ÝÜREGIMI ÝUWSANA

Eje!
Gussalaryñ çañy basypdyr,
Eşiklem deý ýüregimi ýuwsana...
Ýadyñdamy?!
Ýadyñdadyr elbetde.
Çagajykkam
Ne tomsyñ jöwzasyn,
Ne gyşyñ garyn piñiñe-de alman,
Horaşaja külbämiziñ öñinde
(Nädip syganmyza häzirem haýran
Darajykdy, kiçijikdi öýmiz,
Ejemjan!)
Şo-ol köne legeni alyp ýanyña,
Mähir bilen eşiklermi ýuwardyñ.
Şonda seni hasam eziz görerdim...
Kyrk çilläñ garynda buz sallanardy
Gyñajyñdan bugdaý reñk giñ mañlaýyña...
Ah.
Ah.. Gaýratly ejem, şol wagtkyñ deý,
Maşyna salmada öz elleñ bilen,
Hem egsilmez yhlas hyjuwyñ bilen
Gel-de meniñ ýüregimi ýuwsana,
Pagşylladyp üstine suw guýsana.

© Nureddin KESEARKAÇLY

Köneler, GaRa_TmyN tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir