STAWROPOL TÜRKMENLERI
Olar Russiýanyñ Ýewropa bölegine 1653-nji ýylda Hywa hanlygyndan göçüp barypdyrlar. Mañgyşlagyñ, Astrahan sähralarynyñ üsti bilen Stawropol guberniýasynyñ demirgazygyna, Kum we Manyç derýalaryna baka geçip gidipdirler. 1653-nji ýylda Kawkaza 1665 öýli türkmen göçüpdir, 1790-njy ýylda bolsa ýene 64 öýlu türkmen we 80 öýli gazak göçüp barypdyr. 1863-nji ýylda Uly Barhanjyk (Большой Барханчак) we Kiçi Barhanjyk (Малый Барханчак) obalarynyñ düýbi tutulýar. M.Tumaýylowyñ belleýşi ýaly, on-on iki ýylyñ dowamynda 10-dan gowrak oba döräpdir. Ýene bir maglumata görä, Stawropol ülkesine 18 müñ öýli türkmen göçüp barypdyr. Olaryñ bir bölegi Aýuka hanyñ baştutanlygynda Hytaýa gidipdir. Stawropol ülkesinde Türkmen pristawlygy 1825-nji ýylda döredilýär (79:2).Astrahan gubernatorynyñ 1790-njy ýylda beren maglumatyna görä, şol döwürde 15.990 türkmen bolup, olaryñ 9086-sy erkek, 64448-si aýal adam ekeni. Olar igdirlerden, çowdurlardan, söýünajylardan ybarat bolupdyrlar. Özlerem çarwaçylyk bilen meşgullanypdyrlar. (63:5). Astrahan guberniýasynda ýurt tutan türkmenler Mañgyşlagyñ üsti bilen ýuwaş-ýuwaş mallaryny sürüp, öñki Stawropol guberniýasynyñ demirgazygyna süýşüp ugrapdyrlar we baryp Kum we Manyç derýalarynyñ ýakasyndaky öri meýdanlarda ýerleşipdirler. Olar bir öri meýdanyndan beýleki öri meýdanyna göçüp-gonup ýörüpdirler. Olaryñ gyşky öri meýdany Kum derýasynyñ ýakasy, tomuskysy Manyç derýasynyñ ýakasy bolupdyr. Olaryñ birini "Gyşlag ýer" ("Летняя Ставка") diýip atlandyrypdyrlar. Ol ýerler şu günki günem şeýle atlandyrylýar. (79:48:8-9).
Stawropol türkmenleriniñ XIX asyryñ ahyryndaky we XIX asyryñ başyndaky demografik ýagdaýyny ýörite öwrenen A.I.Ýarhonyñ pikirine görä, patyşa hökümetiniñ türkmenleriñ çarwaçylyk bilen meşgullanmaklaryny çäklendirmek hem-de olary oturymlylyga mejbury geçirmek babatda alyp baran syýasaty türkmen ilatynyñ sanynyñ kemelmegine getiripdir.(Seret: M.Durdyýew, Ş.Kadyrow "Dünýädäki türkmenler" (taryhy-demografik syn), 37-nji sahypadaky 8-nji tablisa, Aşgabat, "Harp", 1991 ý).Türkmenler nogaýlar, galmyklar, tatarlar we beýleki milletleriñ wekilleri bilen nikalaşypdyrlar. Munuñ sebäpleriniñ biri türkmen ilatynyñ arasynda zenan maşgalalaryñ az dogulmagy hem-de aýal önelgezsizliginiñ ýokary bolmagy bolupdyr. Mysal üçin, A.I.Ýarhonyñ maglumatlaryna görä, ülkäniñ rus ilatynyñ arasynda önelgesiz nikalar 1-5 ýyl ýaşaşan maşgalalarda 16,9 % bolan bolsa, edil şolar ýaly türkmen maşgalalarynda 59,3 %-e barabar bolupdyr. (85:250).1923-nji ýylda uly açlyk bolupdyr."...
Türkmenleriñ esasy mydary bolan mal-gara büs-bütin diýen ýaly ýok edilipdir, galan bölegi bolsa açlykdan gyrlypdyr. Ilat iýmäge ýaramly ähli ot-çöpi, hatda itdir pişigini-de iýipdir. Adamlar ähli öý goşlaryny satypdyrlar. Derde ýarar ýaly zat, hatda jaýlaryñ üçegi-de bir döwüm çörege çalşylypdyr. Adamlaryñ biri-birini iýen ýagdaýlary-da bolupdyr..." (Seret: 1).
Ларионов В. "Typкменская песня в Ставропольской степи". / Молодой ленинец. 13.06.1990 г;2). Бюллетень ЦСУ ТССР за 1928 г. N"12).1920-nji ýyl bilen deñeşdireniñde 1923-nji ýylda mal 97,6 % köp gyrlypdyr, ekin meýdanlarynyñ çägi bolsa degişli döwründen 97,3 % kemelipdir. Ilatyñ sany hem düýpli azalypdyr: 11 müñ 647 adamyñ üç müñe golaýy açlyk zerarly Dagystana göçüp gitmäge mejbur bolupdyr. Üç müñe golaý adam bolsa, açlykdan ölüpdir. 1924-nji ýylda hem ýene gurakçylyk bolup ýene-de biçäre bendeler açlykdan ölüpdirler. (Seret: ýokarky agzalan çeşmelerde).
Stawropol türkmenleriniñ durmuşy bilen baglanyşykly demografik maglumatlar oturymly ilatyñ köp ýogalmagynyñ olaryñ sanynyñ üzül-kesil azalmagyna getirendigini tassyklaýar. Mysal üçin, 1896-1906-njy ýyllar aralygynda, ýagny 11 ýyl içinde oturymly türkmen maşgalalarynda 4 müñ 645 adam doglup, 4 müñ 832 adamam ýogalypdyr. 1899-1906-njy ýyllar aralygynda, ýagny sekiz ýyl içinde çarwa türkmen maşgalalarynda 1012 adam doglup, 835 adamam ýogalypdyr. (Seret: Щеглов И.Л. "Туркмены и ногайцы Ставропольский губернии". Т I. Ставрополь-1910).
Häzirki wagtda Stawropol ülkesinde 12 müñden gowrak türkmen ýaşaýar. (maglumat köne - t.b.) Olar diñe Türkmen raýonynda däl, eýsem şol raýon bilen goñşuçylykdaky Arzygir, Ipatew, Blagodarnen, Nebitegum raýonlarynda hem ýaşaýarlar. (77-1).
▶ ASTRAHAN TÜRKMENLERI
1929-njy ýylyñ taryhy maglumatlaryna görä, astrahan türkmenleri çowdur, igdir we abdal tirelerinden ybaratdyr. Baryp 1811-nji ýylda 2.300 öýli türkmen Astrahan raýonyna göçmäge ejazat sorap, patyşa hökümetine ýüz tutupdyr. Emma olara rugsat berilmändir. Onsoñ 1,5 müñe golaý türkmen ol ýere "rugsatsyz" göçüp barypdyr. Olar Atal, Funtowa, Zaparewa hem-de Sokolowskoýe posýoloklarynda ýurt tutunypdyrlar. Soñraky ýyllarda astrahan türkmenleri hakynda maglumatlar az duş gelýär. Astrahan türkmenleriniñ (abdallar, igdirler, çowdurlar) sanynyñ 1927-nji ýylda 1.500 adam bolandygy hakynda maglumat bar. (42:104:47:27-28).
Marat DURDYÝEW,
Şöhrat KADYROW.
◆ ◆ ◆
♣ Goşmaça peýdalanmak üçin çeşmeler:
1. M.Durdyýew, Ş.Kadyrow "Dünýädäki türkmenler" (taryhy-demografik syn), Aşgabat, "Harp", 1991 ý; 
2. Ларионов В. "Typкменская песня в Ставропольской степи". / Молодой ленинец. 13.06.1990 г;
3. Бюллетень ЦСУ ТССР за 1928 г. N"124. Щеглов И.Л. "Туркмены и ногайцы Ставропольский губернии". Т I. Ставрополь-1910;
5. K. и М-ов. Туркмены Северного Кавказа. Астраханской губернии и Таджикистана. (Краткая историческая справка). / Туркменоведение. 1929. N"8-9. авг.-сент. Приложение.
6. Паньков И.Н. "Из истории ставропольких туркмен в 17-18 вв. (Новые материалы). Чарджоу-1960;
7. Петрусевич "Записки Кавказского Отделения Императорского Русского Географического общества" Кн. 11. вып. 1. Тифлис. 1880;8. Тумаилов "История ставропольских туркмен". Mосква-1925;9. Тумаилов "Ставропольские туркмены" // "Туркменская искра" gazetiniñ 29.08.1927-nji ýyldaky sany;

Köneler, wagt tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir