Ymam Muhammet GAZALY

DILIÑ APATLARY
SYR SAKLAMAZLYK

Syry aýan etmek ezýet, zulum, tanyşlaryňa we dostlaryňyň hakyna garşy görkezilen gowşaklyk bolany üçin dinde gadagan edilendir. Pygmberimiz(S.A.W) şeýle diýipdir:
Biri gürriň edýärkä öwrilip töweregine seretse, onuň bu gürriňi, gürriňi diňleýäne amanat boldugyna yşarat eder(aýan etmegi haramdyr) (bu hadysy Ebu Dawud we Tirmizi rowaýat edipdir)
Mübärek Pygamberimiz Muhammet (S.A.W) hiç hili şertsiz şeýle aýdypdyr:
“Araňyzdaky gürriň amanatdyr” (rowaýat eden: ibn Ebu Dünýä)
Hasan Basry şeýle diýipdir: Biriniň syryny aýtmagyň haýynlykdyr. Şeýle rowaýat edýärler: Muawiýe dogany Utbäniň ogly Welide bir syryny aýtdy. Welit bolsa kakasyna şeýle diýipdir:
- Eý kakam! Möminleriň emiri maňa bir syryny aýtdy. Men onuň illerden gizlän syrlaryny senden gizlemeýändigini bilýän. Saňa ol syry aýdaýynmy?
-Eý ogul! Ol syry maňa aýtma! Çünki syr, saklanyňda seniňkidir. Ol syry açsaň ol seniň tersiňe bolar!
-Kakajan! Bu ýagdaý ata bilen ogulyň arasynada girýärmi?
-Ýok! Beýle zat ata bilen ogulyň arasyna girmez. Ýöne men seniň diliňi, syrlary aýtmak suraty bilen başyboşluga öwrenişmegini islämok!
Welit şeýle diýýär: Agam Muawiýäniň ýanyna bardym we oňa bu ýagdaýy aýtdym. Muawiýe maňa şeýle diýdi: “Eý Welit kakaň seni ýalňyşlygyň guly bolmakdan azat edipdir. Şol sebäpden syry aýan etmek haýynlykdyr.”
Şol sebäpden syr saklamazlykda başgasynyň zyýan görmegi bar bolsa haram bolýar. Eger başganyň zyýan görmegi ýok bolsa-da sylagsyzlyk boýar. Biz has öň Söhbet Edebi böliminde syry gizlemek hakda düzginlerden aýdypdyk. Bu ýerde ikinji gezek gaýtalamaklygy hökman hasap etmeýäris.


Terjime eden: ©Nureddin KESEARKAÇLY

Köneler, GaRa_TmyN tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir