✔ "Sensiz setirler..."

Ýene tenha gijeleñ tagamsyz çaýy bilen,
Tümlügiñ täk buýsanjy--ýaşmaksyz aýy bilen,
Wepadar ýalñyzlygyñ ylham serpaýy bilen,
Dümtünip keşde çekýän hakyda sapagyndan;
Ýene tenha gijeleñ tagamsyz çaýy bilen...

Göýä gapymy kakýa şemalyñ aýak sesi,
Ýa haýp tolgunýamyka kalbyñ goja höwesi?..
Bilmen, gyzdy:rmy eli umydyñ boş kisesi?
Elim sowuk kisede, diñşirgenýän ýene-de,
Gapymy kakyp gaçýa, şemalyñ aýak sesi...

Saña aýan ýyldyzym! Köpe geñsi ahwalym:
Tiken basan armanym, düýş deñzinde hyýalym,
Diwanda kyrkdan aşan--nobatdaky wysalym.
Ak bulutdan öýkeli nazarym saña düşýä;
Saña aýan ýyldyzym! Köpe geñsi ahwalym...

Bir görsediñ aýnada sensizligiñ mor ýükün..
Ýesir aldy ýapraklar gara gözümiñ kökün..
Wagt bolsa, çapyksuwar, ýöredýä öz
hökümin..
Gaşyn çytýa gijeler..şemalam hüñür-hüñür..
Bir görsediñ aýnada sensizligiñ mor ýükün!..

Taýmaz SEÝIDOW.

Köneler, wagt tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir