* * *

Bu ýollarda gitmerin men azaşyp,
Sebäp, bu ýol atalarmyñ ak ýoly.
Gije bolsun,
Gündiz bolsun, ýa öýle
Bu ýol ýagty saçýan nurlardan doly.

Bu ýol - ömrim, kalbymdaky ylhamym,
Bilim guşap, ýeñim çermäp haýdaýan.
Bu ýol - elmydama meniñ ganatym
Şöwir çekip gijelerde galgaýan.

Mazarda gutarmaz bu ýollañ soñy,
Ondan añryk bilmen, näçe menzil bar.
Al asmandan gut paýlaýan guşlaryñ -
Ganatynda soñlanmajak sena bar.

Owal Hudaý uly gürläp nädeýin,
Baglarynda miwesinden dadaýyn.
Eý Allam, atalañ guran ýolundan
Azaşman, müdimi bolup galaýyn.

©Nureddin KESEARKAÇLY

Köneler, GaRa_TmyN tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir