlara paýlanylmagyny aýdypdy... - diýdi. Kasym ependi guşagynyñ arasyndan gapjyk çykardy: - Hatda şu bäş ýüz altyny kazy jenaplaryna gowşurylmagyny wesýet edipdi.
Kazy ependiniñ gözleri ýaşa doldy:
- Alla rehmet etsin - diýdi. - Aýdyber, Kasym ependi, aýdyber. Merhum başga nämeleri aýdypdy?.. Hemmesini birme-bir aýt... Merhumyñ wesýetini berjaý edeliñ. Uly sogaby bardyr.

Eziz NESIN,
türk ýazyjysy.

Terjime eden: © Has TÜRKMEN.

Edebiýat, wagt tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir